Ýod hakda maglumatlar...

Ýod näme? Günlük ýod zerurlylygy näçe?

2079779
Ýod hakda maglumatlar...

Beden tarapyndan öndürilmeýän ýod, azyklar arkaly kabul edilýär. Esasanda ene garnyndaky bäbegiň ösüşi üçin möhüm bolup durýan ýod, durmuşyň ähli tapgfyrlarynda saglk taýdan ünsden düşürilmesiz azyk çeşmelerinden biridir. Günlük zerur bolan ýoduň mukdary, ýaşa we metabolizmanyň talaby görä üýtgeýär. Deňiz önümleriniň, ýumurtganyň, et we süýt önümleriniň düzüminde ýoduň mukdary ýokarydyr.

Ýoduň bedendäki funksiýasy näme?

Ýod, tiroid gormonyny işläp çykarmak, ene garnyndaky bäbegiň we täze dünýän inen bäbekleriň ösüşi üçin esasy elementdir. Şeýle hem ýod, durmuşlyň ähli tapgyrlarynda saglykda iňňän möhüm bolan azyk çeşmesidir. 

Günlük ýod zerurlygynyň mukdary näçe?

Günlük zerur bolan ýoduň mukdary, ýaşa we metabolizmanyň talaby görä üýtgeýär. Muňa garamazdan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň kesgitlän mukdarlary şeýle:

Bäbekler 90 mg/gün (0-59 aý)

Çagalar (6-12 ýaş) : 120 mikrogram)gün

Çagalar (12 ýaşdan ýokardakylar: 150 mikrogram)gün

Kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýetenler: 150 mikrogram)gün

Göwreli we emdirýän aýallar: 250 mikrogram)gün

Ýod azlygynyň görkezijileri nämeler?

Zob, ýod azlygynyň iň bir giňden bilinýän görkezijisidir. Tiroid mäzi, ýod azlygy sebäpli tiroid gormonlaryny işläp çykarmakda kynçylyk çekýändigi üçin emele gelýär.

·        Tiroid gormonlary zenanlarda aýbaşynyň kadalaşdyrylmagyna täsir ýetirýändigi üçin ýod azlygy bolan zenanlarda aýbaşy agyr ýa-da kadasyz bolup bilýär.

·        Tiroid gormonynyň azlygy metabolizmanyň işleýişini haýalladýandygy üçin ýaglanma iň giden ýüze çykýan näsazlyklardan biridir.

·        Ysgynsyzlyk, deriniň guramagy, saçyň dökülmegi, deriniň galňamagy, gubuzlyk, üşetme, saçyň we dyrnaklaryň döwülmegi, aýbaşynyň kadasyzlygy, unudaganlyk wagtyň geçmegi bilen ýüze çykýan biynjalyklyklardan käbirleridir.

·        Has ýokary bolan halatlarda ünslüligiň peselmegi, depressiýa, emosionallygyň durnuksyzlygy, ýürek we öýken ýarawsyzlygy ýüze çykýar.

·        Ýod azlygynyň uzak wagtda zenanlardaky iň esasy täsiri bolsa gysyrlykdyr.

·         Ysgynsyzlyk ýod azly8gynyň esasy görkezijisidir.

Ýoduň artykmaçlygynyň zyýanlary nämeler?

Goşmaça ýod iňňän möhüm bolmak bilen birlikde, aşa köp bolmagy hem zyýanlydyr. Esasanda gipertiroidi diýilýän tiroid mäziniň çalt işleýän wagtlarynda, gormon öndürmegiň çaltlanmazlygy üçin lukman tarapyndan bejergi mahalynda goşmaça ýoduň alynmagy bes edilmeli. Käte ýokary doza ýod almak, tiroid düwünleri bolan hassalarynyň düwünlerini işjeňleşdirip, artykmaç gormon işläp çykarmagyna sebäp bolýar.

Ýod haýsy azyklaryň düzüminde bolýar?

Beden tarapyndan öndürilmeýän ýod, azyklar arkaly kabul edilýär.    

1.     Deňiz önümleriniň düzüminde ýoduň mukdary ýokarydyr.

2.     Deňiz önümlerine görä düzümindäki ýoduň mukdary az hem bolsa; ýumurtga, et we süýt önümlerinde-de ýod bardyr.

3.     Esasy çeşme ýodlu işlenen duzdur. Lukman başgaça maslahat bermän halatynda ýodlu işlenen duz ulanylmaly. Ýod azlygynda goraýyjy bejergisinde peýdalanylýan azyklar bilen ýeterlik ýod alynmaga başlanýar. Günde 2 gram ýodly duz, zerurlygy kanagatlandyrar.

4.     Goşmaça azyga başlanan halatynda bäbeklerde ýeterlik ýod üçin öýde taýýarlanan ýa-da satyn alynan goşmaça azyklaryň düzüminde hökmany suratda ýod bolmalydyr.

5.     Düzüminde ýoduň mukdary ýokary bolan azyklar şulardan ybarat;

·        Ýodly işlenen duz

·        Peýnir

·        Diňiz balyklary

·        Malyň süýdi

·        Ýumurtga, süle süýdi

·        Süle sousy

Diňe tiroid mäziniň çalt işlemegi ýa-da iriňlemesi bilen dowam edýän hassalyklarda ýodyň kabul edilmegi lukmanlar tarapyndan çäklendirlip bilner. Grawes, haşimato tiroidi we gyzgyn düwüni bolan adamlaryň aşa ýod sarp etmekleri, ýodly duz peýdalanmaklary howpludyr.

Ýoduň azlygy peşew testi bilen kesgitlenilýar

Kämillik ýaşyna ýetenlerde ýoduň azlygy irki tapgyrda ýüze çykmaýar. Üssesine azlygyň bolup bolmandygy fiziki barlagda-da ýüze çykmaýar. Bedendäki ýoduň ýagdaýyny anyklamak üçin iň ýeňil usuşl; peşewdäki ýoduň mukdarynyň ölçenmegi.

Goşmaça ýod üçin lukman karar bermelidir.


Etiketkalar: #Ýod , #Saglygym baýlygym

Degişli Habarlar