Demirgazyk Egeýe Syýahat 08

Gaz dagynyñ öwüşgünleri we baýlygy baradaky täsin gürrüñleri dykgatyñyza ýetirmäge dowam edýäris

84290
Demirgazyk Egeýe Syýahat 08

Bir hakykat bar welin ol hem rowaýatlaryñ, ynançlaryñ, ertekileriñ, adaty motiwleriñ we nyşanlaryñ, simwollaryñ ýeke-ýekeden ýitilmäge başlan döwründe Gaz dagy ozalky medeni aýratynlygyny biziñ günlerimize çenli dowam etdirip, baýlygy bilen aýratynlyk görkezýär. Maddy gymmatlyklaryñ ählisiniñ gurşalandygyna garamazdan Gaz dagynyñ rowaýatlary we däp-dessurlary, adatlary, söýgi bilen ýaşalan durmuşlaryñ, ykballaryñ ýatlamasyny ähli janlylygy bilen ýaşaýar, ýaşadýar. Baý mifalogiýa we taryha eýe bolan Gaz dagy, geçmişiñ tapawutly, özboluşly medeniýetlerini gorap, ýitip gitmegiñ bäri ýanynda bolan käbir gymmatlyklaryñ aýamyzyñ içinden uçup gitmegine rugsat bermeýär. Sarygyz haýyrlary hem ine şol gymmatlyklaryñ goralmagy ugrunda her ýylyñ awgust aýynda özünde bar bolan ýürek joşguny bilen dowam edýär. Türkmenleriñ bu täsin we erkin durmuşlarynyñ bir bölegini ýadyñyza düşýän bolsa gepleşigimiziñ geçen sanlarynda gürrüñ beripdik. Hatda Edremidiñ Güre etrabynda geçirlen dabara barasynda hem durup geçipdik.
Gepleşigimiziñ bu günki sanynda ýene-de Güre obasynda myhmançylykda. Adynyń anadolyly Kura ýagny Kuwaý-pajüe ene tañryça adyndan gelip çykýandygy aýdylýan Güre etrabyndan hemmäñize salam bolsun. Ýyly suwly bejeriş sanatoriýasy bilen meşhurlyk gazanan Güre obasynyñ gadymy döwrüñ soñky ýyllaryndaky ady Bagys bolupdyr. Bu at käbir ylmy barlagçylara görä Prigiýa diliniñ tañry manysyndaky sözüniñ Elen diýalektine esaslanýan görnüşi. Şäheriñ beýleki gadymy adynyñ hem şol tañry bilen arabaglanşykly bolmagy şeýle esasa sebäp döredýär.
Rim arhitekturasynyñ özboluşly nusgalaryny özünde jemleýän binalary, suw aryklarynyñ daş plitalar bilen düşelen ýollary bilen uzalan, her ädimde duş gelýän çeşmelerden akýan ýyly, şypaly suwlary bilen Güre obasy, hakykatdan hem örän obadan we ýakymly oba.
Obanyñ içindäki täzeden abatlanan amfi-teatr bilen gadymy hammanyñ galyndysy ol ýeriniñ gadymy taryha eýedigini görkezýär. Gadymy çeşmelerde Misiýa atlandyrylan sebitde ýerleşýän Güre, hakykatdan hem daş-töweregindäki birnäçe galyndylary bilen b. e. öñki ýüzlerçe ýyllyk taryha eýe.
Meşhur geografiýaçy Strabonyñ gürrüñini edýän Astira şäheri gadymy döwürde Antandros ýagny häzirki Altyn Oluk obasy bilen Adralikion ýagny Edremidiñ arasyndaky kiçijik oturymly ýerdir we Rim döwründäki ýyly suwy bilen häzirki döwürde Güre ady bilen tanalýan ýyly suwy bilen meşhur. Strabon bilen Ramsaýyñ belläp geçişi ýaly Astira oturymly ýerine degişli galyndylaryñ dowamyny Güre we Tagtaguşlar obasynyñ töwereklerindäki depelerde görmek mümkin.
B. e.öñk 4-nji asyra degişli bolan reńkli grek keramikalarynyñ bölekleri, köp sanly toýundan ýasalan gap-çanaklar, sebitdäki turşy suw hökmünde tanalýan mineral suwly çeşmäniñ aşagy dege-dege we içinde gaýadan oýulan oturma ýerleri tapylan gowaklar we ägirt küýze sebitde gadymy döwürlerde hem ýaşaýşyñ bolandygyny görkezýän delillerden käbirleri. Buthananyñ galyndysy, Wizantiýa döwrüne degişli birnäçe mazar ol ýerdäki tapyndylaryñ arasyndaky zikgeler sebitiñ geçmişini görkezýän beýleki zatlar hökmünde göze ilýär. Şan şöhratly mirasa eýe bolan Güre häzirki döwürde bolsa örän ýönekeý we asuda şäherçe hökmünde hemmeleriñ ünsünü özüne çekýär. Obanyñ ortasyndaky asyrlyk arça agajynyñ aşagyndaky howluda Aliniñ demini alan çaýyny içýärkäm, adamyñ akyp giden durmuşynyñ manysy hakynda ýene-de bir gezek pikirlenýärin we ýüz ýyl mundan ozalky topraklarymyzda döredilen ähli gözellikleriñ gymmatyna şübhesiz has gowy düşünýärin.
Ýazyjy we binägär Jengiz Beştak ine şeýle şäherçede tanaýan we tanamaýan her bir adamsyna akylyñ süzgüjinden geçiren tejribesini hödürlemek isleýär. Ol tejribelerini daşary ýurtlylara we ildeşlerine hödürlemek, olar bilen paýlaşmak barasyndaky hyýalyny ahyrynda hakykata öwrüpdir. Gürede binägär talyplara teoriýada alan bilimlerini praktikada ulanmak üçin tomusky mekdebi açypdyr. Sebitiñ topragynyñ saman bilen garylmagy netijesinde emele gelen laý bilen talyplar tarapyndan gurulan mekdebiñ binasy örän ýönekeý we sada görnüşde. İnjir we mandarin agaçlarynyñ arasyndan kiçijik howla tarap uzap gidýär. Ýerde birnäçe palas, tagta oturgyçlar, stollar bilen käbir gerek zatlar içki dekorasiýany tamamlaýar. Hiçbir ulaldyp görkezme we artykmaçlyk ýok. Emma ol ýerde söýgi bar, paýlaşmak bar, iñ esasy bolsa döredijilik bar. Bu ýer dünýä açylan ýagny dünýäde tanalýan dostluk öýi, tebigatyñ we döredijiligiñ duýgularyny berkidýän ýaşlar merkezi.
Häzirki döwürde hem İndiana uniwersitetinde mugallym bolup işleýän türkolog İlhan Başgöz bu idealizme öz adyndan goşant goşupdyr. Binägär talyplar onuñ üçin türk dili mekdebini gurupdyrlar. Bu ýer dünýä ýaşlaryny şol bir umumy maksat bilen söýgide we döredjilikde duşurýan ýer. Bütin bu tagallalaryñ ahyrynda akyp giden durmuşa ebedi gözellik goşýan mundan ýüz ýyl ozal bolan we bu günlere çenli gelip ýeten topraklarymyzda bize miras goýan eserleri bilen ýatlanýar.
Gadymy çeşmeşler Demirgazyk egeýiñ Balykesir sebitini Misiýa hökmünde belläpdir. Ýazuw taryhlaryndan ozal ýazylan taryhlara görä bu sebitde birnäçe gatnaşyklar ýaşalypdyr. Sebt esasy wakalara sahna bolupdyr. Sebitiñ geçmişi bilen baglanşykly maglumatlary gepleşigimiziñ geljek sanlarynda siziñ bilen paýlaşmak isleýäris. Şu gün Misiýa sebitinde ykdysady taýdan has amatly bolan käbir oturymly merkezler barada maglumat bermek isleýäris. Dürli çeşmeler Abidosda häzirki Kösegalada altyn känleriniñ tapylandygyny we ol ýeriñ sebit üçin aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny görkezýär. Truwa etraby at ýetişdirmek üçin amatlydyr. Gaz dagyndaky dub we ladin tokaýlaryndan şeppik alynýar. Antandrosda, ýagny häzirki Altynolukda gämi gurluşygy ösendir. Bursa sebitinden Apolýont palçyk gurluşygy we agaç kesmede adyny ülkä tanadypdyr. Çanakgala sebitinden Lapsekide altyn, kümüş we gurşun işenlip çykarylýar.
Misiýa etrabyndaky esasy ekerançylyk meýdanlaryndan Andiokhosyñ 2-nji aýaly Laodikanyñ daýhan fermasy Gönençaýy-Saryköý we Truwanyñ arasyndaky topraklara çenli uzap gidýär. Daýhan fermasynyñ serhetlerine Pannuhome, Pithome we Baris merkezleri hem degişli.
Misiýaly meşhur dilçi Aristeidesiñ Laneion ady bilen tanalýan daýhan birleşigi bolsa Balikesiriñ golaýynda ýerleşýär ekeni. Guragyry keseli sebäpli ejir çeken dilçi Aristeidesiñ Gönendäki ýyly suwly bejeriş sanatoriýalarynyñ suwyndan derdine şypa tapypdyr.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar