Ýewraziýa syn 22

Şanhaýda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlyk we ynamy güýlendiriji çäreler konferensiýasynyň jemleri

78936
Ýewraziýa syn 22

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Şanhaý şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlyk we ynamy güýlendiriji çäreler konferensiýasynyň jemleri barasynda durup geçmek isleýäris.
Aziýada hyzmatdaşlyk we ynamy güýlendiriji çäreler konferensiýasynyň döwlet we höklümet ýolbaşçylarynyň 4-nji maslahaty 2014-nji ýylyň maý aýynyň 20-21-i aralygynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirildi. İlki bilen Aziýada hyzmatdaşlyk we ynamy güýlendiriji çäreler konferensiýasy guramasynyň taryhçasy barasynda gysgaça maglumat bermek isleýäris.
Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan 1992-nji ýylda BMG-nyň 47-nji sessiýasynda teklip edilen Aziýada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk başlangyjy Gazagystanyň utgaşdyryjylygynda 1993-nji ýylda döredilýär. Başlangyjyň maksady Aziýada Ýewropada hyzmatdaşlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna meňzeş guramanyň düýbüni tutmakdan ybaratdy. Bu etap sözüň doly manysynda maksadyna ýetmedi. Emma soňky ýyllarda depgini güýçlendi. Aziýada hyzmatdaşlyk we ynamy güýlendiriji çäreler konferensiýasy guramasy dünýäniň ilatynyň 67 göterimini, Aziýadaky ýurtlaryň 90 göterimini, başga bir söz bilen aýdylanda 4 milliarda barabar ilaty özünde jemleýär. Guramanyň 26 agzasy bar. 4 sany halkara guramasy synçy derejesine eýe. Katar we Bangladeş 20-21-nji maý aralygynda geçirilen maslahatda agzalyga saýlandy.
Türkiýe soňky 4 ýylda guramanyň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirdi. Maslahatda Türkiýä Soma etrabyndaky magdan pajygasy sebäpli Prezident Abdulla Gülüň ýerine daşary işler ministri Ahmet Dawutogly wekilçilik etdi. Türkiýäniň döwürleýin ýolbaşçylygynda syýasy-harby, ykdysadyýet, daşky gurşaw, terrorçylyk we adam söwdasy ýaly ugurlarda ynamy güýçlendiriji çäreleriň görülmegi boýunça ýokary derejeli işler durmuşa geçirildi. Daşary işler ministrleriniň derejesinde 2 ýyldan bir gezek maslahatlar geçirildi. Ýokary derejede 16 toparyň maslahaty bilen birlikde 3 sany işewürler maslahaty we köp sanly seminarlar geçirildi. Türkiýäniň döwürleýin ýolbaşçylygynda, şol wagta çenli aktiw bolmadyk syýasy we harby ynamy güýçlendiriji çäreler Türkiýe tarapyndan hödürlenen teklipleriň kabul edilmegi bilen işjeňleşdi.
Şanhaýda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlyk we ynamy güýlendiriji çäreler konferensiýasy guramasynyň maslahatyna döwlet ýolbaşçylary uly gyzyklanma görkezdiler. 24 ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary gönüden göni gatnaşdylar. BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun hem maslahatyň çäginde özara duşuşyklar geçirdi. Gurama esasy maslahatyny metbugata ýapyk häsýetde geçirendigine garamazdan müňe golaý žurnalist maslahata gatnaşdy. Döwürleýin ýolbaşçylyk 2 ýyl möhlet bilen Hytaýa berildi. Maslahatyň ahyrynda taraplaryň strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek we sebitde howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi barasynda Şanhaý jarnamasy kabul edildi.
Maslahatyň çäginde geçirilen ikiçäk duşuşyklar we gol çekişilen ylalaşyklar maslahatdan köp seslenme döretdi. Elbetde maslatyň iň bähbitli iki ýurdy Russiýa we Hytaý boldy. Russiýa bilen Hytaýyň arasynda awiasiýadan suwgaldyrlan gaz önümçiligine çenli dürli ugurlarda 50-den gowrak şertnama baglaşyldy. Taraplar Ýewropanyň Airbas we Amerikanyň Boing uçarlary bilen bäsleşip biljek giň bortly uçary bilelikde öndürmek barasynda ylalaşdy. Sibirden rus tebigy gazynyň Hytaýa akdyrylmagy barasynda 400 milliard dollarlyk ägirt uly şertnama baglaşyldy. Şeýlelikde Rusiýa günbatarlylara inçe bir ýüzlenme berdi. Russiýa global syýasatda energetika kartyny diýseň ussatlyk bilen oýnaýar. İndi Aziýada täze energetika balansy gün tertibine geldi. Mundan beýläk deňagramlygyň üpjün edilmeginde Orta Aziýa ýurtlarynyň pozisiýasy has-da kesgitleýji bolar.
Barak Obama aprel aýynda Aziýa ýurtlaryna sapar gurap, sebitdäki hyzmatdaşlaryna Hytaý bilen bolan düşnüşmezliklerde olara goldaw berjekdigini duýdurypdy. Russiýa we Hytaý maý aýynyň 20-26-sy aralygynda bilelikdäki “Umumy deňiz 2014” harby türgenleşigini geçirdi. Şol türgenleşik Russiýa we Hytaý tarapyndan sebitde geçirilen ilkinji türgenleşik bolmaýşy ýaly soňkusy hem bolmajaga meňzeýär. Üssesine Fransiýa tarapyndan BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşine hödürlenen soňky Siriýa taslamasy Hytaý tarapyndan hem weto edildi.
Russiýa Federasiýasynyň Wise-premýeri Arkadi Dworkowiç Russiýanyň we Hytaýyň iki ýurduň walýuta ätiýajynyň dolandyrylmagynda peýdalanyljak mehanizmler barasynda pikir alyşýandygyny aýtdy. Beýleki tarapdan “Russiýa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda raýatlaryň syýahadyny ýeňilleşdiriji şertnama” atly federal kanun güýje girdi.
Gysgaça beýan edilende Ukraina meselesi Russiýa bilen Hytaýy biri-birine ýakynlaşdyrdy. Owganystanyň geljegi hem edil şonuň ýaly iki ýurdy jebisleşdiren esasy sebäplerden biri hökmünde gün tertibindäki ähmiýetini gorap saklaýar. Ähli zada garamazdan Russiýa-Hytaý ýakynlaşmasynyň mejbury ýakynlaşmadygy ýatdan çykarylmaly däl.
Putin Şanhaýda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlyk we ynamy güýlendiriji çäreler konferensiýasy guramasynyň maslahatynda Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşdy. Ynamdar çeşmelerden biri 2014-nji ýylda Eýranda goşmaça 8 sany ýadro reaktorynyň gurulmagy barasynda şertnamanyň baglaşyljakdygyny, ylalaşyk boýunça soňky taýarlyklaryň görülýändigini mälim etdi.
“Täze Ýüpek Ýoly” taslamasyny teklip edip, duýdansyzja pozisiýasyny güýçlendirmäe başlan Hytaý bitarap syýasat alyp barýan Türkmenistan bilen Şanhaýda “Strategik Hyzmatdaşlyk” şertnamasyny baglaşmagyň hötdesinden geldi. Şeýlede Hyýtaýyň we Gyrgyz Respublikasynyň liderleri Gyrgyzistanyň günortasy bilen demirgazygyny birleşdirýän 50 million dollarlyk alternatiw awtoýol taslamasynyň durmuşa geçirilmegi barasynda ylalaşdylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar