Ýatlamalar we Atatürk 20

M.Kemal ösümlikdir haýwanat dünýäsini diýseň söýerdi

77544
Ýatlamalar we Atatürk 20

 “Eger-de watan diýilýän zat, gury daglardan, daşlardan, ekilmedik meýdanlardan, ýalaňaç düzlüklerden, şäherdir obalardan ybarat bolan bolsady, onyň azyndan tapawudy bolmazdy” diýen beýik döwlet adamsy M.Kemalyň belli aýratynlyklarynyň biri hem tebigaty söýüjiligidi. Ol ösümlikdir haýwanat dünýäsini diýseň söýerdi.
Respublikany guranlaryň Ankarany paýtagt hökmünde saýlap almaklarynyň aňyrsynda düşünje, hakyky manydaky döwrebaplaşma pikiridi. Bu sebäpli Atatürkiň göz öňünde tutan şäher durmuşy, adam hukuklarynyň dolylygyna erkana görnüşde ulanylmagyna mümkinçilik berýän medeni şäher durmuşydy. Onyň Ankarany dörebap şäher hökmünde görmek islegi, şäheriň mümkin gadar agaçlandyrylmagy bilen özleşendir. Munyň iň anyk mysallaryndan biri hem Atatürk Tokaý Hojalygy, Gençlik Parky, Gippadrom we Ankara şaýollarynyň agaçlandyrylmagy dogursyndaky tagalladyr.
Atatürk, ömrüniň soňky günlerinde hem gök öwüsýän ösümleriň arasynda bolma islegini ýitiren däldir. Ösümlikleri bolşy ýaly parahatçylygy hem söýen Atatürkiň Ýadygärlik Gubyryna dünýä halklarynyň ýollan nahallaryndan emele gelen Parahatçylyk Parky, aradan çykmagyndan soň Atatürkiň şahsyýeti bilen jebisleşendir.
Dünýäde güle ady berilen ýeke-täk lider Atatürkdir. 1933-nji ýylyň iýun aýynyň 23-de çykan Jemhuriýet gazedindäki habara görä ABŞ-da Wanberdit Uniwersitetiniň profesorlaryndan Dr. Kirk Landin, bir gül ösdürip ýetişdirdi. Bu güle dakmak üçin adam adyny gözleýärkä, ýanyndaky alym dosty güliň adynyň Gazy Atatürk bolmagyny teklip etdi. Prof.Wanderbidiň dosty, Türkiýede Atatürk bilen tanyşyp, onyň tebigat bilen baglanşykly sowadyna we tebigata bolan süýgisine haýran galypdy. Wanderbit, dostunyň bu teklibini degişli bölüme aýan etdi we Atatürkiň eden işleri barada maglumat berdi. Ýygnagyň soňynda Prof.Wanderbidiñ güline Gazy Atatürk adynyň berilmegine bir agyzdan karar berildi. Dünýäniň her bir ýurdunda bu gül bu at bilen öndürilmäge we satylmaga başlandy.
Ösüş tagallalarynda şäherleriň medeni derejä ýetirilmeginde hem Atatürkiň roly uly bolandyr. Ankara munyň iň anyk mysallaryndan biridir.
Ankara respublikadan öň, ähli medeni aýratynlykdan mahrum, ýeterlik suwy bolmadyk, tozanly harasatlary bilen tanalýan, tas agaçsyz diýlen ýaly, boz şäherçedi. Öýlerde guýy suwy ulanylýardy. Öýünde guýysy bolmadyklar suwy mähelläniň çeşmelerinde daşardy.
Atatürkiň gyzlygy bolan Prof.dr.Afet İnan ýatlamalarynda şeýle diýýär:
“1919-njy ýylda Atatürk Ankaranyň diýseň agaçsyz bolandygyny aýtdy. Emma ol seýrek gabat gelýän agaçlary görip, bu ýerde agaç ösdürilip bilinjekdigine göz ýetiripdi. Ol, öňki ady Orman Çiftligi bolan ýerde, tokaý ösdürip ýetişdirmegi özüne maksat edinipdi. Onyň üçin her bir agaç täze, gymmatly barlykdy. Olaryň ösüp, kemala gelendigini görmek, oňa ideýasynyň durmuşa geçişini görme bagtyýarlygyny başdan geçirdýärdi. Gazi Tokaý Hojalygy, adamlaryň islegdir ygtyýarlary bilen, tebigaty abadanlaşdyryş we bereketlendirme güýjiniň mysalydyr.
Atatürk, Stambulda uly agaçlary gören mahaly ýylgyryp şeýle diýerdi: “Bularam gowy welin, biz ýapraklarynyň şahalarynyň her ýyl nähili ulalýandygyny görýän agaçlarymyzy has gowy görýäris.”
Bahar möwsümlerinden birinde, Çankaýanyň köne köşküniň öňünde täze oturdylan akatsiýa agaçlaryny bagban pudapdy. Atatürk bu aşa pudamany halamandy. Ol, elmydama agaçlary ulyka görmegi arzuw edýärdi. Öz adyny göterýän Atatürk bulwaryna arça nahallary oturdylan mahaly diýseň begenipdi. “Bular tutaýsa, Ankaranyň gyşyn-ýazyn gök öwüsjek tebigy baýlygy bolar” diýipdi. Ol arçalary Ankaranyň täze döwrüniň taryhy hökmünde görýärdi.”
Atatürkiň tebigaty, agaçlary söýmeginiň iň esasy mysallaryndan biri bolan Atatürk Orman Çiftligi atly fermer hojalygynyň döredilmeginiň maksady, nusga hojalyk hökmünde açylyp, ýeriň kämilleşdirilmegi, wagt geçirmek, dynç almaklyk maksady bilen halka açyk ýerleriň döredilmegidi. Atatürk, 1925-nji ýylda öz aýlygy bilen fermer hojalygyň bu günki ýerini satyn aldy. Bu ýer şol ýyllarda ortasyndan demirýol geçýän, batgalyk we boş ýerdi.
Atatürk bu ýere nusgalyk hojalyk açyp, agaçdyr beýleki ösümlikleri ekdirende daş töweregindäkiler garşy çykdylar. Hünärmenler hem oňa bu ýerleriň batgalyk, ýekenlik we ýabany haýwanlardan doly bolandygyny, adamlar üçin köp sanly hassalygyň sebäbine öwrülip biljekdigini aýtdylar. Fermer hojalygyň bu ýerde açylmagyna garşy çykdylar. Bu pikirlerini hem “Serkerdäm bu ýeri düzetmek ýa siziň pulyňyzy gutarar, ýa-da wagtyňyzy ýitirder” diýmek bilen beýan etdiler. Nähili ýalňyşandyklaryna göz ýetirmekleri üçin köp wagt gerek bolmady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar