Ýatlamalar we Atatürk 19

M.Kemal, hem pikir hem-de praktika adamsydy

68803
Ýatlamalar we Atatürk 19

M.Kemal, hem pikir hem-de praktika adamsydy. Atatürk, Türk milletiniň taryhynyň çuňlygyndan çykaran hakykatlardan onyň medeni aýratynlyklara eýe bolandygyna ynanýardy. Pikir adamsy bolan Atatürk, doly ynam bilen agdarlyşyk edip, praktika adamsy bolan Atatürkiň eserlerini we üssünligini ýüze çykardy. Ynkylap pikiri bilen ynkylap hakykatyny iň başarjaň, iň ukyply görnüşde birleşdiren lider Atatürk bolandyr.
Ynkylapçy Atatürkde ynkylap pikirleri Milli Göreş bilen ýüze çykan pikirler däldir. İkinji konstitutsion häkimiýet döwrüniň yglan edilmegi bilen amala aşyrylan tagallada, Türk ynkylabynyň ýeterlik däldigini we ynkylaby göniden göni tamamlajakdygyny entek Harby toparyň bölüm müdirikä beýan eden Atatürk, ideýasyndan hiç ýüz öwürmezden, gyşarmazdan ýoluna dowam edipdir we syýasy durmuşynyň dowamynda elmydama ynkylaplary dowam etdirmeklik maksadyny göteripdir.
Atatürk, Türk ynkylabynyň maksadyny, 1937-nji ýylyň noýabr aýynda şu sözler bilen görkezendir: “Beýik gowgamyz, iň medeni we iň abadançylykly millet hökmünde beýgelmegimizdir. Bu diňe bir edaradyr guramalarynda däl, pikirlerinde düýpli ynkylaby amala aşyran beýik Türk milletiniň dinamiki ideýasydyr.”
Atatürk günlerden bir gün, ýurdy gezmäge çykypdyr. Prezidentintiň diňe 1-2 minut säginip ýoluna dowam etjek etrap merkezinde, etrap häkimi, içeri işler bölüminiň müdiri, döwlet gullukçylary we etrabyň aksakallary jemlenşip, Atatürke goýýan sarpalaryny beýan etmekçidi. Prezidenti görmäge gelen halk bolsa yzda durdy.
Atatürke dertlerini aýtmak üçin 1-2 bada içip, batyrgaýlaşan iki obaly bolsa, polis tarapyndan gyra çykarylypdy. Emma tötänlige serediň, Atatürkiň wagony edil bu iki obalynyň öňünde durdy. Atatürk wagonynyň açyk penjiresinde durdy.
“Nähili ýagdaýlaryňyz” diýip sorady. Obalylar “ählimiz perişandyrys serkerdäm” diýip jogap berdriler.
Atatürk haýran galdy:
“Siz obaly dälmisiziň? Ýagdaýyňyz nähili perişan bolar?”
Etrap häkimi we beýleki gullukçylar derrew ylgaşyp prezidentiň biynjalyk edilmegi sebäpli ötünç soramaga başlapdy. Atatürk, nazary aýlan badyna ählisi dymdy we obalylar bilen söhbetdeşlige dowam etjekdigini duýdyrdy.
Obalylar dertlerini aýtmaga başladylar:
“Serkerdäm, halk ysytma keselinden gyrylýar.”
“Siziň oba lukman gelmeýärmi, ysytma garşy göreşmeýärlermi?”
“Serkerdäm, bize diňe salgyt ýygnaýçylar bilen žandarm gelýär. Ysytma bilen göreş diýlen bir zady eşitdik welin, biziň obada beýle zat ýok…”
“Özüňiz lukman getirip bilmediňizmi?”
“Serkerdäm puly nirden tapaly, obada sagdan köp näsag bar.”
“Siz obaly dälmi näme, malyňyz dowaryňyz ýokmy?”
“Serkerdäm siz maldarçylygy nä bilýäňiz?”
Atatürk bu soraga ýylgyryp, şu jogaby berdi:
“Menem maldardyryn. Üssesine nusga alarlyk fermer hojalygym bar.”
“Biziň obamyzda fermamyz zadymyz ýok. Biz garyp daýhandyrys. Üssesine bizi kemsidýäň serkerdäm. Bize çäre tap, obanyň ýagdaýy harapdyr.”
Atatürk yzda duran kömekçisine öwrülip gulagyna bir zatlar aýtdy. Kömekçisi oba üçin bir çek doldurdy. Etrap häkimi golaý geldi:
“Serkerdäm” diýdi “Rugsat berseňiz düşündireýin..”
Atatürkiň etrap häkiminiň sözüni kesdi:
“Düşürdirmek gerek däl” diýdi “Ministrlige tabyn edildiňiz”
Şol wagt kömekçi çegi doldurypdy. Atatürk obalylara uzatdy.
“Obaňyz üçin ilkinji kömek bu puldyr. Obaňyza lukman we derman getirerin, jogapkärlere jeza bererin, alada etmäň.”
Dykgatyňyza ýetiren bu ýatlamamyz Prof.Dr Herbert Melzigiň 1951-nji ýylda Ekspres gazedinden neşir edilen Atatürkden çap edilen Ýatlamalar makalalar toplumyndandy.

Beýleki bir ýatlama bolsa žurnalist ýazyjy Ryza Ruşen Ýüjerden.. Atatürkiň, ynkylaplaryna gowy düşünilmegi bilen baglanşykly pikirini beýan edýän anekdot…
Hadysa Respublikanyň 10 ýyllygyna bagyşlanan banketde bolyp geçýär.
Atatürk, gysga wagtlygyna tans edýän çübte ünüs bilen seretdi. Tansdan soň ýanyna çagyrtdy. İkisi hem ýaşdy. İlki gysa haýsy okuw jaýynda okandygyny sorady. Ýaş gyz daşary ýurt okuw jaýynyň adyny aýtdy. Ýigit hem şoňa meňzeş başga bir okuw jaýynda okaýardy.
Atatürk, meşhur soraglaryna başlady:
“Sakarýa Urşy haçan boldy? Milli Göreş näçe etapdan ybaratdyr?” Türk ynkylaplarynyň esasy näme?”
“Eger ýaşlar gümmi sümmi edip, Gowy ýadymyza düşenok” zat diýen bolsalardy belki hiç zat bolmazdy. Emma gyz, “Jenap bize okuwda diňe fransuz ynkylabyny okatdylar. Türk ynkylaby barada hiç eşitmedik” diýdi. Muny eşiden badyna Atatürkiň gülýän ýüzi birdenkä üýtgedi. Emma şol wagt hiç zat diýmedi.
Daş-töweregindäkiler güýçli galmagala garaşýardylar. Atatürk tersine dymdy. Soň haýsydyr bir sebäp bilen gyzy we ýaş ýigidi çagyrtdy. Emma bu gezekki duşuşyk ýapyk ýerde boldy.
Daşdan seredýänler, Atatürkiň güler ýüzi bilen bu çübte gowy käýändir öýdýärdi. Emma ol ýigit bilen gyza şeýle diýýärdi:
“Bu şüweleň we baýramçylyk, Milli Göreşi we Türk Ynkylabyny amala aşyranlaryň, ýa-da oňa azda-kände goşant goşanlaryňkydyr. Siz olara gatnaşmadyk bolyp bilersiňiz, ýaşyňyz kiçi. Emma şol işleri amala aşyranlaryň arasyna girip bilmegiňiz, olar ýaly şatlanmagyňyz üçin iň bolmanda şol işleriň nähili edilendigini hökman bilmelisiňiz.”
Atatürk bulary aýdandan soň kömekçisine seredip;
“Zenan bilen jenaby öýlerine alyp gitsinler.” Diýdi. “Derslerini okajakmyş”
Buýruk dessine we hiç kime bildirilmezden ýerine ýetirildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar