Din we jemgyýet

Dinleriň adama berýän ähmiýetleri

282785
Din we jemgyýet

Ilki bilen şuny nygtap geçmek ýerlikli bolar: adam, ähli dinlerde gymmatlydyr. Adam oglunyň bagtlylygy iň esasy maksatdyr. Esasanda ýeke hudaýly dinleriň bu mowzukda berýän maglumatlary möhüm.
Yslam dini diňe o dünýeden söz edýän din däldir. Ol, aslyna seredilende adamlaryň dünýä durmuşy bilen ahyret dumuşynyň arasynda möhüm deňagramlyklar gurýar. Beýik alla öz gudratynyň öňünde ýönekeýje bolan adama uly ähmiýet berýär. Alla ähli zatdan ozal adam bilen gyzyklanýar. Ony dünýäniň merkezine ornaşdyrýar. Gurhana bitewilikde ser salynan halatynda adamyň ýaradylyş etaby, ýaradylyş maksady, ýer ýüzündäki funksiýasy, biologik we psihiki özboluşlyklary, ynanç taýdan tapawutly gurluşy we özboluşlygy ýaly köp sanly hususda köp taraplaýyn ele alynandygyny görýäris. Gysgaça aýdylanda gurhan adama berýän ähmiýetini dürli mynasybetler arkaly dürli görnüşde beýan edýär.
Ozaly bilen gurhanyň beýan etmegine görä alla adamyň jynsyny haýsydyr bir ynanç tapawudyny goýmazdan, hem fiziki hem-de ruhy taýdan iň kämil görnüşde ýaradypdyr we oňa öz ruhundan üfläpdir. Soň, edil şonuň ýaly ýer ýüzüniň dolanşygyny adama tabşyrypdyr. Adamyň şol üstünligini we gözelligini diňe teoriki taýdan beýan etmek bilen çäklenmändir. Yzgiderli ybadat edýän perişdelerdenem ýokarydygyny görkezmek üçin olara, adama sejde etmeklerini buýrupdyr. Yslam dini wahiý arkaly bütin älemi, ýeri we gökleri, şol ikisiniň arasyndaky ähli janly hem-de jansyzlary, gysgaça ähli zadyň adamyň emrine berendigini beýan edýär.
Diniň öňünde adam, tötänleýin ýa-da tebigatdaky başga faktorlardan tapawutlylykda olaryň dowamaty hökmünde emele gelen jandar däl. Eýsem, ylahy jähtden şahsyna sarpa goýlan we ýörite jandar hökmünde ýaradylypdyr. Bu düşünje adamda ynsanlyk we şahsyýet taýdan buýsanç we gymmatlyk düşünjesini emele getirýär.


Yslam dini adamyň goranmagy üçin diňe bir öwüt bermek bilen çäklenmän, käbir hukuk düzgünlerini goýupdyr. Mysal üçin ýekeje adamyň nähak ýere öldürilmegini bütin adamzadyň öldürilmegine deň saýýan bolsa, bir adamyň halas edilmegini bütin adamzadyň halas edilmegine deň hasaplaýar. İne bular bize ähli zatdan ozal yslam dininiň adamyň durmuşyny hemaýat astyna alýandygyny aýtmaga esas döredýär. Yslam hukugyndaky kysas tejribesi hem şol çäkde seljerilip bilinjek esasy hususlardan biri.
Gurhanda beýan edilişine görä haýsydyr bir jemagatyň başga bir jemagaty kemsitmegini gadagan edýär, hatda adamlaryň öz-özlerini derňäp, nebsini kemsitmegi zulum hasaplanylýar. Edil şonuň ýaly adamlaryň bir-birleri hakynda ýalňyş çemeleşmerini, bir-birleriniň gizlin taraplaryny öwrenmek üçin gizlin hereket etmeklerini gadagan edýär. Bir adam hakynda gybat etmekligi bolsa ölen doganynyň etini iýmeklige deň hasaplaýar. İne şeýlelikde jemgyýetde adamlaryň abraýyny gaçyrýan erbetlikleriň emele gelmeginiň öňi alynypdyr. Ýagny bu, bir-biriňiziň abraýyna, buýsanjyna degmäň we bir-biriňiziň kemçiliklerini, ejizliklerini, aýyplaryny ýüze çykarmaga synanşmaň diýmekligi aňladýar. Hakykatdan hem bular adamlaryň arasynda bitmez ýaralar açýan we başga sebäpler bilen birleşip, jemgyýetde pitne döredýän hassalyklardyr.
Hezreti pygamberiň hadyslarynda-da ýokarda beýan edilen etmişleriň nähili uly günädigini beýan edýän sözleri bar. Ol, egindeşlerine “Heläk edýän ýedi zatdan çetde duruň” diýipdir. Olar “Bular nämeler” diýip soranlarynda pygamber: “Allaga şirk goşmak, jadylamak, alla tarapyndan öldürilmesi haram kylynany öldürmek, süýthorlyk etmek, uruş mahalynda goşundan gaçmak, namysly we hiç zatdan bihabar aýala zyna sebäpli töhmet atmaklykdyr” diýip jogap beripdir.
Mälim bolşy ýaly yslamda günä hasaplanylýan etmişlere berilýän jezalarda hem şahslaryň hem-de jemgyýetiň bähbidine bolan belli maksatlara ýetmek göz öňünde tutulýar. Ähli zatdan ozal ähli ýeke-hudaýly dinler we döwrebap hukuk ulgamlary tarapyndan kabul edilýän hususlar şol maksady nazarda tutýarlar. Şol jähtden yslamda berilýän jezalar adamlaryň haklaryna-hukuklaryna edilýän äsgermezçiliklerde ätiýaçlandyryjy häsýetine eýe. Şeýlelikde janlary goramak, jemgyýetdäki gan dawalarynyň, jenaýatlaryň öňüne geçmek maksady bilen käbir jezalar legallaşdyrylypdyr.


Diniň adamlaryň howpsyzlygy, namysy, abraýy, buýsanjy dogursynda sylaşykly çemeleşilmegini buýurýandygyny, olary kemsitmekde çetde durulmagyna aýraýyn ähmiýet berýändigini nygtap geçdik. Adama sarpa goýmaklyk beýlede dursun, Hezreti pygamber bir ýehudiniň jesedi geçip barýarka ýerinden turupdyr we onuň ynsanlygyna sarpa goýupdyr.
Hak-hukuklaryň bozulmagy beýlede dursun, durçar boljak kemsitmesi onuň ynsanlygyna zeper ýetirer. Adamlaryň öz aralarynda bir-birleriniň hukuklaryna sarpa goýmaklary, her bir adamda ynsanlygyny görmeklik we oňa hormat goýmak duýgusy, hiç zady ulag hökmünde görmezlik, kiçeltmezlik arkaly amala aşar. Şeýlelikde iki taraply sylag-hormat, ylahydan gumanitara, gumanitar bolandan ylahy bolana tarap gidýän gatnaşygyň merkezine ornaşýar.
Yslamda adamkärçilikli bolmaklyk menden däl, beýlekiden başlaýar. Beýleki medeniýetlerde bolsa ynsan söýgüsi bilen men söýgüsi wagtal-wagtal bir-birine garşylýar, ynsan söýgüsi Hudaýyň öňünde buýsanja eýedir.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar