Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 72

Türkiýe 12-nji prezidentiniň saýlawyna tarap tolgunmak bilen öňe barýar.

68656
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 72

Türkiýe 12-nji prezidentiniň saýlawyna tarap tolgunmak bilen öňe barýar. Bu gezek prezident 11-den tapawutly usul bilen saýlanar. Ozalky 11 prezident Mejlisdäki halk deputatlary tarapyndan saýlanan bolsa, 12-nji prezidenti gönüden göni halk saýlar. Bu üýgetmäniň esasy sebäbi, ozalky saýlaw tapgyrlarynda başdan geçirilen anti-demokrtik tejriberlerdir. Mysal üçin 2007-nji ýyldaky prezident saýlawynyň öň ýanynda konstitutsiýada bolmadyk düzgün ýüze çykarylypdy. Şol sebäpli ýurtda we Mejlisde dartgynlyk emele gelipdi. Şol dartgynlyk sebäpli saýlaw etaby çykgynsyzlaşypdy. İne şol waka sebäpli prezidentiň Mejlisiň deregine gönüden halk tarapyndan saýlanmagy barasynda referendum geçirildi we kabul edildi. Şol karar ilkinji gezek şu ýyl durmuşa geçiriler. Şoňa laýyklykda iki tapgyrly saýlaw geçiriler. Birinji tapgyrda az bolanda 50+1 ses alan dalaşgär bolman halatynda, ikinji tapgyrda iň köp ses alan iki dalaşgär bäsleşer we iň köp sesi alan saýlanar. Birinji tapgyry 2014-nji ýylyň 10-njy awgustynda we ikinji tapgyry 24-nji awgustda geçiriljek saýlawlarda 12-nji prezident saýlanar.
Emma bu saýlawda kimleriň bäsleşjekdigi heniz belli däl. Ýokary saýlaw geňeşi dalaşgärleriň 3-nji iýula çenli kesgitlenmegi barada karar kabul etdi. İndi dalaşgärleriň kesgitlenme tapgyry dowam edýär. Syýasy gün tertibi haýsy partiýanyň kimi dalaşgärlige hödürlejekdigine gönükdi. Bar bolan şertlere seredilende häkimiýet başyndaky Adalat we ösüş partiýasynyň Premýer ministr R.T.Erdogana gönügendigi görülýär. Emma ikinji bir dalaşgäriň ady agzalmaýar.
Şol çäkde 12-nji prezident saýlawlarynyň özboluşlygyna, gün tertibine we beýleki ugurlaryna gysgaça ser salyp bileris.

İlki bilen saýlaw usulynyň ähmiýetini nygtamak ýerli bolsa gerek. Adyndan hem belli bolşy ýaly halkyň baştutany saýlanýar. Bu saýlawyň iň dogry, gyşarnyksyz, demokratik usulynyň halkyň gönüden saýlamagydygyna şek-şübhe bolmasa gerek. Halkyň baştutanynyň gönüden halk tarapyndan saýlanmagy diýseň demokratik usul. Türkiýede prezident dolanşygy bolmasa hem gönüden saýlawyň parlamentar ulgama bap gelmeýän tarapy. Ýok belki konstitutsiýada we kanunlarda käbir boşluklar bar hem bolsa, olaryň wagtyň geçmegi bilen düzedilip bilner. Hat-da konstitusiýanyň täze prezident ulgamyna görä üýtgedilmegi hökmany bolar. Şol üýgetmänin geljekki döwürde Mejlisiň düzümine görä edilmegi mümkin bolup biler. 

Halkyň prezidenti gönüden göni saýlamagy, Türkiýede demokratiýa medeniýetini hem üýtgedip biler. Sebäbi halkyň esasy böleginiň goldawyny alan prezident, halkyň syýasatdaky beýanyny has-da güýçlendirer. ABŞ ýaly prezident saýlawlarynda onuň nusgalary doly görüler. Halkyň esasy bölegi tarapyndan goldanýan prezidentiň ynamy has ýokary, psihiki goldawy we borjy has güýçli bolar.
Bu saýlaw tapgyrynda başdan geçirilýän gowy tarapy hem dalaşgärleriň we diskussiýalaryň demokratik şertlerde bolmagy. Ähli syýasy partiýalar we liderler prezidentiň halkyň içinde saýlanmalydygyny aýdýarlar. Geçen döwürler bilen deňeşdirilende bu Türkiýäniň syýasatynda düýpli özgerlişik hasaplanylýar.
Dowam edýän saýlaw tapgyrynda dalaşgärleriň kim boljakdygy kesgitlenmedi. Emma analizler we habarlar arkaly dalaşgärleriň kimler boljakdygy barada pikir ýöretmek mümkin. Şoňa laýyklykda Adalat we ösüş partiýasy dalaşgärini yglan etmedik hem bolsa, Premýer ministr Erdoganyň bolma ähtimallygy ýokary.
Emma oppozision partiýalarynyň dalaşgärleri barasynda hiç hili konkretlik ýok. Mejlisde wekilçilik edilýän Respublikan halk partiýasynyň, Milletçi hereket partiýasynyň we Halkyň demokratik partiýasynyň kimi dalaşgär görkezjekdigi belli däl. Partiýalaryň kimi dalaşgärlige hödürlejekdigi, esasanda partiýalaryň ýolbaşçylarynyň özleriniň dalaşgär bolup bolmajakdyklary näbelli. Emma şu günlerde ýygy-ýygydan gün tertibine getirilýän ýokary dalaşgär formulasy bar. Respublikan halk partiýasy bilen Milletçi hereket partiýasynyň bilelikde bir dalaşgär hödürlejekdigi öňe sürülýär. Ýokary dalaşgär diýmek, şol partiýalar tarapyndan goldanjak bilelikdäki dalaşgär diýmekligi aňladýar. Emma bu barasynda şu soraglar soralýar: Ýokary dalaşgär nähili bolar? Milletçi we sosial-demokrat partiýalaryň tarapdarlaryna wekilçilik edip biljek dalaşgär tapylarmyka? Şeýle ýokary dalaşgär beýleki saýlawçylaryň goldawyny alyp bilermikä? Şol dalaşgäriň profili nähili bolarka? İne şu soraglaryň ählisiniň jogaby gyzykly.
Prezident saýlawy diňe bir adamyň saýlawy däl. Şol bir wagtda Türkiýäniň geljegini gyzyklandyrýan saýlaw. Pozisiýany laýyklykda Türkiýäniň agzybirligini, bitewiligini, milliligini hat-da güýjüni görkezýär. Şol özboluşlyklara eýe bolan prezident, ýurtda we sebitde durnuklylykdyr howpsyzly üçin esasy aktýordyr. Şol sebäpli saýlanjak prezident elbetde az bolanda 50+1 ses almaly. Emma ol ýeterlik däl. Şol wagtda halkyň umumy garaýyşyny, pikirini we özboluşlygyny hem bütin dünýä ýaňzydyp biljek özboluşlyga eýe bolmaly. İçeri we daşary syýasat barasynda tejribeli bolmagy, dünýäni we sebiti ýakyndan tanamagy, dünýäden goldaw alyp biljek güýje eýe bolmagy peýdalydyr. Mundan başgada syýasy taýan hem tejribeli bolmalydyr.
Esasy mesele bolsa saýlaw etabynyň asuda ýagdaýda geçmegidir. Elbetde saýlaw etabynda her bir adamyň we toparyň öz garaýşyny beýan etmek hukugy bardyr. Emma saýlaw etabyna päsgel berip biljek tagallalardan gaça durulmagy gerek.
Täze Prezident Türkiýede täze döwrüň başlangyjy bolar. Prezident saýlawyndan soň Türkiýäniň syýasy gün tertibi has hereketli bolmaga dowam eder. Türkiýäniň içeri we daşary syýasatynda möhüm özgerlişikler başdan geçirler. İçeri syýasatda 2015-nji ýylda halk deputatlary saýlawlary geçirler we täze hökümet gurlar. Daşary syýasatda bolsa Siriýa, Yrak meselesi bilen birlikde Ermeni meselesi gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam eder. Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby, ykdysady durnuklylyk, demokratiýalaşma ýaly ugurlar hem gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar