Ýolda Öýjükli Telefon Ulanmaň…

Çünki

2087977
Ýolda Öýjükli Telefon Ulanmaň…

Gepleşigimiziň bu sanynda taryhy geçmişi uly bolmadyk, emma durmuşymyzyň aýrylmasyz bölegine öwrülen öýjükli telefon hakynda söhbet etmekçi. Ýöne, ösen ykjam telefon tehnologiýasy hakynda däl, üns bermän halatymyzda ölüm howpuny döredýän ýol hereketinde ykjam telefon ulanmak hakynda söhbet etmek isleýäris. Ýol hereketinde ykjam telefon ulanmaýaryn, çünki…

Ýol hereketinde ünsi sowýan esasy faktorlardan biridir. Beýnimiz ünsi tapawutly ýerlerden gelýän duýduryjylara gönükdirmek üçin adatdakydan köp işleýär. Sürüjiler şol bir wagtdan pedallara basmak, ruly tutmak, aýnalara gözegçilik etmek, ýol hereketine seretmek ýaly birnäçe işi bir wagtda edýär. Öz-özünden bolýan ýaly görünýän işler, aslyna garalanda beýnimiziň şol pursatda karar berip, elimize, gözümize ýetirýän görkezmeleri bilen amala aşyrylýar. Mehaniki ulaglar ýaly beýni hem ukybyndan ýokary ýük ýüklenen halatynda adaty iş tertibiniň daşyna çykyp, näsazlyk alamatlaryny görkezýär.

“Ulag sürýäkäm iki minutjyk telefonda gepleşmek beýnimi näme üçin ýadatsyn?” diýlen soraga, käbir netijeler bilen jogap bereliň. Ylmy barlaglar telefonlary bilen gyzyklanýan sürüjüleriň howplara göz ýetirmek we şoňa görä çemeleşme meselesinde telefonda gepleşmeýänlere görä has başarnyksyzdygyny görkezýär.  Beýni bilen bedeniň yzgiderli utgaşykly bolýan sürüş mahalynda ýüze çykmagy ähtimal haýsydyr bir howpa sekuntdan hem gysga möhletde çäre görmek iňňän möhüm. Beýniniň telefon gepleşigi bilen meşgul edilmegi bolsa adaty ýagdaýda bedene has gysga möhletde ýetirilýän görkezmeleriň ýuşawamagyna sebäp bolýar.

Telefon gepleşigini gulaklyk we mikrofon arkaly etmek hem meseläni doly çözmeýär. Barlaglar sürüjileriň ellerini meşgul etmeýän hem bolsa, telefon gepleşikleriniň mazmunynyň ünsi söwmak taýdan täsiriniň ýokarydygyny nygtaýar. Şonuň üçin gündelik telefon gepleşikleriniň 20 göterimi aňy has köp işletmegi talap edýän gepleşikler bolsa, 30 göterime golaýy ünsüň sowulmagyna sebäp bolýar. Şeýle hem hereket mahalynda telefon bilen gepleşmek dünýäniň ähli ýerinde ýol gereketi düzgünini bozýandygy üçin jezalandyrylýar.



Degişli Habarlar