Garaňky kaniony

Geňdir dünýe, Giňdir dünýe

2068700
Garaňky kaniony

Dünýäde ululyk taýdan ikinji orunda durýan kanionyň Türkiýede ýerleşýändigini bilýäňizmi!

Türkiýäniň Gündogar Anadoly sebitinde, Erzinjan welaýatynyň Kemaliýe etrabynda ýerleşýän Garaňky kaniony, dünýäniň ululyk taýdan ikinji kaniony derejesine eýe. Garaňky kaniony, şol bir wagtda-da dünýäniň iň howply ýollaryndan biri. Dünýädäki iň howply we çarkandakly ýollaryň sanawyny çykaran daşary ýurt web sahypasynda “dünýäniň iň howply ýollarynyň” hataryna girizilen Erzinjanyň Karaňky kanionynyň Daş ýolunyň Hytaýdaky Guliand tunelinden hem howpludygyny beýan edýär. 500-600 metre barabar diň diwarlary bolan Garaňky kanionyň ady günüň şöhleleriniň görünmeýändigi sebäpli goýulypdyr. Keban bendi gurulandan soň 80 metre çenli ýokarlan suw, kaniony ajaýyp ýere öwüripdir.

Garaňky kaniony gurluşygyna 1870-nji ýylda ýerli halkyň başlandygy çaklanylýar. 2002-nji ýylda döwletiň goldaw bermeginde giňeldilip, ulaglaryň geçjek giňligine ýetirilýär. Ýagny Garaňky kanionyň gurluşygy 132 ýyl dowam edipdir. Garaňky kanionyň belent daglary aşyp, mallaryny otlatmak isleýan adamlar tarapyndan el gurallary bilen açylandygy çaklanylýar.

Tunel dagyň öň tarapyndan başlaýar we Daş tuneliň uzynlygy 7 kilometre barabar. Käbir ýerlerde howa deşikleriniň açylandygy görülýär. Garaňky kanionyň suwly böleginiň uzynlygy bolsa 7 kilometre barabar. Garaňky kaniony geografik gurluşygy we tebigy gözellikleri bilen her ýyl adrenalini halaýan ýerli we daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär. Kanionda gaýykly gezelenç we kano ýaly syýahatçylary özüne çekýan çäreler guralýar. Şeýle hem Kemaliýe etrabynda her ýyl Halkara Erzinjan Kemaliýe Medeniýet we Tebigat festiwaly guralýar. Etrapdaky beýleki taryhy ýadygärlikler hem ünsleri çekýar. Sebäbi taryhyň irki döwürlerinden bäri ençeme medeniýete ýer eýeçiligini eden sebit baý taryhy mirasa eýe.



Degişli Habarlar