Elazyg Gewen Baly

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2035403
Elazyg Gewen Baly

Elazygyň astragal ösümliginden öndürilen baly.

Türkiyäniň Gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän Elazyg şäheri taryhy we medeni aýratynlyklary bilen birlikde gewen ýagny astragal diýip atlandyrylýan ösümligiň ekstraktyndan emele gelen Gewen Baly bilen hem tanalýar.

Elazyg Gewen baly Elazyg welaýatynyň Aryçylyk bileleşiginiň ýüz tutmagy netijesinde 2022-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.

Elazyg welaýatynda ýetişýän gewen ýagny astragal ösümligi dikenlidir we köplenç ýassyk şekilli öýjükleri emele getirýär.

Ösümligiň gülleýän döwri pes belentliklerde maý we iýun aýlarynda, ýaýlaglarda bolsa awgust aýlarynda bolýar.

Elazyg welaýatynda gyş möwsümini ary peteklerinde geçirýän arylar, beýleki aýlarda bolsa ary ýetişdirýänler tarapyndan tebigata goýberilip, astragal ösümliginiň gülüniň çuň böleklerinde saklanýan nektary ýygnamagy üpjün edilýär.

Ary peteklerinde üýşen ballar sentýabr-oktýabr aýlarynda ýygnalýar we sarp edilmäge berilýär.

Elazyg Gewen balynyň aýratynlygy onuň açyk görnüşli sary reňklerde we tonlarda bolmagydyr.

Astragal ösümligine mahsus ys we bokurdagy ýakmaýan ýakymly tagama eýe bolan Elazyg Gewen baly, ýazwa başda bolmak bilen aşgazan we içege keselleri bar bolan adamlar üçin peýdalydyr.


Etiketkalar: #ary , #Gewen baly , #Elazyg

Degişli Habarlar