Hindistan Raketa Synagyny Geçirdi
Hindistanyň Goranmak ministrligi Jrystal Maze-2-niň üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirlendigini habar berdi.
Hindistan 250 kilometr menzilli balistiki raketa synagyny geçirdi.
Hindistanyň Goranmak ministrligi Jrystal Maze-2-niň üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirlendigini habar berdi.
Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, ady agzalýan orta menzilli balistiki raketa synagynyň operasiýa mümkinçiligini subut edendigi nygtaldy.
Hindistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Bharat Bhushan Babu X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, “Bu synag operasiýa taýarlygyna ünsi çekýär we tehnalogiýanyň ýeten sepdigini görkezýär” diýdi.
Hindistan 4-nji aprelde hem täze nesil ýerli balistiki raketa Agni Primiň üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirlendigini mälim edipdi.
Degişli Habarlar
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.