Dünýäniň iň uly metjirlerinden biriniň Stambul şäherinde ýerleşýändigini bilýäňizmi?

Geňdir düýne, Giňdir düný

2057158
Dünýäniň iň uly metjirlerinden biriniň Stambul şäherinde ýerleşýändigini bilýäňizmi?

Türkiýäniň iň uly metjidi bolan Çamlyja metjidi 63 müň adamlyk mümkinçilgi bilen dünýäniň iň uly 13-nji metjidi. Metjit, Stambul şäheriniň Üsküdar etrabynda Çamlyja depesinde ýerleşýär. 2013-nji ýylda gurluşygyna başlanan metjit 2019-njy ýylyň 3-nji maýynda ybadata açylýar. Metjit 57 müň 500 inedördül meýdanda gurulýar.

Metjidiň gurluşygynyň taslamasy binägärler Haýriýe Gül Totu we Bahar Myzrak tarapyndan taýarlanýar. Zenan binägärler şol bir wagtda 63 müň adamyň ybadat etmegi üçin, şeýle hem zenanlaryň has erkin bolmagy üçin ýörite taslama taýarlaýar. Binägär Hajy Mehmet Güner taslama käbir üýtgetmeler girizilýär. Binägärler metjidiň taslamasyny taýarlaýarka tebigy apatlarda şol bir bir wagtda metjidiň 100 müň adamy kabul etmegini hem göz öňünde tutýar.

Metjidiň 72 metr belentligindäki esasy gümmezi Stambulda ýaşaýan 72 millete, göwrümi 34 metr bolan beýleki gümmezi Stambula bagyşlanan. Uly Çamlyja metjidi, ini 5 metr, belentligi 6,5 metr bolan we 6 tonna agyrlygynda bolan dünýädäki iň uly ybadathana gapylaryndan birine eýe. Jamlyjy kompleksiniň muzeýi, sungat galereýasy, kitaphanasy, 1000 adamlyk konferensiýa zaly we 3 müň 500 ulaglyk garažy bar. Çamlyja metjidine açylan gününden bäri ýerli we daşary ýurtly millionlarça adam baryp gördi.

 

 

 



Degişli Habarlar