Russiýanyň günbataryna uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guraldy
Russiýanyň Woronež, Smolensk we Lipetsk sebitleriniň ýolbaşçylary "Ukraina degişli dronlaryň ýere gaçyrylmagy, ewakuasiýa we ýangyn" bilen bagly duýduryşlar berdiler
Smolensk sebitiniň gubernatory Wasiliý Anohin Telegram hasabyndan Ukraina degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň hüjümlerine sezewar galandyklaryny habar berdi. Anohin: "Duşmanyň energiýa desgalaryndaky raýat infrastrukturalaryna garşy guran hüjümleriniň netijesinde Smolensk we Ýartsewskiý raýonlarynda ýangyn boldy" diýip mälim etdi.
Lipetsk sebitiniň gubernatory Igor Artamonow hem bir uçarmansyz howa ulagynyň senagat desgasyna gaçandygyny özüniň Telegram hasabyndan ýazdy. Artamonow ýakyn öýlerde ýaşaýan adamlaryň öňüni alyş çäreleriň çäginde ewakuasiýa edilendigini, wakada hiç kimiň ýaralanmandygyny beýan etdi.
Woroneždäki nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýüze çykan ýangyn bilen bagly ilki başda hiç hili resmi beýannama berilmedi, emma sosial ulgamlarda şaýatlar tarapyndan alynan wideo we surat materiallar paýlaşylmaga başlanyndan birnäçe wagt soň bolsa 4 uçarmansyz howa ulagynyň ýere gaçyrylandygyny we hususy bir binada ýangynyň bolandygy aýan edildi.
Degişli Habarlar
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 225 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.