Probiotikleriň peýdalary…

Probiotikler, beden tebigy ýagdaýda bar bolan gowy, janly maýalardan we bakteriýalardan öndürilýär.

2071552
Probiotikleriň peýdalary…

Probiotik näme?

Probiotikler, sarp edilende sagdynlyk üçin, esasan-da siňdiriş ulgamy üçin peýdaly, bedendäki gowy bakteriýalary goraýan hem-de olary güýçlendirýän janly mikroorganizmleri özünde jemleýän azyklardyr.

Probiotikler, beden tebigy ýagdaýda bar bolan gowy, janly maýalardan we bakteriýalardan öndürilýär. Bedenimizde yzgiderli häsýetde peýdaly we zyýanly bakteriýalar bardyr. Ýokançlara sezewar bolunanda ulgamyň deňagramlygyny bozýan zyýanly bakteriýalar beden agdyklyk edip bilýär we şeýle halatlarda peýdaly bakteriýalar zyýanlylary ýok edip, deňagramlygy üpjün edýär. Goşmaça probiotikler bedene peýdaly bakteriýalary goşmagyň ýollaryndan biridir.

Probiotikler, kadaly ýagdaýda sarp edilende saglygymyza oňyn goşant goşýan janly mikroorganizmlerdir. Probiotikleriň peudalarynyň başynda, probiotikleriň içege florasyny kadalaşdyryp, sagdyn ýaşaýyşy üpjün etmegi durýar.

Bedenimiziň energiýa sapr edişini we kaloriýa sarp edişi kadalaşdyrýan probiotikler artykmaç ýaglardan halas bolmak üçin hem peýdalydyr.

Probiotikleriň näme peýdasy bar?

Probiotikleriň esasy funksiýasy bedeniň kadaly işlemegi üçin “peýdaly” we “zyýanly” bakteriýalary deňagramlaşdyrmakdyr. Goraýyjy içege bariýerasyny berkidýän probiotikler, siňdiriş ulgamynyň ýany bilen, immunitet funksiýalaryny güýçlendirýär we iriňlemä gözegçilik edip, bedeniň sagdynlygyny goraýar.

·        Probiotikleriň iýlen azyklaryň siňdirilmegini üpjün edýär.

·        Zyýanly bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni alyp, hassalyklary azaldýar.

·        Witaminleriň siňdirilmegi üçin peýdaly.

·        Azyklar arkaly bedene giren zyýanly bakteriýalaryň gana goşulmagynyň öňüni alýar.

·        Dermanlaryň bölünip, siňdirilmegini ýola goýýar.

·         Bedenimiziň immunitet reaksiýasyna oňyn goşant goşýar.

 

Tebigy probiotikler 

·        Boza,

·        Tarhana,

·        Hamyrmaýaly çörek

 

·        Kefir

Kefir siňdiriş näsazlyklaryny kadalaşdyryp, ýokançlardan goraýar.

·        Duzlanan kelem

Duzlanan kelemiň düzüminde probiotik bilen bilelikde süým, S we K witaminleri hem bardyr.

Öýde edilen tebigy gatyk

Probiotikleriň iň peýdalysy gatykdyr. İmmunitet ulgamyny güýçlendirmek we hassalyklardan goranmak üçin günde 1 käse tebigy gatyk iýip, ýeterlik mukdarda probiotik almak mümkin. Ol hem hassalanma howpuňyzy azaldar. Şeýle hem antibiotikler sebäpli bolýan içgeçmäni aýyrar.

Peýnir

Peýnir iýmek, witaminleriň we minerallaryň siňdirilişini artdyryp, kömekçi bakteriýanyň funksiýasyny ýerine ýetirýär. Naharlaryň siňdirilmegi üçin iňňän peýdaly bolup, aşgazan dartylmasynyň öňüni alýar.

Organiki alma sirkesi

Fermentirlenen önümlerden biri bolan alma sirkesi, içege üçin peýdaly probiotiklerden biridir. Şeýlelikde siňdiriş ulgamynyň kadalaşmagy üçin maslahat berilýär.

 Probiotikleriň peýdalary

İçgeçme, gubuzlyk, ýellenme we çişme ýaly ýarawsyzlyklar üçin peýdalydyr.

Probiotik aşgazan we siňdiriş ulgamyndaky näsazlyklaryň kadalaşdyrylmagy üçin peýdalydyr. İçegäki zyýanly we zyýansyz bakteriýalaryň arasynda deňagramlygy ýola goýmak we peýdaly bakteriýalaryň sanynyň artmagy, siňdirişi ýola goýýan fermentleri işjeňleşdirip; içgeçme, gubuzlyk, ýellenme we çişme ýaly biynjalyklyklaryň öňüni alýar.

 Probiýotikler artykmaç ýaglardan halas bolmak üçin peýdalydyr

Ýokary ýagly azyklar, süýji, süjüli azyklar we işlenen uglewodlary sarp etmek içegäniň bakderiýa kadasyny bozýar. Geçirilen ylmy barlaglar; energiýa deňagramlygynyň ýola goýulmagynda we ýaglanmada içegedäki peýdaly we zyýanly bakteriýalaryň täsiriniň bardygyny ýüze çykdylar. Peýdaly bakteriýalaryň berhiz arkaly alynan ýag siňdirişiniň öňüni alyp, işlenip çykarylyşyny çaltlandyrýandygy çaklanylýar.

Içege ragyna ýolukma howpuny azaldýar

Geçrilen barlaglar, artykmaç rafinirlenen uglewod sarp etmegiň, mal etini artykmaç iýmegiň we süýmli azyklary az sarp etmegiň içege ragynyň sebäplerinden bolup biljekdigini görkezýär. Beýleki tarapdan probiotikleriň içegäniň bakteriýa ulgamyny kadalaşdyryp, olary rak keselinden goraýandygyny ýüze çykardy.

Allergiýany azaldýar

Probiotikler, allergiýasy bolan adamlara we egzama üçin peýdaly bolup, onuň azalmagyny üpjün edýär. şeýlelikde allergiki reaksiýalara peýdaly täsiriniň bardygyny aýtmak ýalňyş bolmaz.

 

Prebiotikleri hem ýatdan çykarmaň

 Probiotikleriňýany bilen şol wagtda siňdirilmeýän uglewodlar bolan prebiotiklkeri hem iýmitlenme sanawyňyza goşuň. Sebäbi prebiotikler bakteriýalaryň azyklarydyr we peýdaly bakteriýalaryň köpelmegini üpjün edýär.

Prebiotikler:

·        Sogan, sarymsak, poroý sogany, kartoşka, we artişok ýaly bakja önümlerinde,

·        Galla öümlerinde; süle, çowdary, bugdaý we beýlekilerde bardyr.


Etiketkalar: #Saglygym baýlygym

Degişli Habarlar