Türkiýede bilim 20

Gaziantep bilim almak isleýänlere nämeleri hödürleýärkä?

84017
Türkiýede bilim 20

“Bu şäheri gürrün bermäge ne dil ne-de galam ýeter.”
Türkiýede bilim atly tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanyna başlaýarys.
Mälim bolşy ýaly gepleşigimiz 32 dilde ýaýlyma berilýär. Radio gepleşigimiz bilen birlikde halkara bilim şertleri we Türkiýede bilim almak bilen bagly wideo söhbetdeşliklerimize hem-de has giňişleýin maglumata facebookda “TRT Horaýzn” sahypasyndan tomaşa edip bilersiňiz.
Gepleşigimiziň bu sanyna Öwülýä Çelebiniň mundan 350 ýyl ozal Gaziantep şäheri barasynda ýazan sözleri bilen başladyk. Öwülýä Çelebi bu şäheri “Dünýäniň göreji” atlandyrypdyr. İne biz hem gepleşigimiziň bu sanynda size Gaziantep barasynda maglumat bermek isleýäris. Göreliň bakalyň Gaziantep bilim almak isleýänlere nämeleri hödürleýärkä?
Türkiýäniň ululyk taýdan 6-njy şäheri bolan Gaziantep ilaty we ykdysady potensialy taýdan metropol aýratynlygyna eýe.
Anadolynyň ilkinji ýaşaýyş sebitlerinden biri bolan Gaziantep, sebitde gurlan onlarça swilizasiýa degişli eserleri biziň günlerimize çenli gelip ýetiripdir.
Gaziantebiň ilkinji swilizasiýalaryň ýüze çykan ýerleri bolan Messopotamiýa bilen Ortaýer deňziniň arasynda ýerleşmegi, günortadan we Ortaýer denzinden gündogara, demirgazyga we günbatara gidýän ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi, Taryhy ýüpek ýolunyň ugrunda bolmagy swilizasiýa taryhyny we şu günki güni ugrukdyrýar. Şeýle-de her bir döwürde medeniýet we söwda merkezi aýratynlygyny gorap saklapdyr.
Elenistik, Rim we Wizantiýa döwürlerinden Zeugma ýaly köp sanly gadymy ýaşaýyş ýerleriniň galyndylary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Seljuklar, Mamluklar we Osman imperiýasy döwründe köp sanly metjit, medrese we hammam galypdyr. Şäher şol bir wagtda önümçilik, söwda we el hünärleri taýdan-da ösen. Häzirki döwürde-de taryhy dükanlar we hammamlar öz funksiýasyny dowam etdirýär. Söwdanyň we esasanda el hünärine gabat gelinmeýän baý hünärleriniň dowam etdirilýän ýerleri hökmünde iş alyp barýar. Şol döwrüň ybadathanalary bolsa bütin kaşaňlygy bilen durkuny gorap saklaýar. Dünýä aşhanalarynyň hatarynda özboluşly ýere eýe bolan, ýyllaryň dowamynda däplerini we ýerli tagamlarynyň baýlygyny gorap saklan Gaziantebin aşhanasy, syýahatçylyk pudagynda-da esasy orny eýeleýär.
İlkiler Antep atlandyrylan şäher Azat edijilik urşunda halkyň görkezen gahrymançylygy sebäpli “gazy” ýagny kazy derejesini alýar.
Gaziantebiň taryhy we medeni baýlyklary barasynda gysgaça maglumat berenden soň indi nobat Gaziantepde ýokary bilim mümkinçiliklerine geldi. Gaziantepde ilki bilen Gaziantep uniwersitetine baryp gördük.
İlki bilen Gaziantep uniwersitetinin rektory, professor doktor Mehmet Ýawuz Joşkun bilen duşuşdyk.
Hormatly rektordan ilki bilen Gaziantep ýaly baý şäherde rektor bolmagyň nähilidigini soradyk:
“Gaziantep Türkiýäniň esasy şäherlerinden biri. Senagatyň we söwdanyň merkezi bolşy ýaly, syýahatyň we taryhyň, medeniýetiň, esasanda agzybir ýaşaýyş medeniýetiniň we sosial barlyşygyň, önümçiligiň, taryhda-da göreşiň, Azat edijilik söweşimizdäki göreşiň merkezi hökmünde Türkiýäniň esasy şäherlerinden biri. Häzirki wagtda 1,6 million ilaty we ýokary önümçilik, 7 milliard dollardan geçýän önümçilik we bütin dünýä 170 ýurda eksport edýän, önüm görnüşi diýseň giň bolan senagat merkezidigini ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Diňe bulardan ybarat däl. Dünýäde deňsiz-taýsyz Zeugma mozaika muzeýi hem Gaziantepde ýerleşýär. Türkiýäniň ululyk we baýlyk taýdan 6-njy şäheri.”
Gaziantep uniwersitetinin rektory, professor doktor Mehmet Ýawuz Joşkuna indiki soragymyz şäheriň daşary ýurtly talyplar üçin bolan aýratynlygy barasynda boldy:
“İlki bilen şuny nygtamak isleýärin: Gaziantep uniwersiteti döwlet uniwersiteti we kompleks uniwersitet. Ýagny ähili ugurda bilim berýän okuw jaýy. Daşary ýurtly talyplarymyzyň ýa-da türkiýeli talyplarymyzyň isleg bildirmeginiň sebäbine gelenimizde bolsa: Parlaýan ýyldyz hökmünde häsýetlendirilýän Gaziantep uniwersiteti özüne mahsus däbi bolan, doly ornaşan we Türkiýäniň belli uniwersitetlerinden biri. 1973-nji ýylda Ýakyn Gündogar Tehniki uniwersitetiniň bazasynda döredilen, ýetilen sepgitde 15 fakulteti, 10 ýokary hünärmen mekdebi, 4 doly däl ýokary okuw jaýy, institutlary, bakalawr, magistratura, doktorlyk we post doktorlyk programmalary bilen indi Türkiýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerinden biri.”
Eýsem Gaziantep uniwersiteti üstünlik sanawynda nähili orun eýeleýärkä?
“Hem dünýä seljeriş ulgamlaryna seredilende, hem-de Türkiýedäki seljeriş ulgamlaryna seredilende Medisina fakulteti bolan uniwersitetleriň hatarynda birinji onlukda orun alýarys. Ylmy işler taýdan seredilende we mugallym başyna düşýän halkara neşir indeksleri taýdan seredilende bolsa 5-6-njy ýerde durýarys.”
Gepleşigimiz üçin berilen wagtyň soňuna geldik. Gaziantep we Gaziantep uniwersitetinde geçiren wagtymyz elbetde munuň bilen çäkli däl. Gepleşigimiziň geljek sanynda Gaziantep uniwersitetinin rektory, Professor Doktor Mehmet Ýawuz Joşkun bilen geçirilen sohbetdeşligimiziň ikinji bölegini dykgatyňyza ýetireris.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar