BMG-nyň baş sekretary ABŞ-daky protestler barada beýanat berdi

BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterriş ABŞ-daky Palestina goldaw berilip geçirilýän protestler bilen baglanşykly: "Uniwersitetler bu meselä paýhasly çemeleşmeli" diýip belledi

2134101
BMG-nyň baş sekretary ABŞ-daky protestler barada beýanat berdi

BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky binasynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

ABŞ-daky uniwersitetlerde Palestina goldaw berilip geçirilýän protestlerdäki polisiýa işgärleriniň reýdleri bilen bagly soraga Antoniu Guterriş: "Söz azatlygyny we parahatçylykly demonstrasiýa hukugyny kepillendirmek möhümdir" diýip belledi. 

Antoniu Guterriş beýleki tarapdan bolsa ýigrenç bilen bagly beýanatlaryň hem kabul edilmesizdigini beýan etdi. 

Özüniň döwlet tejribesiniň bardygyny aýdan Antoniu Guterriş: "Uniwersitetler bu meselä paýhasly çemeleşmeli" diýip belledi. 



Degişli Habarlar