2023-nji ýyl syn

Hepdäniň Syny

2082166
2023-nji ýyl syn

Egerde 7-nji oktýabrdaky wakalary hasap etmesek, 2023-nji ýyly türk daşary syýasaty taýdan ozalky ýyllara görä asuda ýyl hasap etmek mümkin bolardy. Maý aýyndaky umumy saýlawlardan bäri dowam eden kadalaşma meýili, daşary syýasatyň umumy barşyny kesgitlemek taýdan möhüm boldy. Çözülmedik meselelere garamazdan potensial çaknyşyklaryň azaldylmagy we umumy bähbitleriň ileri tutulmagy daşary syýasatyň gün tertibiniň esasy ugurlary boldy. Saýlawdan soňky günlerde Prezident R.T.Erdogan Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlar blen gatnaşyklary ileri tutýan we ykdysadyýete üns berýän sebitleýin daşary syýasaty saýlap aldy. Siriýa sebäpli bar bolan howpsuzlyk wehimlerini azaltmak üçin Siriýanyň hökümeti bilen ministrler derejesinde gepleşiklere başlandy. Ysraýyl we Müsür bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagynda möhüm başlangyçlar edildi. Erdoganyň Garabagyň halas edilmeginde Azerbaýjana beren güýçli goldawy Türkiýäniň 2023-nji ýylda geosyýasy güýç hökmünde pozisiýasyny berkitdi.

Erdogan şeýle hem Türkiýäniň günbatar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşdy. Türk-Amerikan gatnaşyklarynda täze ugur kesgitlemegi maksat edindi we Ukraina meselesinde deňagramly pozisiýa eýeledi. 2023-nji ýyldaky beýleki bir möhüm daşary syýasat başlangyjyny Türkiýe-Gresiýa sammiti emele getirdi.

 Türk-Amerikan gatnaşyklary çözülmedik käbir meseleler sebäpli 2024-nji ýylda-da gün tertibinde galmaga dowam eder. Şolaryň başynda ABŞ-nyň terror guramassy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG-ä berýän goldawynyň dowam etmegi durýar. Esasanda ABŞ-nyň Siriýa strategiýasynda uly özgerlişige garaşylmaýar we ol hem Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda ÝPG-ä berilýän goldawyň dowam etjekdigini görkezýär. ÝPG harby ukybyny we halkara toruny güýçlendirdigi saýyn, dowam edýän goldaw Türkiýe üçin günsaýyn artýan kynçylyk döreder. Sebiti Demirgazyk Siriýa Demokratik Dolanşygy atlandyrýan toslama konstitutsiýanyň iş ýüzüne geçirilmegi ýaly soňky wakalar, Türkiýäniň herekete geçmeginiň ähmiýetini görkezýär. ÝPG meselesiniň 2024-nji ýylda ele alynmazlygy Türkiýe üçin has giň strategik meselä öwrüler. Şeýle hem Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň beýleki ugurlary hem geljek ýylyň hereketli geçjekdigini görkezýär. F-16 harby uçarlarynyň satuwyndan oňyn öňegidişlikler we Şwesiýanyň NATO agzalygy boýunça TBMM-niň kabul etjek oňyn karar Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň harby we goranyş ugurlaryna täsir ýetirer.

Emma Ysraýylyň Gaza söweşi we Türkiýaniň bu ugurdaky pozisiýasy ýaly dinamikalar Türk-Amerikan gatnaşyklaryna ýaramaz täsir ýetirer. Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasynda ýakyn gelejekde utgaşyklygyň gazanylmagy ähtimallygy pes we ol Türk-Amerikan gatnaşyklarynda ýaramaz faktor bolup durýar.

Türkiýe-Ýewropa gatnaşyklary taýdan 2024-nji ýylda, 2023-nji ýylda ýetilen sepgidi dowam etmegine garaşylýar. ÝB tarapynda hereketlenme bolman biler, emma saýlawdan soňky atmosferanyň etmegi ähtimal. Dowam edýän Ukraina meselesi, Türkiýe-Ýewropa gatnaşyklarynda möhüm täsire eýe we söweşiň barşy bilen bagly näbellilikler göz öňünde tutulanda Türkiýeden strategik çemeleşme talap edýär. İmmigrasiýanyň başda durmagynda howpsuzlyk bilen bagly aladalar hyzmatdaşlygyň sebäplerini güýçlendirýän bolsa, iki taraply ykdysdy garaşlylyk 2024-nji ýylda Türkiýe-Ýewropa gatnaşyklarynyň durnukly boljakdygyny görkezýär. Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky utgaşyklyk we Gündogar Ortaýer deňizindäki energetika pudakda artýan hyzmatdaşlyk, Türkiýe-Ýewropa gatnaşyklaryna oňyn goşant goşar.

Dowam edýän Ukraina söweşi 2024-nji ýylda-da esasy halkara meselelerden biri bolmaga dowam eder we ýakynlygy hem-de bähbitleri sebäpli Türkiýä hem täsirini ýetirer. Esasy sorag, ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň Ukraina harby kömegini dowam etdirip, etdirmejekdigi bilen bagly. Şol kömegiň dowam etmegi Ukrainanyň çaknyşygy dowam etdirme ukybyny kepillendirýän bolsa, kömegiň bes edilmegi söweşiň netijesini üýtgeder we Russiýanyň bähbidine bolar. Erdoganyň Wengriýa saparynyň dowamynda beren beýannamasy we Erdogan bilen Putiniň arasynda täze bir duşuşygyň geçirilmegi, galla geçelgesi ýaly ugurlaryň ähmiýetini görkezýär. Bular göz öňünde tutulanda Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary 2024-nji ýylda hem möhüm üns merkezlerinden biri bolmagynda galar.

Ýakyn Gündogarda gatnaşyklaryň kadalaşmagy türk daşary syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galar. Emma Türkiýe bilen Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky “kadalaşma” adalgasynň modasy geçse gerek. Ol hem bu tarapda täze bir ulalaşygy alamatlandyrýar. Türkiýe, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Katar ýaly ýurtlary goranyş hyzmatdaşlygynda birleşdirýän, potensial taýdan strategik ýaranlyga öwrüljek täze bir sebitleýin ylalaşyk emele geler. Emma Gaza meselesiniň çözülmezligi 2024-nji ýylda Ýakyn Gündogarda Türkiýä we bütin sebite ýaramaz täsir ýetirjek durnuksyzlyga sebäp bolar.

Ota Aziýa 2024-nji ýylda Türkiýe üçin, esasanda Türki döwletleriň guramasynyň çägindäki gatnaşyklar taýdan has möhüm ähmiýete eýedir. İlki ykdysady hyzmatdaşlyga gönügen bu ýaranlygyň has strategik syýasy başlangyja öwrülmegi we Türkiýäni Orta Aziýa taýdan kepillendiriji daşary syýasat alyp barmaga ugrukdyrýar.

Umuman Türkiýäniň strategik şertleri dinamiz we diwersifikasiýa bilen häsýetlendirilýän, netijede Türkiýäniň täze sbitleýin hem-de halkara ýönelişi üçin kynçylyklary özünde jemleýan çäklendiriji sebitleýin atmosfera bilen netijelener.


Etiketkalar: #Hepdäniň Syny

Degişli Habarlar