Yslamy öwreneliň

Yslam dininiň maksady, kimlere ýönelýär we nusgawy jemgyýet

425470
Yslamy öwreneliň

Gepleşigimize Allanyň ady bilen başlap, sizin ähliňize hormat we ýalkymly salam!

Gepleşigimiziň bu sanynda Yslam diniň maksadyny, kimlere ýönelýändigini we yslamyň nähili jemgyýet eme getirmegi maksat edinýändigini öwrenmäge synanyşarys.

Yslam dininiň maksady adamlary ahlak taýdan kämilleşdirip, dünýäde asudalyga we bagtyýarlyga, ahyretde bolsa bakylyga gowuşdyrmakdyr. “Alla ölümi we ýaşaýyşy haýsyňyzyň has gowy özüňi alyp barýandygyňyzy barlamak üçin ýaratdy” diýilýän aýat, Yslam dininiň adamlary ahlak taýdan kämilleşdirmegi maksat edinýändigini görkezýär.

Yslam dininiň maksady adamyň aňyny, erkini we wyždanyny ulanmagyny, jogapkärçilik bilen hereket etmegini üpjün edip ony Alla bilen, özi bilen, beýleki adamlar bilen we daşky gurşaw bilen barlyşykly ýagdaýda ýaşatmakdyr.

Adamlary bu dünýädäki ýaşaýyşa we göçgünlige gul bolmakdan halas edip, Ýaradanyň maksadyna laýyklykda ýaşamagyny üpjün etmekdir.

Adamyň özüniň ruhy taýdan ösmegi üçin berjaý etmeli wezipeleri, Allanyň buýrugyny we maslahatlaryny, gowulygy bilen erbetligi, dogry bilen ýalňyşy tanyşdyrmak we belentlige ýetmegiň ýollaryny görkezmekdir.

Adamyň nirden gelip mundan soňky ugrunyň nirädigi, näme üçin ýaradylandygy, ahyryýetde näme boljakdygy ýaly soraglara jogap tapyp, durmuşynyň manysyny we öz içki dünýäsinde rahatlyga ýetmegi üpjün etmekdir.

Adamyň maddy we ruhy taýdan ösmegini, ýetip biljek iň belent derejä ýetmegini üpjün etmegi maksat edinýär.

Gysgaça aýdanymyzda Yslam dininiň maksady adama diniň umumy düzgünlerini ýerine ýetirmegi, aňyny we wyždanyny ulanmagy öwretmekden ybaratdyr. Allatagalla bu barasynda: “Sen ýüzüňi bu dine, Alla tarap öwür. Ol adamlary şoňa görä ýaratdy. Allanyň ýaradan zadynyň ýerini tutjak ýokdyr. Iň berk din şu dindir. Emma adamlaryň aglabasy muny bilmeýär” diýýär.

Yslam dini akylly adamlara ýönelýär. Olaryň bilip, isläp, erkinlik bilen eden işlerine ähmiýet berer.

Yslam köpugurly dindir. Dünýäde ýaşaýan ähli milletlere inderildi. Şol sebäpli Yslam dini elmydama dünýäniň islendik ýerinde ýaşaýan akylly we erkli adamlara ýöneldi.

Yslam dini şahyslara hemişe ýöneldi. Emma ýagşylyk bilen ýugrulan we ybadatlar bilen özgeren adamlardan gowy jemgyýet döreýär. Gowy adamlaryň hereketleri jemgyýetiň gowy tarapa ugrukmagyna we azatlygyna elter.

Yslam ähli zatdan ozal allanyň bendesidigini bilýän, jogapkärçilikli, ýaradylşyna görä umumy gymmatlyklara eýe, aňyny we beýleki ukyplaryny iň täsirli aýgdaýda ulanyp bilýän, durmuşyny bilip ýaşaýan adamlardan ybarat jamgyýet döretmek isleýär.

Yslam ilkinji nobatda maşgalada, jemgyýetiň söýgi, hormat-sylag, doganlyk, çydamlylyk, ýagşylyk, dogruçyllyk, goldaw bermek, adalat, bagyşlamaklyk, açyk göwünlilik, sözde durmaklyk, adamlara gowy garamak we ýagşy söz ýaly häsýetler bilen gurulmagyny maslahat berýär.

Yslam jemgyýetiň Alla üçin jebisleşen, Alla üçin söýýän we Alla üçin bagyşlaýan adamalardan ybarat bolmagyny isleýär. Baýlyk, wezipe, garyndaşlyk ýa-da başga bir zatlara esaslanmaýan söýgi, durmuşda ähli gowulyklaryň başdan geçirilmegini, erbetlikleriň bolsa terk edilmegini üpjün eder.

Pygamberimiziň aýdyşy ýaly Alla üçin biri-birini söýen adamlar imanyly adamlardyr. Bular ýaly jemgyýetde hemişe güler ýüz, gürrüňdeşlik we nusga boljak ahlak bolar. Olaryň arasynda birek-birege ynam bolar. Adamlaryň arasynda gatnaşykda esasy merhemet kabul ediler. Zulum, dil ýetirmek, kemsitmek we perwaýsyzlyk ýaly hereketlere orun ýokdyr.

Yslam jemgyýetiniň ýaşaýyş-durmuşy alturizm we özüňi gurban etmek duýgularyna esaslanýar. Adamlar daragyň dişleri ýaly deň kabul edlýär. Dil, millet, jyns, wezipe we status tapawutlyklary kanunyň we hukugyň berjaý edilmegine täsir ýetirmez. Jemgyýetiň agzalary biri-biri bilen birleşen bina ýaly ýa-da bir bedeniň agzalary ýalydyr.

Yslam jemgyýetinde adamlara, beýleki janly-jandara we daşky gurşawa peýdaly bolmak, zeper ýetirýän ähli zady ortadan aýyrmak üçin tutanýerlilik we bäsdeşlik bar.

Yslam jemgyýeti Allanyň razylygyny ähli zatdan ýokary görýär. Artykmaçlykdan we kemçilikden daş durar, olaryň arasyndaky ýola wekilçilik eder. Ähli adamlara nusga boljak ahlak özboluşlyklaryna eýedir.

Bu jemgyýetde din, jan, baýlyk we akyl gorag astyndadyr. Gowulygyň höküm sürmegi we erbetligiň öňüniň alynmagy jemgyetiň umumy borjudyr. Beýik Alla bu babatda: “Araňyzda haýyr-sahawada çagyrýan, gowulygy buýurýan we erbetlikden saklanýan jemgyýet bolsun!” diýip buýurýar.


Etiketkalar: #maksat , #din , #yslam , #jemgyýet , #Alla , #adam

Degişli Habarlar