Energetikada 2030-njy ýyl maksatnamalary kesgitlendi

Energetikanyň Gün Tertibi

2091018
Energetikada 2030-njy ýyl maksatnamalary kesgitlendi

Energetikanyň Gün Tertibi atly gepleşigimiziň bu hepdeki sany energiýanyň netijeli ulanylmagy, Türkiyäniň we halkara jemgyýetiň maksatlary...

Energiýa çeşmeleriniň netijeli ulanylmagy, dünýäniň gün teritibiniň iň möhüm ugurlarynyň arasynda bolmagynda galýar. Howanyň çalşygy, halkara krizisler we resurslaryň günsaýyn azalmagy olaryň iň möhüm sebäpleridir.

Halkara jemgyýet hem energiýa çeşmeleriniň netijeli ulanylmagy üçin işe girişdi. Howanyň çalşygy režimini düzgünleşdirmek maksady bilen Pariž Klimat çalşygy ylalaşygyna gol çekildi. Ylalaşygy Türkiye hem goldady.

Soňky maglumatlara görä uglerod gazlarynyň mukdary 2022-nji ýylda 36,8 milliard tonnadan geçdi we ähli wagtlaryň iň ýokary çägine ýetdi. Uglerod gazlarynyň mukdarynyň 2023-nji ýylda 40 milliard tonnadan geçip biljekdigi çak edilýär.

Ylmy derňewe görä dünýä derejesinde geçen ýyl uglerod zyňyndylaryny iň köp çykarýan ýurt 30,7 göterim bilen Hytaý boldy. Hytaýdan soň 13,6 göterim bilen ABŞ boldy.

Hindistan global Uglerod zyňyndylaryny iň köp çykarýan ýurtlaryň hatarynda 7,6 göterim bilen 3-nji, ÝB 7,4 göterim bilen 4-nji, Russiýa 4,4 göterim bilen 5-nji boldy.

Türkiýäni beýleki ýurtlardan tapawutlandyrýan örän möhüm maksady bar.

Ýaşyl galkynyş ynkylaby bilen 2053-nji ýylda “zyňyndylary nol derejesine” ýetirmek.

Türkiye soňky 10 ýylda jemi içerki önümini 67 göterim, ilatyny 13 göterim artdyrdy. Önümçiligiň we abadançylygyň ýokarlanmagy bilen energiýa sarp edilişi hem artdy.

Ýaşyl galkynyş maksatnamasynyň çäginde ediljek iň möhüm ädim energiýanyň netijeliligi... Türkiye 2017-2023-nji ýyllar üçin ilkinji milli energiýa netijeliligi meýilnamasyny çap etdi. Jemi gymmady 8,5 milliard dollar bolan ýaşyl energiýa maýa goýumlary goýuldy. Önümçilikden ahyrky sarp edilşe çenli ähli pudaklar bilen geçirilen işleriň netijesinde esasy energiýa sarp edilşinde 14 göterimlik tygşytlylyk üpjün edildi. 70 million tonna zyňyndy azaldyldy.

"Nol zyňyndy" maksatnamasy bilen bilelikde Türkiye Ýaşyl Galkynyş üçin maksatlaryny artdyrdy.

Energetika we tebigy serişdeler ministrligi energiýa netijeliligi ugrunda 2030-njy ýyla çenli ýol kartasyny aýan etdi.

Ýol kartasyna görä Türkiyäniň 2030-njy ýyla çenli energiýa sarp edilşini 16 göterim azaldyp, zyňyndylaryny azaltmak maksatnamasyna 100 million tonna goşant goşmagyna garaşylýar. 20 milliard dollar energiýa netijeliligi boýunça maýa goýmagy meýilleşdirilýär.

Emma energiýa netijeliligi üçin edilmeli ädimler diňe maýa goýumlary bilen çäkli däl...

2030-njy ýyla çenli döwlet edaralarynda 30 göterim energiýa tygşytlanar. Energiýa netijeliligi üçin ulanylýan ulgamlar we tehnologiýalar ýaýbaňlandyrylar. Höweslendirmeler bilen, senagat pudagyndaky galyndy ýylylygy dikeltmek taslamalarynyň sany iki esse artar. Elektrik tokda işleýän motorlar bilen ýylylyk nasoslarynyň ulanylyşy artdyrylar.

Taslamanyň maksatlaryna laýyklykda umumy yşyklandyryşda 1,2 million LED lampa enjamlary gurlar. Ýitgileriň we bikanunlygyň öňüni almak üçin akylly hasaplaýjylaryň görkezijileri 25 göterime çenli ýokarlanar.

Häzirki wagtda Türkiyede takmynan 110 müň megawat elektrik energiýasy we 13 müň 35 elektrik öndürýän desga bar.

2023-nji ýylyň noýabr aýyna çenli elektrik energiýasynyň 29,8 göterimi gidrawliki, 23,9 göterimi tebigy gaz, 20,5 göterimi kömür, 11 göterimi ýel, 10,6 göterimi gün, 1,6 göterimi geotermiki we 2,6 göterimi beýleki çeşmelerden peýdalanylyp öndürilýär.

2035-nji ýyla çenli gün energiýanyň 53 müňe, ýeliň 30 müňe, gidroelektrik energiýasynyň 35 müňe, geotermiki we biomassanyň güýjüniň takmynan 5 müň megawata çenli ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Energiýa netijeliliginiň çäginde edilmeli ädimler we maýa goýumlary bilen birlikde arassa energiýany ulanylyşynyň 70 göterimden geçmegi maksat edinilýär.

Arassa energiýa öndürmek we tygşytly ulanmak arkaly uglerod zyňyndylaryny 35 göterim azaltmak meýilleşdirilýär.

Halkara Energetika Guramasynyň 2024-nji ýyldaky habarnamasyna görä, dünýäde gaýtadan işlenýän energiýa kuwwatynyň iň çalt ösüşi soňky 30 ýylda görülýär.

Dünýäde geçen ýyl 2022-nji ýyla garanyňda 510 gigawatt bilen 50 göterimden gowrak gaýtadan işlenýän energiýa kuwwaty işe girizildi, şol artyşyň 75 göterimi gün energiýasyndan üpjün edildi.



Degişli Habarlar