Kyzylyrmak Derýasy

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

2077158
Kyzylyrmak Derýasy

Türkiýäniň iň uzyn derýasynyň 10 şäherdemn geçip, deňize guýýandygyny bilýäňizmi?

Kyzylyrmak derýasy, 1,355 kilometr uzynlygy bilen Türkiýäniň öz çäklerinden gözbaş alyp, öz çäklerinde deňize guýýan iň uzyn akabasydyr. Siwas welaýatynyň çäklerinde 3000 metr belentlikden gözbaş alyp, Kaýseri, Newşehir, Kyrşehir, Kyrykkale, Ankara, Çankyry, Çorum, Sinop we Samsun welaýatlaryndan geçip, Gara deňize guýýar.

Ady, suwuň reňkinden gelip çykýan Gyzylyrmak derýasy, taryhyň irki döwürlerinden başlap Anadolyda dörän ençeme medeniýete şaýatlyk edipdir. Şol sebäpli jülgäniň etrabynda taryhyň her döwründen galan gaýa gubyrlary, galalar we köprüler ýaly galyndylara gabat gelinýär.

Kyzylyrmagyň Gara deňize guýýan ýerinde 56,000 gekdarlyk delta bar. Kyzylyrmak deltasy Türkiýäniň esasy suwarymly ýerlerinden biri. Ululy-kiçili köp sanly kölü özünde jemleýän Kyzylyrmak deltasy, biologik köpgörnüşlilik taýdan hem möhüm. 355 ösümligi özünde jemleýän delta seýrek ösümlik gatlaklary bilen ünsleri çekýär. Ol ýerdäki ösümleriň hatarynda nesline howp abanýan 9 ösümlik görnüşi bar.

Dünýä belli suwarly giňişliklerden biri bolan Kyzylyrmak deltasyndan Lagun köller, batgalyklar, kenarýaka gumaklary, ýekenlikler suw guşlarynyň iýmitlenmekleri we höwürtge gurmaklary üçin amatly şertleri döredýär. Şol sebäpli guş synçylary we fotosuratçylar üçin hamala diýersiňiz tapylgysyz baýlyk. Türkiýede şu günki güne çenli anyklanan 465 guş görnüşiniň 358 sanysy bu deltada görülipdir.

Kyzylyrmak ekologik ähmiýetiniň ýany bilen ugrunda gurlan 12 suw bendi hem-de gidroelektrik beketleri sebäpli Türkiýäniň energetika önümçiliginde hem esasy orun tutýar.

 



Degişli Habarlar