Eskişehir Sepiolit Daşy

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2065345
Eskişehir Sepiolit Daşy

Türkiyäniň Iç Anadoly sebitinde ýerleşýän Eskişehir şäheri sepiolit daşy bilen giňden tanalýar. Eskişehir sepiolit daşy Eskişehir welaýatynyň Söwda palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 1999-njy ýylda Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Ylmy ady spiolit bolan sepiolit daşy esasan hem ak, seýrek hem bolsa goýy çal reňkde, görnüşi gözenekli bolup,  mineralyň bir görnüşidir. Düzümi sebäpli el bilen işlemek aňsat bolan sepiolit daşy, geçmişden şu günki güne çenli esasan hem bezeg önümçiliginde ulanylýar. Trubkalaryň, heýkeljikleriň, monjuklaryň, bilezikleriň we tesbileriň önümçiliginde giňden ulanylýan sepiolit daşy, üstünde işlenmeden ozal gymmadyny kesgitlemek üçin ençeme aýry gözegçilikden geçirilip, polufabrikat ýagdaýyna getirilýär. Çyrpmak, ýylmamak, aşgarlamak, parlatmak ýaly atlar bilen bilinýän 11 aýry işden geçirileninden soň, ussalaryň eline barýan sepiolit daşynyň bölekleri, islenýän motiwlere laýyklykda ýeke-ýeke üstünde işlenýär. Ýeňil we gözenekli görnüşe eýe bolan sepiolit daşy, gözüňi gamaşdyrýan ak reňki, oda çydamly bolmagy, suwy we nikotini özüne sormagy ýaly sebäpler bilen ençeme ugurda sarp edijiler tarapyndan giňden ulanylýar.



Degişli Habarlar