Ýadigär Galan Ýazgylar 18

Türk şahyry Süleýman Gülşehri we onuň meşhur poemasy Mantykut-Taýr barada gürrüň etmekç

84111
Ýadigär Galan Ýazgylar 18

Gepleşigmiziň nobatdaky sanynda 13-nji hem-de 14-nji asyr türk şahyry Süleýman Gülşehri we onuň meşhur poemasy Mantykut-Taýr barada gürrüň etmekçi. Ýoldaşlygyňyza guwanyp ýola çykýarys.
Mantykut-Taýr kitabynyň asly, sopy şahyr Nişapurly Attar arkaly 1187-nji ýylda ýazylypdyr. Bu Parsça poema 4600-den gowurak beýitden ybarat bolan bir alegorik eserdir. Bu eser yslam dünýäsiniň edebi däpleri boýunça allanyň hem pygamberiň öwgüsi we çaryýarlaryň tarypy bilen başlanýar. Şu giriş bölüminden soňra simwolik bir hekaýa şeklinde özlerine başdak gözleýän bir topar guşlaryň başdan geçiren wakalary beýan edilýär. Guşlar Si:murg ýa Anka: atly uly guşuň huzuryna barmak üçin howuply ýedi menzilden aşmaly bolýarlar welin, diňe otuz guş iň soňky tapgyrdan geçip başarýar. Hekaýanyň soňunda, otuz guş özlerine ser edenlerinde, Simurgyň başga biri däl-de edil özlerinden ybarat bolýanlygyna göz ýetirýärler. Çünki parsçada Si:murg hem Anka: guşy hemem otuz guş manysyny aňladýar eken.

Attar bu eserde çeperçilik bilen yrfanyň manylaryny alegorik tärde okyja tanadýar. Bu ýerde, guşlar ynsan ruhunyň simwolydyr we Simurg guşy-da hudaýdan bir mysaldyr. Ýedi howuply menziliň manysy sopuçylygyň ýedi derejesi, diýmek tapgyrydyr. Bu ýolagçylykda maksadyna ýeten otuz guş bolsa hak aryflaryň birleşen ruhlarydyr. Bu ruhlar, hem öz aralarynda, hem-de ýaradan bilen aýrylmaz birligi ýüze çykarýar. Sebäbi ýedinji tapgyryň ady Fena, ýagny haka garyşyp gitmek we ýok bolmakdyr. Attaryň Mantykut-Taýr kitaby sopuçylyk edebiýatynyň iň meşhur we halanyp okalan eserlerinden hasaplanylýandyr we ençeme dile terjime edilipdir. Ony ilkinji gezek erkin şekilde türk diline öwüren şahyr bolsa Gülşehridir.

Gülşehri 1250-nji ýyllarda Gülşehirde ýagny bu günki Gyrşehirde dünýä gelipdir. Onuň terjimehaly barada onçakly maglumatymyz bolmasa-da, Möwlewiçilige bagly pir bolandygyny we Möwlananyň ogly Soltan Welediň islegi boýunça öz dogduk diýary Gyrşehirde uly derwüşhana açyp sopuçylygy jar etmek bilen ömrüni geçirendigini anyk bilýäris. Ýazan kitaplaryna garanyňda, ol gaty ökde şahyr we ýazyjy eken we özünden ýadigär galdyran köp sanly eserleri bilen, türki dilli ilata dini hem ruhy tälim bermek ugrunda möhüm işleri amala aşyrypdyr. Gülşehriniň ady belli bäş eseri bardyr: Ol Peleknama poemasyny we Aruz atly metrika temaly bir kitapçany pars dilinde ýazypdyr we öz ene dilinde, diýmek türkçede bolsa şygyr ýygyndysy, Mantykut-Taýr poemasy we Kadu:ry terjimesini ýazyp orta goýupdyr. Gynansagam Kadu:ry terjimesiniň golýazmasy häzire çenli tapylmandyr

Gülşehri Attaryň Mantykut-Taýryny terjime edende, gaty erkin hereket edipdir we kitabyň aslynda bar bolan ençeme hekaýany aýyryp, ýerine Mesnewiden, Kelile hem Dimneden we beýleki klassiki eserlerden birnäçe hekaýany goşup, eseri gaýtadan ýazypdyr. Şeýlelik bilen awtor-terjimeçi şeklinde bize özüni tanadan Gülşehri, bu poemany 1317-nji ýylda ýazyp gutarypdyr we oňa Gülşennama adyny beripdir. Poema Möwlananyň Mesnewisiniň şygyr ölçegi esasynda goşulyp, 4440 beýitden ybarat bolupdyr. Bu bolsa, Gülşehri bilen Attaryň Mantykut-Taýr eserleriniň göwrüm taýdan birmeňzeşligine şaýatlyk edýär.

Mantykut-Taýryň türkçe terjimesi, Gülşehriniň beýleki eserleri ýaly sada we owadan dil bilen ýazylypdyr we golýazma nusgalarynyň köplügine garanyňda, bu kitabyň il arasynda halanyp okalýandygyny aňşyrmak kyn däl. Şahyr öz diriliginde halkyň gaty uly sylagyna mynasyp görülişi ýaly, asyrlar boýy soňky şahyrlaryň we tezkere ýazanlaryň dilinden düşmändir. Onuň iň ähmiýetli tarapy, alymdyr şahyrlaryň arapça ýa parsça ýazmaga ymtynýan döwürlerinde, türkçe eser ýazmaga çynlakaý şekilde çemeleşmegi we bu ugurda özünden soňkylara görelde bolan başarjaňlygydyr.


Mantykut-Taýryň golýazma nusgalaryny bir näçe kitaphanada görmek bolar. Şol sanda Istanbul Arkeologiýa Muzeyi Kitaphanasy, Süleýmaniýe Kitaphanasy we Türk Dili Guramasy kitaphanysy ýaly ýerlerde saklanylýan arzyly nusgalary agzap geçip bileris. Eser 1952-nji ýylda doktorany gutarma dissertasiýanyň mowzugy hökmünde Müžgan Junbur arkaly işlenipdir we 1957-nji ýylda Türk Dili Guramasynyň neşriýaty hatarynda Agah Syrry Lewendiň ýazan girişi bilen bilelikde suratbasma şeklinde çap edilipdir. 2007-nji ýylda bolsa bütinleý teksti we häzirki zaman türkçe terjimesi bilen Kemal Ýawuz arkaly işlenip neşir edilipdir.

Gülşehri eseriniň ahyrynda öz adyny we kitaby ýazmakdaky maksadyny belläp geçýär. Tezkireler onuň adyny Ahmet şeklinde ýazsalaram, şahyr öz eserlerinde özüni Süleýman ady bilen tanadýar. Kitaby ýazmaklygyň sebebini şahyr: bizden jahanda bir söz ýadigär galsyn diýip açyklaýar we şeýle diýär:
Kimse durmaz jahanda pa:yda:r
Sözden artyk nesne galmaz ýadigär

Mantykut-Taýryň tekstinde diwan edebiýatynyň häsiýetine görä parsça we arapça sözlere köp duş gelinýär. Kä ýerleri kynam bolsa, bu poemaň soňky setirlerinden bir parçany okap göreli:
...Çün çemende bilbil üýn dartar idi
Gül terepden köynegin ýyrtar idi
Men bu nesriniň saçyn örer idim
Arguwanyň agzyny sorar idim
Nergis u reýhan ýygar idim telim
Bilbil ile bäse girerdim azy:m
Ol çün ussady meni sanar idi
Guş dilini menden öwrener idi
Ýedi ýüz on ýedi ýyl bolmuş idi
Hijrete ki bu gül açylmyş idi
Kim kyýamat döwrüne çenli dura
Dünýede u kendi döwranyn süre
Rum ilinde bir göreç göz isterem
Ki oňa Çin butlaryny gösterem
Mantykut-Taýri ki Attar eýledi
Parsyça guş dilini söýledi
Ony türki suratynda biz taky
Söýledik tazi kibi taňry haky
Kimse beýle datly söz söýlemedi
Kimse menden yeg kitap eýlemedi...

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar