Angora towşany

Geňdir düýnýe, Giňdir dünýe

2065705
Angora towşany

Döwrümizde birnäçe ýurtda idedilýän Angora towşanynyň, Ankaradan bütin dünýä ýaýrandygyny bilýäňizmi?

Ankara towşany, dünýäde bilinýän ady bilen Angora towşany, ýumşak we uzun tüýleri bolan towşan görnüşlerinden biridir. Towşanyň bu görnüşi, Türkiýäniň paýtagty Ankardan bütin dünýä ýaýraýar. Taryhy belliklere görä, Ankara towşanynyň nesli 1723-nji ýylda Türkiýede türenýär. Şol döwürde Ýewropada bolsa fransuz asylzadalarynyň arasynda meşhur eldeki haýwan Ankara towşany bolupdyr. 1900-njy ýyllarda bolsa Amerikada giňden tanalmaga başlanýar. Birnäçe asyr soň Germaniýada ýaşaýan türk raýatlaryndan biri tarapyndan ýaňadandan Türkiýä getirlen Ankara towşany, ene ýurdunda aňsatlyk bilen idedilmäge we nesli köpeldilmäge başlanýar.

Ankara towşany ilkinji nobatda ýüňi üçin, soň bolsa eti we derisi üçin idedilýär. Ýüň önümçiligi maksady bilen idedilýän ýeke-täk towşan görnüşi Ankara towşanydyr. Her towşandan ýylda ortaça 1 kilogram ýüň alynýar. Angora ýüňi hökmünde tanalýan ýüň, ýeňil bolandygyna garamazdan ysy tutýar we has ýumşakdyr. Şol özboluşlylygy sebäpli çagalaryň we ulularyň egin-eşiklerinde giňden ulanylýar. Ankara towşanynyň ýüňi rewmatizm hassalary üçin öndürilýän ýörite egin eşiklerde hem ginden ulanylýar. Ses tolkunlaryny geçirmeýändigi üçin emeli hemra we awiasiýa senagatynda hem ulanylýar. Ankara towşanynyň diýseň gymmat bolan ýüňi, goýunyň ýüňüne görä 8 esse has ýyly tutýar.

Dünýäde 10 müň tonna golaý towşan ýüňi öndürilýär. Angora ýüňiniň esasy merkezi bolsa, gynansakda ene watany Türkiýe däl eýsem dünýäde Angora ýüňi önümçiliginiň 90 göterimine eýe bolan Hytaý bolup durýar.

Dünýäde Günorta Amerikada, Awstraliýada we Ýewropada millionlarça fermer hojalygynda Ankara towşany idedilýär. Emma ene ýurdynda bolsa heniz diňe birnäçe fermer hojalygynda idedilýär.

 

 

 



Degişli Habarlar