Stambulyň Pişikleri

Taryhy Stambul şäheriniň pişikleri bilen hem meşhurdygyny bilýäňizmi?

2082172
Stambulyň Pişikleri

Müňlerçe ýyllyk geçmişi bolan, imperiýalara ýer eýeçiligini eden ajaýyp Stambul, taryhy we medeni gymmatlyklary, tebigy gözellikleri bilen bilelikde pişikleri bilen hem meşhur şäher. Emma Stambula mahsus pişik görnüşi bardyr öýtmäň! Bu şäherde köçelerde gabat gelýän pişikler barada aýdýarys…

Halkara ylmy barlaglar ähli pişikleriň Anadolydan we Müsürden gelip çykandygyny görkezýär. Anadolyda awçy hökmünde iýmitlenýän pişikler, Osman döwründe şäheriň durmuşyna utgaşypdyrlar we Stambulda çaltlyk bilen köpelen pişikler, şäherde hamala “pişik medeniýetini” döredipdiler. Şeýlelikde pişikler Stambulda gündelik durmuşyň bölegine öwrülýärler. Osman döwründe köçe haýwanlary goralyp, raýatlar hem oňa höweslendirilipdir, aşhanalarda ýoksul adamlar bilen bilelikde pişiklere we itlere hem nahar berilipdir. Hatda köçe haýwanlarynyň iýmitlenmegi we goralmagy üçin gaznalar döredilipdir. Häzirki döwürde-de haýwanlaryň goralmagy üçin müňlerçe meýletin iş alyp barýar.

Osman döwleti şol bir wagtda-da haýwan hukuklaryny kanunlaşdyran ilkinji döwlet. 16-njy asyrda çykarylan kanunnamalarda garry haýwanlaryň agyr işlerde işlerde işledilmegi gadagan edilipdir. Osman döwletinde adamlaryň köçe haýwanlaryna miras goýanlary hem bolupdyr.

Stambulyň tas ähli etrabynda pişikleri görmek mümkin. Her reňkdäki we ýaşdaky pişik seýilgählerde, penjireleriň öňünde, dükanlaryň gapysynyň öňünde, dükanlaryň witrininde, kitapçynyň tekçesinde, metro bekedinde, gamide gabat gelip biler.

Stambulyň we belkem dünýäniň iň meşhur pişigi bolsa Aýasofiýa pişigi hökmünde-de tanalýan Gli. 2004-nji ýylda Aýasofiýada, gullukçynyň külbesiniň aşagynda doglan üç pişikden biri bolan Gli, 2020-nji ýylda ölýänçä Aýasofiýada ýaşady we zyýaratçylaryň üns merkezinde boldy. Sosial mediada ýüz müňden gowrak janköýeri bolan eýjejik pişik, Aýasofiýanyň meşhur arhitekturasynyň fotsuratlarynda-da bardy.

Stambulyň pişikleri bilen ýakyndan tanyşmak isleseňiz 2016-njy ýylda Jeýda Torun tarapyndan surata düşürilen “Pişik” filmine tomaşa etmegiňizi maslahat berýäris.



Degişli Habarlar