Kuşkonmaz Metjidi

Geňdir dünýe, Giňdir düný

2072400
Kuşkonmaz Metjidi

Stambulda guşlaryň gonmaýan metjidiniň bardygyny bilýäňizmi?

Stabulyň Üsküdar etrabynda ýerleşýän Şemşi Paşa metjidi, dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan binagär Mimar Sinan tarapyndan gurlan metjitlerden biridir. Üsküdar kenarynda, Bosfor bogazynyň Mermer deňizine seredýän tarapynda ýerleşýän metjit, türbedi we medresesi bilen deňizden seredilende diýseň kaşaň görünýär. Metjidiň edil maňlaýynda Galata köprüsi bilen Haliç ýerleşýär.

Kiçi we sada gurluşy bolan kompeks II Selim we Murad III döwründe wezirlik eden Şemşi Paşa tarapyndan 1580-njy ýylda Mimar Sinana gurdurulýar. Üsküdarda ýerleşýän taryhy metjidiň diýseň täsin hekaýasy bar.

Diýseň ünsli we arassaçylyga uly ähmiýet berýän Şemşi Paşa, Mimar Sinandan metjidi gurýarka üstüne guşlaryň gonmazlygyna uly üns berilmegini isleýär. Biri-birinden tapawutly metjitler guran Mimar Sinan, Şemşi Paşa metjidi üçin diýseň täsin meýilnama taýarlaýar. Metjit gurulmazdan öň ýörite barlag geçiren ussat binagär, ýeliň ugrunyň guşlara täsirini ýetirýändigini bilýändigi üçin, Üsküdarda demirgazykdan we günortadan gelýän ýeliň birleşýän ýerini tapýar we metjidi şol ýerde gurmaga karar berýär.

1580-njy ýylda ybadata açylan metjit, wagtyň geçmegi bilen il arasynda “Kuşgonmaz” ýagny “Guşgonmaz” metjidi hökmünde tanalmaga başlanýar. Bosfor bogazynda öňünde balyk tutulýan, kitaphanasynda kitaplar okalýan we metjidinde ybarat edilýän bu kaşaň eser, döwrümizde Üsküdaryň simwollaryndan we Stambuldaky taryhy metjitleriň arasynda hökmany suratda görülmeli ýerlerden biridir.


Etiketkalar: #Kuşkonmaz , #metjit

Degişli Habarlar