Global gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatynyň 3 esse artdyrylmagy gözýetimde görünýär

Bilesigelijiniň Bellikleri

2074463
Global gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatynyň 3 esse artdyrylmagy gözýetimde görünýär

Global gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatynyň 2030-njy ýyla çenli 2 esse artdyrylmagyna goldaw berilýän meýilnamalar çaltnadyrylmak bilen birlikde, dünýäniň ençeme ýurdunyň milli maksatlaryna ýetmek ugrunda öňe gidişlikler edýändigi anyklandy.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda “Global gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatynyň 3 esse artdyrylmagy gözýetimde görünýär” atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Merkezi Londonda ýerleşýän energiýa akyl merkezi Ember tarapyndan global energiýa pudagynyň zyňyndylarynyň 90 göterimine wekilçilik edýän dünýäniň 57 ýurdy we Ýewropa Bileleşiginiň gaýtadan dikeldilýän energiýa maksatlary esas alynyp taýarlan analizine görä, 2022-nji ýylda 3,4 terawatt bolan global gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatynyň 2030-njy ýylda 7,3 terawatta ýetjekdigi çak edilýär.

Bu kuwwatyň dörtden üç böleginden gowragynyň gün we ýel energiýasyndan ybarat bolmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurdy milli maksatlarynyň çäginde 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisiniň (COP28) çäginde geçiriljek Bütindünýä Howa sammitinden ozal global gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatynyň 3 esse ýetirilmegi üçin çagyryşlar artýar.

Ember tarapyndan taýarlanan analize görä köpçülikleýin milli maksatlar bilen global gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatynyň 3 esse, başgaça aýdylanda 2030-njy ýylda 11 terawatta ýetirilmegi üçin 3,7 terawattlyk kuwwata zerurlyk bar.

Braziliýa, Gollandiýa, BAE, Awstraliýa, Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Hytaý we Ispaniýa bilen birlikde 12 ýurt 2030-njy ýyldaky maksatlara ýetmek üçin zerur bolandan has tiz ýagdaýda gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatyny gurýar.

Aralarynda Hindistan, Indoneziýa, Saud Arabystany we Wengriýa ýaly bolan 10 döwlet  gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatyny 2030-njy ýyla çenli 3 esse artdyrmagy maksat edinýär.

ABŞ bilen birlikde jemi 12 ýurt 2030-njy ýyla çenli ýel we gün energiýasynyň gurlan kuwwatdaky paýyny 40 göterimden geçirmegi maksat edinýän bolsa, aralarynda Günorta Afrika hem bolan 20 ýurt 2030-njy ýyla çenli elektrik tok önümçilikleriniň 20 göterimden gowragyny gazylyp alynýan ýangyçdan gaýtadan dikeldilýän energiýa geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýurtlaryň ägirt uly maksatlary we gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatlyklary meýilleşdirilişinden has çalt artyp, dünýäniň gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatynyň üç esse artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Habar Çeşmesi: Anadoly Habarlar Agentligi

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda “Global gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatynyň 3 esse artdyrylmagy gözýetimde görünýär” atly temanyň üstünde durup geçdik.



Degişli Habarlar