Ýadigär Galan Ýazgylar 16

61453
Ýadigär Galan Ýazgylar 16

Nobatdaky gepleşigmizde Türk edebiýatynyň ýene bir görnükli wekili bolan Hoja Ahmet Fakyh we onuň eserleri barada gürrüň etmekçi. Bize goşulsaňyz minnetdar bolarys.

Hoja Ahmet Fakyh, 13-nji asyrda Anatoliýada ýaşap geçen sopy şahyrdyr we bu ýer-ýurtda orta çykan Türk edebiýatynyň düýbüni tutan şahsiýetlerden hasaplanylýar. Lakamynyň Fakyh bolmagy onuň medresede okanlygyny we din alymy bolandygyny görkezýär. Şahyryň ýaşaýşy barada doly maglumatymyz bolmasa-da Möwlewi we Bekdaşy sopularynyň terjimehalyny ýazan “mankyba“ kitaplarynda şol hakynda taryhy rowaýatlara duş gelinýär. Bu çeşmeleriň aýdyşyna görä, şahyr Horasandan ýagny Hazaraňyrsy Türkmenlerinden bolup, güýçli çaklamalara görä Mongol çozuşyndan gaçyp Anatoliýa gelipdir we Konýada Seljuklylaryň höküm sürýän ýerinde ýaşap geçipdir.

Ahmet Fakyh Mesnewi awtory we meşhur sopy şahyr Möwlananyň kakasy Bahaweddin Welediň huzurynda din ylmy sapagyny alypdyr we Fakyh lakamyna mynasyp bolupdyr we mundan başgada ussadyna we soňra onuň ogly Möwlana gol berip olaryň sopusy bolupdyr. Türkiýeli alym Osman Sertkaýanyň belleýşi boýunça ol 1252-nji ýylda ýogalypdyr. Mankybalarda onuň sopuçylykda tejribe eden tolgunmalary we hatda daga-daşa çykyp hylwat etmegi barada rowaýatlar bar. Ondan biziň günlerimize diňe iki şygyr kitaby gelip gowuşýar: Çarhnama adyndaky bir kasyda formasyndaky şygyr we “Sylagly Zyýaratgäleriň Waspy” adyndaky bir poema.

Çarhnama, 100 setirden ybarat bolan we kasyda görnüşinde ýazylan dini şygyrdyr. Eser diwan edebiýatynyň “Hezej” atly şygyr ölçegine görä ýazylypdyr we mazmuny boýunça dünýäniň panylygy, oňa aldanmasyzlygyň derbaýyslygy we ölümi ýatlap ahyrete taýýarlanmak ýaly dini hem ahlaky öwütleri öz içine alýar. Eser edebi taýdan ýönekeý bir poema hasaplanylsa-da, Anatoliýada dörän ilkinji Türkçe edebi eserleriň arasynda durmagy sebepli dil taryhy babatdan uly ähmiýete eýedir. Bu eserde gadym Anatoliýa Türkçesiniň ençeme dil häsiýetlerini saýgarmak bolar.

Çarhnamanyň teksti Egridirli Hajy Kemalyň Ja:mi-un Naza:ýyr atly şygyr ýygyndysynda berilen 100 beýitlik bir kasydadyr. Bir sahypasynyň gopup ýitmegi netijesinde bu şygyrdan diňe 83 setiri elimizdedir. Çarhnamany öz içine alýan golýazma, Istanbulda Beýazyt Döwlet Kitaphanasynda saklanylýar we ilkinji gezek Fuad Köprülü arkaly ylym dünýäsine tanadylyp, awtory barada toplanan maglumatlar bilen bilelikde 1926-njy ýylda çapa gowşurylypdyr. Köprülüden soňra başga alymlaryň goşulmagy bilen, Ahmet Fakyh we Çarhnama barada barlaglar dowam etdirilip, bu ugurda kitapdyr makalalar neşir edilipdir.

Şahyryň beýleki eseriniň ady, Owsa:f-i Mesa:jid- Şeri:fe bolup, “Sylagly Zyýaratgäleriň Waspy”manysyndadyr. Kitap edil Çarhnamanyň şygyr ölçeginde ýazylan 329 setirlik bir mesnewi, diýmek poemadyr. Aslynda bu eseriňem elimizdäki nusgasynyň käbir sahypalarynyň gopuklygy we netijede doly bolmandygy sebäpli, onuň originaly häzirki şeklinden has göwrümliräk bolmalydygyny aýtmak bolar. Saparnama häsiýetinde bolan bu eser, şahyryň bir näçe dosty bilen haja gidişini we Damask, Gudus, Medine we Mekke ýaly şäherlerdäki dürli mukaddes mekanlary zyýarat edişini beýan edýär. Bu poemada berilen maglumata görä şahyr Mekkeden gaýdyp gelişinde, 2 aýlap Gudusda galypdyr we soňra Konýa barypdyr.

Bu eseriň ýeketäk golýazmasy Britaniýa Muzeýiniň kitaphana bölüminde saklanylýan bir ýygyndynyň içindedir. Eser mesnewi şeklinde bolsa-da arasynda gazal ýa kasyda şygry şeklinde kapyýalandyrmalar bar. Bu bolsa şahyryň başga şygyr galyplarynda-da eseri we dogrusy diwanynyň bolmak ähtimalyny güýçlendirýär. Bu eserde şahyryň karakteri bütinleý ygtykatly bir din alymy görnüşinde suratlandyrylypdyr. Bu hajy saparnamasy deslap Hasibe Mazyoglu arkaly tapylyp ylym dünýäsine tanadyyp 1974-ünji ýylda neşir edilipdir.

Ahmet Fakyhyň ýaşaýşy we edebi durmuşy barada köp zat bilemzok we o döwürde bu ady göterýän bir näçe şahyryň ýaşap geçmegi bolsa, çeşmelerde berilen maglumatlaryň garyşyklygyna ýol açýar. Şo sebäpli-de şol barada alynyp barylýan barlaglarda seresaplyk bilen hereket etmek hökmany meseledir. Ýöne her näme-de bolsa, bu sopy şahyryň Horasandan ýagny Hazaraňyrsy Türkmenleriniň ýurdundan göçüp gelmegi we Anatoliýada Türk edebiýatynyň düýbüni tutan ilk şahsiýetleriň arasynda durmagy, bizi edebiýatymyzyň umumy taryhy kökleri barada ýene bir gezek oýlanmaga çagyrýan bir hakykatdyr.

Ahmet Fakyhyň Çarhnama eserinden bir bölegini bilelikde okalyň. Bu parçanyň köne dilini, häzirki Türkmençä biraz golaýlaşdyrmaga çalyşdyk:

Bilermisiň niçüýn geldiň jahana

Seni gulluk üçin ýaratdy Soltan[1]

Bu dünýäge niçüýn berk ýapyşarsyň

Seni ondan goparar çarh-y döwran[2]

Ne magrursyň jahanyň lezzetine

Niçe bir ýörüýersin[3] şad u handan

Ybadat kyl Hak üçin gije gündiz

Ybadatdyr bilersiň genj-i pynhan[4]

Geläýjek närse[5] geler çäre ýokdur

Gerek sen ýaş ýerine aglagyl gan

Ölüm bir gapydyr geçmek gerekdir

Barabar onda soltan bile çopan

Ýaradylan bu şerbetden dadynar

Uly kiçidir ol işlerde ýegsan[6]

Bu bir dertdir ki hiç derman tapylmaz

Alaç tapmadylar Bukrat-u Lukman

Nebi zyndan diýipdir dünýe üçin

Niçik rahat bolarka ehl-i zyndan[7]

Pygamber ýa weli gutulmady hiç

Ölüm şerbetin içip berdiler jan

Bize hut ne hasap olara nisbet

Ajaldan gaçmaga ýokdur bir imkan

Hudaýa! çün ölüme ugrarys biz

Aýyrma soňky demde sen imandan

Gör ölüm hakdyr elbetde ölersiň

Saňa derwüş! bu menlik geldi kaýdan[8]

Tewazug[9] eýle munda has-u a:ma

Ki bolmaz ýaly onda zar-u girýan

Size indiki duşuşygmyza çenli gözel günler arzuwlap, barçaňyzy haka tabşyrýarys.

 

[1]Ýagny hudaý

[2]Zamananyň aýlanyşy

[3]Ýörärsiň

[4]Gizli hazyna

[5]Zat

[6]Deň

[7]Türmedäki adamlar

[8]Nireden

[9]Kiçipällilik

Shahrouz Aghatabai


Etiketkalar:

Degişli Habarlar