Adana Kebap

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

2074299
Adana Kebap

Türkiýedäki et naharhanalarynda iň köp bişirilýän we sarp edilýän tagamlardan biriniň “Adana kebapdygyny” bilýäňizmi?

Adana kebaby türk aşhanasynyň belli tagamlaryndan biridir we Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän Adana şäheri bilen özleşendir. Ady dünýä dolan bu tagam, häzirki wagtda ençeme ýurtda bişirilýär.

Türk diline arap dilinden geçen “kebap” sözi, bir gapda ýa-da otda suwsyz bişirilýän et diýmegi aňladýar. Adananyň ýerleşýän Çukurowa sebitinde iňňän irki döwürlerden bäri kebap bişirilýär. Biziň döwrümizden 4000 ýyl ozalky eýýama degişli käbir arheologik tapyndylar bu sebitde şol döwürlerde-de mangalyň ýakylandygyny, etiň çişe düzülip, otda bişirilendigini görkezýär.

Häzirki Adana kebaby bolsa 19-njy asyryň ikinji ýarymynda Adananyň taryhy bazary bolan Gazançylar bazarynda  ýüze çykýar.

Adana kebabyny beýleki kebaplardan tapawutlandyrýan esasy özbolyşlygy bişirilýän etidir. Et, tebigy şertlerde we özüne mahsus florasy bolan sebitiň ýaýlaglarynda idedilen goçuň etidir. Goýun eti, kebabyň tagamyny özgerdýär. Adana kebaby Adana mahsus “zyrh” atlandyrylýan uly pyjak bilen üwelýär. Üwelen ete, guzynyň guýruk ýagy, gyzyl burç we duz goşulýar. Başga hiç zat goşulmaýar. Gowy garylandan soň çişe düzülýär odunyň közünde bişirilýär. Adana kebaby hökmany suratda sumahly sogan salady we gök salad bilen hödürlenýär.

Dürli sebitlerde bişirilýän Adana kebaby, standartlarynyň goralyp saklanmagy üçin Türk patent we marka guramasy tarapyndan bellige alynyp, geografik belgi alandyr.


Etiketkalar: #goç , #kebap , #Adana

Degişli Habarlar