Din we jemgyýet 07

Yslam dininiň käbir özboluşlyklary

263334
Din we jemgyýet 07

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu bölüminde ýeke hudaýly dinleriň we yslam dininiň käbir özboluşlyklary barasynda maglumat bermek isleýäris
Mälim bolşy ýaly adam, beden taýdan köp sanly jandardan has ejiz. Bedeni bilen hassalyklara, howplara, ýok bolmaga sezewar bolma aýratynlygyna eýe bolmak bilen birlikde adam, ruhy taýdan olary ýeňip geçmegi maksat edinýär. Şeýlelikde durmuşynyň manysyny gözleýän adam bu mowzukdaky soraglaryna jogap tapmak maksady bilen adatdan daşary bir güýje, ähli zady bilýändigine ynanylýan üýtgewsiz güýje ýüz tutmaga mejbur. Şeýlelikde bu görnüşdäki soraglarynyň jogaplaryny dinlerden gözläpdirler. Çünki dini ýa-da fiziki zatlaryň ählisi özgermäge, bozulmaga ýa-da ýok bolmaga mejburdyr. Eger şeýle bolsa üýtgemeýän, bozulmaýan we baky bolan diňe ýaşaýyşymyzyň hakyky gözbaşy bolsa gerek.
Din adamlara durmuşyň, dünýäniň, jemgyýetiň gysgaça aýdylanda ähli bar bolanlaryň nämedigini düşündirýän ynanç ulgamydyr. Esasanda ýeke hudaýly dinleriň umumy tarapy, ynanç, ybadat we hereket mowzuklarynda çözgüt tapmaklarydyr. Eger şeýle bolsa din, ulgamlaýyn ynanç bitewiliginde adamyň hem şahsy hem-de jemgyýetçilik derejede pikiri bilen hereketini birleşdirip, olara ýaşaýyş usulyny hödürleýän we olaryň bir pikir astynda jebisleşmegini ýola goýýan ulgamdyr.
İlkinji pelsepeçiler, dini temalar barasndaky pelsepewi garaýyşlary bilen din we pelsepäniň arasyndaky usul tapawudyny ýüze çkarypdyrlar. Sokrat, Platon we Aristotel ýaly filosoflar, pelsepäniň dinden tapawutly maglumat görnüşidigini we dini maglumatlar bilen garyşdyrylmaly däldigini nygtapdyrlar. Hakykatda bolsa din we pelsepäniň gatnaşygy her döwürde tapawutly bolupdyr. Käte pelsepe dini, käte bolsa din pelsepäni hökmürowanlygy astyna almaga synanşypdyr. Din orta asyrlaryň dowamynda pelsepäni hökmürowanlygy astyna alyp, aň-düşünjä ynanjy esaslandyrma jogapkärçiligini beripdir. Şol döwürde pelsepäniň diniň ösmeginiň we ýaýramagynyň öňüni alandygy öňe sürülýär.
Biziň döwrümizde din we pelsepe gatnaşygynda haýsydyr bir özygtyýarly tarap tapmagyň ýa-da döretmegiň ýerine, biri-birlerine düşünmäge synanşýan iki maglumat görnüşi hökmünde ikisine eýe bolan ähmiýeti berilmäge synanşylýar. Maksat diniň öz çäginde dine düşünmek we adamy taňry bilen bolan gatnaşygynda öz erkine goýmaklykdyr. Din hakykatyny ünsden düşürmän, dine pelsepewi taýdan çemeleşmäge synanşmaklykdyr. Şonuň netijesinde döwrebap adamlar we jemgyýetler dini pelsepä ýa-da pelsepäni dine çalyşýarlar. Tersine ikisine-de bilelikde dowam etme hukugyny berýärler.

Pelsepewi nukdaý nazara görä taňry adalgasy adatdan daşary düşünjeden gelip çykýar. Tebigatdan we älemden ýokarda durýan we güýjüni tebigatdan we älemden almaýan, ähli zadyň ýaradyjysydygyna ynanylýan beýik güýç. Taňry, ähli zadyň gymmatyny, manysyny we barlygyny ýaradan, emma özi ýaradylmadyk baky güýçdir. Taňry, wagtdan we ýerden garaşsyzlykda ebedi we beýik güýçdir.
Ylahy dinlerde wahiý faktorynyň möhüm orny bar. Wahiý, taňry tarapyndan ýa gönüden, ýa-da aýlawly görnüşde saýlanan adamlara, pygamberlere habar berilen ylahy emirler we sözlerdir. Wahiý, ylahy ýa-da hudaýy maglumatdyr we gözbaşy taňrydyr. Wahiý, habary alanyň gönüden özi bilen ylahynyň arasynda guran gatnaşygyna baglydyr. Habary ugradanyň we alanyň arasynda duýga ýa-da aň-düşünjä esaslanýan maglumat serişdesi ýokdur. Şol sebäpli wahiý duýgurlyga esaslanýar. Duýgurlyga esaslanmagy we gönüden bolmagy sebäpli, wahiý maglumaty aň ýa-da duýgular arkaly subut edilip bilinmez, onuň dogrulygyna ynanylar. Wahiý, ynanja esaslanýan maglumat görnüşidir. Yslam ynanjyna görä ähli pygamberlere dürli mukdarlarda wahiý gelipdir. Hezreti Muhammede gelen ilkinji wahiý “oka” görnüşinde bolupdyr we gurhanyň tamamlanmagy bilen gutarypdyr.
Dinlerde ylahy gözbaşa esaslanýan, adatdan daşary wakalar bardyr. Şolaryň biri hem gudratdyr. Gudrat, tebigy ýagdaýlara gabat gelmeýän, emma adatdan daşary ýagdaýda ýüze çykýandygyna ynanylýan wakadyr. Şol sebäpli gudrat, adamyň aňy we tebigy wakalar bilen düşündirilip bilinmeýär. Gudrat, taňrynyň tebigy akymyň çäginden çykyp, wakalara çäre görmegi hökmünde-de kabul edilip bilner. Yslam düşünjesine görä gudrat adamyň aňynyň we tebigat kanunlarynyň düşündirip bilmeýän, emma ylahy barlykdan gözbaş alýan wakadyr. Şonuň netijesi hökmünde gudratlar allanyň eseridir we pygamberler hem olaryň amala aşmagyny ýola goýýan saýlanan adamlardyr. Her bir pygamber dürli gudratlary goldapdyr. Mysal üçin Musa pygamber jadygöýlere we jadygöýlük bilen meşgullanýanlara garşy, olaryň edenleri puja çykarýan gudratlar bilen goldanan bolsa, İsa pygamber hassalyklary gowulamak, hat-da ölüleri direltmek ýaly gudrat bilen goldanypdyr. Gudratlar adamlaryň pygamberlere ynanmaklary we olaryň taňrynyň ilçisidigini ykrar etmekleri üçin taňry tarapyndan pygamberlere berilipdir.
Dinlerde gumanitar ilçi ýa-da pygamberlik hem esasy faktorlardan biri. Taňrynyň buýruklaryny we sözlerini adamlara ýetirýän saýlama adamlardyr. Taňrynyň habarlaryny ýetirýän adam. Yslam ynanjyna görä pygamberler beýleki adamlar ýaly etden we süňkden ýaradylandyr. Başga bir söz bilen aýdylanda pygamberleriň adam hökmünde beýleki adamlardan hiç hili tapawudy ýok.
Pygamberler günä işlemeýän, işlän halatynda dessine beýik biribar tarapyndan duýdurylýan, ynamdar we dogruçyl, akylly we düşünjeli, taňry tarapyndan iberilen wahiýleri bolşy ýaly üýtgetmän adamlara ýetirip bilýän adamlardyr.
Tas ähli dinleriň ylahy älem bilen bagly taraplary umuman iman adalgasy bilen beýan edilýär. İman, diniň öňe sürýän ähli hakykatlara ynanmaklyga diýilýär. İman ähli dinleriň dowam edip bilme şertidir. İman, taňra we onuň iberenlerine şertsiz boýun egmeklikdir. Ýagny iman, sap, şübhe duýmazdan, gyşarnyksyz ykrar etmeklikdir. İman bilen kabul edilen maglumatlaryň aň ýa-da synag arkaly subut edilmegine hajat ýok. Yslam ynanjyna görä iman dil bilen aýdylyp, ýürek bilen tassyklanylmaly. Şol sebäpli iman bilmekigi däl, eýsem ynanmagy, ýagny şertsiz kabul etmegi talap edýär. İman musulmançylykda ähli zatdan öňde durýar. Berk imana eýe bolman diniň düzgünlerini berjaý etmek adama azatlyk gapysyny açmaz.
Dinleriň jemgyýetde beýan tapýan konkret taraplaryna käbir ybadatlar wekilçilik edýär. Olar taňrynyň buýruklaryny we görkezmelerini berjaý etmek üçin görkezilýän sylaşyk we ybadatlardyr. Her bir diniň özüne mahsus ybadat şekilleri bar. Mysal musulmançylykda kelemäňi öwürenden soň namaz okamak, oraza tutmak, zekat bermek, haja gitmek ýaly ybadatlar bar.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar