Türkiýäniň täze dünýä garaýyşy 02

Dünýäde depginli özgerlişikler başdan geçirilýär

436377
Türkiýäniň täze dünýä garaýyşy 02


Dünýäde depginli özgerlişikler başdan geçirilýär. Geçen asyryň dowamynda, ýagny 19-njy asyrda başdan geçirilen özgerlişiklerden köprägi şu asyryň birinji çärýeginde amala aşdy. Ýüz ýyldan bir edilen açyşlara barabar açyş on ýyldan bir edildi. Soňky döwürdäki özgerlişikler we tehniki açyşlar belkem adamzadyň şu günki güne çenli eden açyşlaryna barabar möhüm orun eýelediler.

Dünýäniň özgerlişik depgininden yzda galmagyň gymmaty ozalkysyna görä hasam artdy. Senagat pudagyny döwrebap şertlere laýyklykda özgertmedik ýurtlar deňagramly we abadançylykly ösüşi ýola goýup bilmediler. Galkynyşyny ýola goýup bilmedik ýurtlar adalatly dolanşyk gurup bilmediler. Hem syýasy meseleler bilen hem-de ykdysady çökgünliklere garşy göreşmäge mejbur boldular.

Türkiýe hem Osman döwletiniň soňky döwründen soň umuman dünýädäki özgerlişiklerden yzda galdy. Tehniki özgerlişikde, senagat ynkylabynda yzda galdy. Döwrebap konstruktiw guramalaryň döredilmeginde giç galdy. Ýagny giç döwrebaplaşdy. Şol gijä galmaklygyň tebigy netijesi bolsa yzagalaklyk ýa-da az ösenlik boldy. Ýapyk boldy we taryhyň daşynda galdy. Döwür bilen aýakdaş gitmekden çetde durdy.

Türkiýe taryhdan yzda galmagyň jerimesini agyr çekdi, çekmäge-de dowam edýär. Indi dünýäden yzda galmajak strategiýa taýarlamagyň ugrunda. Şonuň üçin gerek bolan esasy zat bolsa täze dünýä garaýyşyna eýe bolmaklyk. Şol täze dünýä garaýyşynyň merkezinde başdan geçirilýän ähli ýaramazlyklary abatlamaklyk durýar.

Aslyna seredilende täze Türkiýe dünýä garaýyşy: galkynyşyň, demokratiýanyň we önümçiligiň eýe bolunan taryhy hem-de jemgyýetçilik mirasyň döredýän şertleri bilen ýaňadandan üpjün edilmegidir. Şol ugurda tagalla edilýärkä zeper ýetirilen ugurlary abatlamakdyr. Täze Türkiýe şol bir wagtda-da abatlaýyş taslamasydyr.

Häzirki wagta çenli başdan geçirilen ähli ýaramazlyklary özüne mahsus garaýyş bilen ortadan aýyrmak we şol bir wagtda-da şol ýaramazlyklaryň ýetiren zyýanly galyndylaryny ýok etmeklikdir.

Osman döwletiniň dargamagyndan soň beýik gahrymançylyk bilen azat edijilik söweşinde üstün çykan Anadoly halky, dünýäde başdan geçirilen özgerlişiklerden ýeňildi. Senagat ynkylabyny amala aşyryp bilmedi. Syýasy özgerlişigi ýola goýup bilmedi. Ykdysady ösüşiň hötdesinden gelip bilmedi. İň esasysy bolsa şol özgerlişikleriň öňünde elmydama ezildi. Şol yzagalaklyk duýgusy diýseň agyr netijeleri ýüze çykardy. Halk günsaýyn ynamdan düşýän jemgyýete öwrüldi.

Ýönekeý dil bilen aýdylanda Türkiýe dünýäden yzda galdy. Ol hem jemgyýetiň belli bir gatlagynda uly ýeňilenlik duýgusynyň döremegine sebäp boldy. Aslyna seredilende agyr göreşden üstün çykandyklary üçin ýeňilden ýeňilmek uly göwni çökgünlige sebäp boldy.

Dünýädäki syýasy ulgam yzgiderli özgerýän we täzelenýän hem bolsa, türkler oňa tapawutly garaýan jemgetlerden biri. Türklere görä taryh duýdansyz özgerlişikleriň başdan geçirilýän tapgyrydyr. Bir säher turup seretseň bir döwür açylyp, bir döwür ýapylypdyr. İne şol çemeleşme aslynda jemgyýetçilik meýilleşdirişi ahmal etmeklige sebäp bolýan düşünjäni özünde jemleýär.

Döwrebap düşünjäniň özenini emele getirýän esasy salgylanma Maks Weberiň hem belläp geçişi ýaly hasaplanmasy mümkin bolan hakykatdyr. Ýagny meýilleşdirmeklikdir.

Meýilleşdirmeklik, şol bir wagtda meseleleri seljermegi we çözmegi hem öwredýän tapgyrdyr.

Bularyň ählisiniň iş ýüzüne geçmegi bar bolan totolitar brýurokratik gurluş bilen mümkin däldir. Täze düşünje hökmürowan bolmaly. Täze hökümet usuly, täze gelejek dünýä garaýyşy, täze iş topary we täze heýjan gerek.

Jemläp aýdanymyzda täze Türkiýe ideýalar giňişligidir. Şol bir giňişligi watan hökmünde ykrar edýänleriň hyýalydyr.

Täze Türkiýe adaladyň höküm sürýän giňişligidir.

Tapawutlyklaryň bilelikde, parahatçylykly we doganlyk şertlerde ýaşaýan ýurdy üçin tagalla etmeklikdir.

Özgerlişik etaplary syýasy diskussiýalary tebigy ýagdaýda güýçlendirýändir. Her bir syýasy düşünje we lider aslyna seredilende şol özgerlişik çatryklarynda özüne gelejek üçin giňişlik döretmek islär. Özgerlişigiň başdan geçirilýän ugurlarynda taryhdan yzda galan jemgyýetler we döwletler uly özgerlişikleriň başdan geçirilen tapgyrlaryna çenli şol bir ykbala mejburdyrlar. Şol ykballaryny özgertmek islegleri diňe täze özgerlişik tapgyrynda mümkin bolup biler.

Şu günki günde sebitde diýseň möhüm we düýpli özgerlişikler başdan geçirilýär. Bu tapgyr Türkiýäniň sebitde geljek zaman aktýoryna öwrülmegi üçin diýseň möhüm. Şol çäkde Türkiýäniň kesgitleýiji akrtýor bolmagy üçin diňe täze başlangyçlar etmegi hökmany. Täze dünýä, täze Ýakyn Gündogar we täze Türkiýe deňlemesini düzmek, diňe berk çydamlylygy bolan, özgerlişikçi syýasat bilen mümkindir. Syýasaty özgertmek diýmek, jemgyýetiň syýasat mehanizmine berýän täze jogapkärçilikleri diýmeklikdir.

Syýasadyň meseleleri çözmeklik ukybyna eýe bolmagyna barýan ýol, jemgyýetiň oňa berýän jogapkärçiligi bilen gönüden baglanşyklydyr. Ol hem geljek garaýyşyny we medeniýet düşünjesini özünde jemleýär.

Täze Türkiýe jemgyýetiň ähli organlarynyň funksiýalaryny maksada laýyk ýerine ýetirmeg islegini beýan edýän düşünjedir.



Degişli Habarlar