Ordu Mesudiýe Gury Çöregi

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2091025
Ordu Mesudiýe Gury Çöregi

Türkiyäniň Gara deňiz kenaryndaky Ordu şäheriniň Mesudiýe etraby ýörite usul bilen bişirilýän we amatly şertlerde 5 ýyla çenli gorap saklap bolýan çöregiň görnüşleriniň birine ýer eýeçiligini edýär. Sebitdäki ýaýlag medeniýetiniň netijesinde ýüze çykan "Mesudiye guradylan çöregi", Ordu şäher häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2022-nji ýylda Türkiyäniň özboluşly önümleriniň arasyna goşuldy. Bu halka görnüşli çöregiň hamyrynda diňe bugdaý uny, gury hamyrmaýa, suw we duz ulanylýar. Takmynan 150 gr agyrlygynda öndürilýän çöregiň hamyry 20 minutlap maýalanýar we birnäçe wagt dem berileninden soň, halka görnüşine getirilýär. Halka görnüşindäki hamyrlar dub ýa-da sosna agajynyň odunlary bilen 170 gradus derejede gyzdyrylan daş peçlerde 15 minut bişirileninden soň, ýarym ýagdaýda bişen görnüşde çykarylýar. Çörek sowanyndan soň ýaňadandan 15 minut bişirilýär. Bu usul bilen çörekde islenýän gurulyk üpjün edilýär. Bişirmek işinden soň, diametri 25-30 sm ýeten çörekler doly guramagy üçin gyzgynlygy 50 gradusa ýeten daş peçlerde takmynan 5 sagat saklanýar. Peçden çykaryp sowamagy üçin ýene-de 1 sagat saklanýan Mesudiýe Gury çöregi, howa geçirmejek görnüşde torbalara goýulyp satylýar. Mesudiýe Gury Çöregini salkyn we gury şertde goralan halatynda takmynan 5 ýyla çenli saklap bolýar.  


Etiketkalar: #çörek , #Mesudiýe , #Ordu , #Türkiye

Degişli Habarlar