Egin-eşikleriň ömri azaldygyça moda pudagynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýany ýokarlanýar

Bilesigelijiniň Bellikleri

2068949
Egin-eşikleriň ömri azaldygyça moda pudagynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýany ýokarlanýar

BMG-nyň Daşky gurşaw guramasy (UNEP) tarapyndan berilen maglumata görä, moda pudagy üçin her ýyl 159 million agaç kesilip, 93 milliard kub metr suw ulanylýan bolsa, hünärmenler pudagyň tebigy çeşmelere ýetirýän zyýannyyň aşa köp sarp edilmeginden gözbaş alýandygyny aýdýarlar.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda “Egin-eşikleriň ömri azaldygyça moda pudagynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýany ýokarlanýar” atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

BMG-nyň Daşky gurşaw guramasy (UNEP) tarapyndan 2022-nji ýylda çap edilen “Durnukly Moda aragatnaşygy 2021-2024-nji ýyllaryň strategiýasy” atly habarnamasynda moda pudagynyň klimat çalşygyna we ekologik krizise iň köp täsir ýetirýän ugurlaryň biridigi, tebigy çeşmeleri köp ulanýandygy, gazylyp alynýan ýangyçlara baglydygy, üpjünçilik zynjyrlary sebäpli hapalanma sebäp bolýandygy we ýokary mukdarda galyndy öndürýändigi mälim edildi.

Egin-eşikleriň ömri azaldygyça moda pudagynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýany ýokarlanýar

Dünýäde her ýyl 100 milliartdan gowrak egin-eşik öndürilýär.

Moda pudagy üçin her ýyl 159 million agaç kesilýär.

Egin-eşik önümçiligi üçin her ýyl 93 milliard kub metr suw ulanylýar we şol görkeziji global suw ulanylyşynyň 4 göterimine barabardyr.

Moda pudagynyň howanyň çalşygyna we ekologik krizise iň köp täsir ýetirýän ugurlaryň biridigi mälim edildi.

Moda senagatyndan gözbaş alýan uglerod zyňyndylarynyň global uglerod zyňyndylarynyň içindäki paýy 2-6 göterim aralygynda.

Dünýädäki suw çeşmelerindäki mikroplastikanyň 35% -i sintetiki süýümleriň ýuwulmagynyň netijesinde bolýar.

Egin-eşikleriň boýalmagynyň we işlenip taýarlanmagynyň netijesinde Bangladeş, Indoneziýa, Özbegistan, Hytaý we Kamboja ýaly ýurtlarda suwlaryň barha hapalanýandygy beýan edilen BMG-nyň Daşky gurşaw guramasy  (UNEP) tarapyndan 2022-nji ýylda çap edilen “Durnukly Moda aragatnaşygy 2021-2024-nji ýyllaryň strategiýasy” atly habarnamasynda moda we dokma pudagyndan gözbaş alýan hapalygyň soňky 15 ýylda artandygy habar berildi.

Mundan başgada has köp önümçiligiň netijesinde has köp zyňyndynyň ýüze çykýandygy, onuň bolsa hapalygyň artmagyndaky iň möhüm faktordygy aýan edildi.

Habarnamada: “Dünýä derejesinde her sekuntda ortaça bir ýük ulagy egin-eşik zir-zibile zyňylýar ýa-da ýakylýar” diýip mälim edildi.

Moda we dokma pudagy köpmilletli gurluşa eýe bolandygy sebäpli, logistik tapgyrlary hem köp mukdarda uglerod zyňyndylaryna sebäp bolýar. Dünýäniň tapawutly ýerlerinde ägirt uly dokma zyňyndylary bar. Afrikanyň Akra sebitine her hepde ortaça 60 konteýner egin-eşik ugradylýar. Akralylar her ýyl 15 million ulanylan egin-eşigiň immigrasiýasyna sezewar galýar. Şolaryň 40 göterimi örän pes hilli bolanlygy üçin gaýtadan işläp bolanok.

"Önümler guradyjy amallar arkaly gaýtadan işlenmeli".

Durnuklu dokma önümleriň guradyjy amallardan geçirilip öndürilmegi, ýuwmak tapgyrynyň azaldylmagy manysyna gelýär. Dünýäniň ençeme sebitinde gurakçylyk başdan geçirilýän mahaly, bular ýaly derejede suwuň ulanylmagy klimat adalatsyzlygyny emele getirýär.

Daşky gurşawyň täsiriniň ölçäp bolmagy, suwuň sarp edilşi, suwuň arassalygy, topragyň we döküniň ulanylşynyň gözegçilik edilmegi, biodürlüligi goramak, gury amallar kabul edýän önümçilik usullary bilen gelejegimizi goramak üçin ençeme çözgüt ýollaryny kesgitlemegimiz hökmany.

Habar Çeşmesi: Anadoly habarlar agentligi

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Egin-eşikleriň ömri azaldygyça moda pudagynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýany ýokarlanýar atly temanyň üstünde durup geçdik.


Etiketkalar: #dünýä , #egin-eşik , #BMG

Degişli Habarlar