Bursa Pyçagy

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2085302
Bursa Pyçagy

Türkiyäniň Marmaraý sebitinde ýerleşýän Osmanly Döwletiniň taryhy paýtagtlarynyň biri bolan Bursa şäheri adaty el işleriniň seýrek mysallaryndan biri bolan "Bursa pyçagy" bilen tanalýar. Bursa Osmanly Döwletiniň goşunynyň zerur bolan gylyç we gama ýaly ýaraglaryň öndürilmegi bilen öň hatara çykýardy. Goşunyň ot açýan ýaraglary ulanmaga başlamagy bilen 19-njy asyryň ahyryndan başlap, gylyç önümçiligi öz ýerini pyçak we el gurallary önümçiligine goýdy. 1913-nji ýylda geçirilen senagat ýazuwynda Bursada 100-den gowrak pyçak önümçiliginiň ýerine ýetirilýän ussahanalaryň bardygy hasaba alynan bolsa, olaryň ýyllyk önümçiligi bolsa 1 milliondan geçýärdi. 2018-nji ýylda Bursanyň şäher häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde  Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Bursa pyçagy, ýitiligi we çeýeligi bilen Türkiyäniň çäklerinden daşarda hem meşhurlyga eýe boldy. Pyçak özüniň polat böleginiň 3 V-li agyz ýagdaýyna getirilmegi we agaç, şah ýa-da plastik tutawajynyň dakylmagy bilen ýasalýar. Poladyň gatylaşdyrylmagy we suw bermek tapgyrlary önümçilik böleginiň esasyny emele getirýär. Adaty önümçilikde polady ýylatmak we gaýtadan işlemek üçin ýokary uglerodly kaştan gabygynyň kömüri ulanylýar. Pyçak ussalary kömür odunyň üstünde gülgüne reňkine öwrülýänçä çenli gyzdyrýan poladyň gatylygyny, eýýäm ençeme asyr bäri ulanýan suw bermek usuly arkaly düzgünleşdirýärler. “Menewiş” diýip atlandyrýan polada suw bermek usuly şowsuz bolan halatynda, pyçagyň gatylyk derejesi düzgünleşdirilip bilinenok, polat ýa döwülýär ýa örän ýumşak bolýar ýa-da ýiteldip bolanok. Esasan hem arça agajyndan ýasalýan pyçagyň sap bölegi üçin islege görä buffalo, ýabany geçi, sugun ýaly haýwanlaryň şahlaryndan ýasalan saplar hem ulanylýar. Mundan başgada pyçagyň tutulýan ýerine altyn, kümüş ýa-da gymmat bahaly daşlar Bursa mahsus motiwler ulanylyp bezelip bilinýär.


Etiketkalar: #pyçak , #Bursa

Degişli Habarlar