Türkiýäniň nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

Türkiýäniň nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

585043
Türkiýäniň nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar

21-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň Ysraýyl barada aýdan sözleri mediada giň seslenme dörtdi. Obama çykyşynda Ysraýylyň Palestina degişli ýerleri baky golastynda saklap we ol ýerde ornaşmaga dowam edip bilmejekdigini aýtdy. Käbirleri Ysraýylyň basypalyjy hökmünde häsýetlendirilen bu sözleri berk duýduryş hökmünde kabul etdi. Hatda “anti-Ysraýyl” hökmünde analiz edenler hem tapyldy. Çünki ABŞ-nyň “aýrylmasyz baglanşygy bolan hyzmatdaşy Ysraýyl” taýdan şol ýerler basylyp alynan däl, “derejesi jedelli ýerlerdi”.

Emma Obamanyň Ysraýylyň basybalyjylygyna üns çekmeginiň gereginden artyk ulaldylyp, ähmiýet berilendigini aýdyp bileris. Onuň 4 sebäbi bar. Birinjisi: indi Obama iş möhletiniň ahyryna golaýlady. Obama 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda wezipesini saýlanan täze prezidente tabşyrar. Obama eger Ysraýylyň hukuga boýun egmegi üçin basyş etjek bolsady, prezidentliginiň birinji tapgyrynda edip bilerdi. Gaýtadan saýlanma aladasynyň bolmazlygy esasy mümkinçiligidi. Ysraýyl tarapynda Binýamin Netanýahu bilen işleşmegi Obama hereket giňişligini hem döredýärdi. Emma Obama “iň bir pro-Ysraýyl Amerikan prezidenti” çinine laýyk hereket usulyny saýlap aldy. Şeýlelikde iş möhletiniň galan 3,5 aýynda Obamanyň Ysraýyla garşy göçüm etmegi mümkin bolmajak zat.

İkinjisi: Obamanyň Ysraýyl baradaky sözleminiň birinji bölümine näme üçindir üns çekilmändigini görýäris. Omabanyň çykyşyndaky şol sözlem şeýle: “Palestinalylaryň meçew bermelerden daşda durup Ysraýylyň legallygyny ykrar etmegi we Ysraýylyň Palestina degişli ýerleri baky basyp almaga we ol ýerlere ornaşmaga dowam etmejekdigini kabul etmegi ysraýyllylar we palestinalylar üçin has bähbitli bolar.” Görşüňiz ýaly Obamanyň sözleminde ejir çeken-ejir çekdiren tapawudy goýulmaýar. Obamanyň dowam edýän meselede harby basyp alyjylyk rejiminde ýaşaýan we yzgiderli häsýetde ýerleri ellerinden alynýan palestinalylar bien BMG-niň kararlaryna garamazdan entegem basyp almaga dowam edýän Ysraýyly deň taraplar hökmünde görmäge dowam edýär.

Üçünjiden: Obamanyň Prezidentlige saýlanan gününden şu günki güne çenli BMG-de eden çykyşlary deňeşdirilende Palestina meselesine berilýän ünsiň barha azalandygy görülýär. Eýsem Baş Assambleýada 2009-njy ýylda eden ilkinji çykyşynda Obama bu meselä 521 sözlemlik orun beripdi. 2010-njy ýylda bolsa çykyşynyň dörtden birini Palestina meselesine beripdi. Arap bahary wakalarynyň sebiti täsiri astyna alan 2011-nji ýylda BMG-de eden çykyşynda-da meselä üns bermäge dowam edendigini görýäris. Obama şol gezek meseläniň çözgüdi üçin 846 sözden ybarat orun beripdi.

Emma 2011-nji ýyldaky çykyşyndan soň Obama BMG-däki çykyşlarynda Palestina meselesine berýän ünsüni azaltmaga başlady. 2012-nji ýylda BMG-de mesele barada diňe 86 söz aýtdy. Döwlet sekretary Jon Kerrriniň taraplaryň arasynda töwellaçylyk etmäge taýarlanan 2013-nji ýylda meseläniň ähmiýeti ýaňadandan artypdy. Şeýlelikde ýyllara görä meseläniň Amerikan hökümetiniň nazaryndaky ähmiýetiniň azalandygy görülýär.

4-nji we iň esasy husus bolsa ABŞ bilen Ysraýylyň arasynda üstümizdäki aýyň dowamynda gol goýulan Utgaşyklyk ylalaşygydyr. Şol ylalaşyga görä ABŞ-nyň taryhynyň iň uly harby kömegi wada berildi. ABŞ 2019-2028-nji ýyllaryň aralygynda Ysraýyla 38 miliard dollar bermegi wada etdi. Şonuň 33 milliard dollary harby kömekleri öz içine alýar. 5 milliard dollarlyk kömek bolsa Ysraýylyň raketa goranyş ylgamynyň kämilleşdirilmegi üçin.

Amerikan taryhynda deňi-taýy görülmedik şol kömek Obamanyň çykyşynda Palestina meselesine diňe bir sözlem we 31 söz orun bermegi bilen deňeşdirilmejek ähmiýete eýe.

Şol ylalaşyk bilen aňladylýan zat has uly ähmiýete eýe. ABŞ Ysraýylyň Ýakyn Gündogardaky harby häkimiýetini hasam berçinlemek üçin insiatiwa aldy. Şeýlede ylalaşyk sebitde ýaraglanmanyň ýaýbaňlanmagyna sebäp bolar. Şeýlelikde Ysraýylyň eden-etdilikleriniň dowam etjekdigini ýene-de bir gezek görkezdi. Ysraýyl Amerikanyň Prezidentine garşy gelşiksiz hereket etdi we BMG-niň kararlaryny äsgermeýär. Emme bularyň öwezinde Ysraýylyň edenleri hem jezasyz galýar hem-de sylaglanýar.

Netijede Obamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda eden soňky çykyşynda Ysraýyly basybalyjy hökmünde häsýetlendirmegi Amerikanyň Ýakyn Gündogar syýasatynyň geljegi taýdan uly many aňlatmaýar. ABŞ Ysraýyl bilen özbaşdak gatnaşygyny üpjün edýan üznüksiz gatnaşygyny ünslilik bilen dowam etdirýär. Aslyna seredilende çözmek isleýän Palestina meselesiniň näme sebäpden çözgütsiz galýandygynyň sebäbi hem şol özbolyşly gatnaşygyň ähli bökdençliklere garamazdan dowam etdirilmek islenmeginde gözlenmeli.



Degişli Habarlar