Ajy Burç

Türkiýäniň iň ajy burçunyň Hataý welaýatynda ösýändigini bilýäňizmi?

2079782
Ajy Burç

Ajy burç halaýaňyzmy? Ajy burçuň bedeni hassalyklardan gorap, beýnide bagtlylyk gormonyny işläp çykarýandygy subut edilen hakykat.

Burç önümçiliginde dünýäde esasy ýer eýeleýän Türkiýäniň iň ajy burçy, Hataý welaýatynyň Samandag etrabynda öndürilýär. Dünýäde kabul edilen “Skowill” ajylyk birligi 50 müň bolan Samandag burçy, ýer we howa şertleri sebäpli diňe bu sebitde ösýär. Skowill ýylylyk birligi, aslyna seredilende ajy diýilýän tagamy däl, önümiň düzümindäki kapsaisin atly maddanyň agyzda näçe ýylylyk emele getirýändigin ölçeýär. Kapsaisin ajyn burça ajylyk berýän madda. Adamyň dilindäki kapsaisin reseptorlary bolsa şol madda bilen ajy we ýylylyk duýgusyny emele getirýär.

Diňe bir Türkiýede däl, dünýäde-de isleg bildirilýän burçlardan biri bolan Samandag burçy, galyň gabykly, suwly we iňňän ajy burç görnüşlerinden biri. Bahar aýlarynda tomusa geçilýän günlerde bişýän burç, saglyk üçin iňňän peýdaly. Aşgazandaky siňdirişi ýeňilleşdiriji, ýagy işläp çykaryjy täsiri bilen horlanmak isleýänler üçin hamala diýersiňiz derman… Düzümindäki süýmüň mukdary ýokary bolan burç, gubuzlygy hem aýyrýar. Şol bir wagtda-da güýçli antioksidentlerden biri bolan Samandag burçunyň ýürek üçin hem peýdaldygy öňe sürülýär. Düzüminde ýokary mukdarda bar bolan S witamini immuniteti güýçlendirýär. Deriniň ýylmanak we sagdyn görünmegini üpjün edýän Samandagy burçy holesteriniň derejesini aşakladýar. Ähli peýdaly taraplaryna garamazdan bu burçy aşgazan we içege biynjalyklygy bolan adamlar ünsli sarp etmeli. Artykmaç sarp edilen halatynda aşgazana we içegä zyýan ýetirýän Samandag burçuny gan basynjy ýokary bolanlara we göwreli aýallara iýmek maslahat berilmeýär.



Degişli Habarlar