Din we jemgyýet 19

Tas ähli ýeke hudaýly dinlerde bar bolan haj ybadaty

68802
Din we jemgyýet 19

Dini antropologiýanyň esasy meselelerinden biri hem haj bolup durýar. Dinlerde tapawutly atlar bilen beýan edilýändigine garamazdan usul taýdan birmeňzeşlik bardyr. Özeninde mukaddes saýylýan ýerleriň zyýarat edilmegi we ol ýerde käbir ybadatlaryň berjaý edilmegi maksada ýetirýär. Sosiologik taýdan ele alanymyzda mukaddes ýerler jemgyýetiň dini durmuşynyň merkezi bolan, adamyň durmuşyny ugrukdyrýan we oňa many goşýan ýerlerdir. Adam ruhy älem bilen bolan duýguly gatnaşygy käbir ýerlerde başga ýerlere garalanda has çuňdan duýýar. Çünki mukaddes ýerler ylahy älem bilen dünýewi älemiň kesişýän, taňry bilen adamyň bir tüýsli tapyşýan we adamyň özüni ylahy huzurda duýýan ýerleridir.
Yslam dininde hajyň taryhy Hezreti Ybraýyma çenli uzap gidýär. Hezreti Ybraýym Käbäni ozalky ýerinde ýaňadandan gurýar, soň alla olaryň Käbäni togap etmeklerini, gurbanlyk janly öldürip, bitewiligi ýaňadandan dikeltmeklerini, günäden saplanyp takwa ýetmekleri üçin adamlary haja çagyrmaklaryny buýurýar. Şol ylahy buýruk bilen Käbäniň her ýyl zyýarat edilmegi ýola goýulýar. Arafat bilen Muzdelifede kesgitlenen möhletde durmak we gurban öldürmek haj ybadatynyň esasy amallaryndan hasaplanylýar. Haj hijri-kamary kalandaryna görä Zikhijje aýynda edilmeli ybadatdyr. Ýylda bir gezek gidilýär. Dinde görkezilen ýerde, görkezilşi ýaly we görkezilen wagtynda berjaý edilmeli. Beýleki ybadatlarda bolşy ýaly haj ybadatynda-da esasy meselelerde deňeşdirme arkaly kemeldilme ýa-da artdyrylma edilip bilinmez.
Ozalam belläp geçişimiz ýaly haj, simwoliki tarapy güýçli bolan ybadatdyr. Togap, Sapa-merwe depeleriniň arasyndaky ýöriş, Arafatda durmaklyk we şeýtan daşlamak ýaly amallaryň ählisi simwoliki häsýete eýedir. Daşarky görnüşi bilen belli simwollary ýada salýan haj, hakykatda bolsa dürli ruhy terbiýeleýiş äheňlerinden ybaratdyr. Hajda umrada ruhuň allaga göterilişine wekilçilik edilýändigi üçin esasy maksat Käbe däldir. Belkem bakylyga we şol ruhy giňişlige geçişiň başlangyjydyr. Maksat däl, serişdedir. Daşardan seredilende simwoliki hereket ýaly görünýän hajdaky her bir ybadatyň we şekiliň bir manysy hem-de mömini terbiýeleýiji tarapy bardyr. Hajda amal edilen her bir hereket barasynda köp zat aýtmak mümkin.
Esasanda yhram, Käbäniň daşyndan aýlanmak, gara daşa görkezilen mähirli çemeleşme, Sapa-Merwe depeleriniň arasyndaky ýöriş Arafatdaky garaşyş, Muzdelifede daş ýygnamak, Hezreti Ybraýymyň ogluny gurban etmäge synanşan ýeri bolan Mina we gurban öldürilmegi ýaly amallaryň ählisi özbaşdak manylara eýedir.
Haj, hem adamy hem-de jemgyýeti bagtyýarlyga ýetirmegi maksat edinýär. Ol, ybadat tarapy bilen alla bilen bendesiniň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirýän bolsa, hikmet tarapy bilen-de ruh saglygyny we sosial arkalaşygy goldaýar. Beden bilen okalýan namaz we agyz bekleme ybadatlarynda nebis terbiýelemek göz öňünde tutulan bolsa, emläk bilen edilýän zekat, sadaka we gurban ybadatlarynda arkalaşyk ruhy öňe saýlanýar. Hem beden hem-de emläk bilen edilýän haj ybadatynda bolsa şol özboluşlyklaryň ählisi bar.
Gysgaça aýdylanda haj dünýäniň çar tarapynda musulmanlaryň şol bir maksat üçin bir ýere jem bolmagy we şeýlelikde kollektiw düşünjäniň emele gelmegine şert döredýän ähliumumy wakadyr. Dilleri, reňkleri, milletleri we ýurtlary, medeniýetleri, sosial hem-de ykdysady şertleri tapawutly bolan adamlaryň şol bir duýgy hem-de ynam bilen dogandygyna göz ýetirýärler. Bitewiliklerini başdan geçirip, oňa has çuňdan düşünerler. İne şol jähtden haj musulmanlaryň arasyndaky aragatnaşyk üçin tapylgysyz pursatdyr. Gysga möhletde şol bir pikiriň, duýgynyň we maksadyň syrly motiwasiýasy bilen, şol bir jemgyýetiň agzasydyklaryna göz ýetirerler. Ömür baky unudylmajak dostluklar edinerler. Şeýlelikde haj halkara parahatçylygynyň, jebisligiň we arkalaşygyň pursadyny bagşeder. Musulmanlar biri-birleri bilen tanyşyp, özara pikir alyşarlar. Çözgüt ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar. İne şol taraplary bilen haj jemgyýetçilik bitewiligiň we jebisleşmäniň halkara derejesinde amala aşmagydyr.
Jemläp aýdanymyzda haj bir tarapdan allaga imany, bitewilik ynanjyny, pygamberlere imany, ahyret ynanjyny berçinleşdirýär. Beýleki tarapdan-da musulmanlara takwa, sabyr, söýgi, hormat-sylag, doganlyk, pidakärlik, jomartlyk we beýleki ahlak gözelliklerine eýe bolmaklyk mümkinçiligini hödürleýär. İne şol jähtden haj; hem akaid, hem ybadat, hem-de ahlak dersleriniň depgini ýokarlandyrlan görnüşde berilme häsýetine eýedir.
Ybadatlaryň esasy bölegi fiziki taýdan berjaý edilýär. Emma ozalam beýan edişimiz ýaly her bir ybadatyň ruhy tarapy bilen jemgyýete ýetirýän oňyn täsirleri hem bardyr. İne şeýle bolman halatynda edilen ybadat doly maksadyna ýetdi hasaplanylmaz. Şeýlelikde haja giden adam haj ybadatynyň dini kitaplarda görkezilşi ýaly berjaý etmek bilen birlikde çuň pikir derýasynda hem ýüzmelidir. Dünýäde ähli görnüşdäki zulumlar, gynamalar, basyş musulman jemgyýetine agyr kynçylyklar çekdirýär. İne şonuň sebäpleri barasynda pikir edip, çözgüt ýollaryny gözlemeli.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar