Teatra gidýärin…

Çünki

2091002
Teatra gidýärin…

Gepleşigimiziň bu sanynda taryhy 3 müň ýyldan köp bolan teatr sungaty hakynda söhbet etmekçi. Aradan geçen şunça wagta, kino, teleýaýlym, sosial media ýaly faktorlaryň ýaýbaňlanmagyna garamazdan durmuşymyzda bolmaga dowam edýän teatr hakynda…

 “Teatra gidýärin, çünki” diýenden soň, aýdyljaklar adamdan-adama üýtgäp biler. Biz olary umumy çarçuwada dykgatyňyza ýetirmekçi. Teatr, tapawutly medeniýetlere düşünmegi we olaryň öwrenilmegini ýeňilleşdirýär. Dürli döwürlerde we sebitlerde goýulýan oýunlar tomaşaçylara tapawutly medeniýetleri tanamaga, olara düşünmäge şert döredýär. Şeýle hem oýunlaryň temalary esasanda ýaş tomaşaçylarda täze pikirleri ýüze çykarýar.

Wizual, sesli we duýguly faktorlary özünde jemleýän teatr, tomaşaçylara diňe şol pursatda, şol ýerde bolup geçýän tejribäni başdan geçirdýär. Döwrümizde günsaýyn ýaýbaňlanýan öýde ýekelik kino-filme ýa-da seriala tomaşa etmekden tapawutlylykda sahnada janly teatra tomaşa etmek adamlary bir ýere jemleýän we topar duýgusyny güýçlendirýän çäredir. Teatr oýunyna tomaşa edýärkä, şol bir tejribäni bölüşýän adamlaryň arasynda bir arabaglanşyk emele gelýär. Ol hem edebi eserleri okaýarkaňyz ýa-da kino-filme tomaşa edýärkäňiz görýän obrazlaryňyzdan has güýçli täsir galdyrýar.

Teatr sahna dizaýnyndan egin-eşiklere, tekstden oýunçylyk usullaryna çenli ençeme döredijilikli faktory öz içine alýar. Oýuna tomaşa edýärkäňiz şol faktorlaryň emele geliş tapgyryna syn edýän tomaşaçylaryň daş-töweregine bolan garaýyşynyna oňyn tarapa özgerder. Estetiki düşünjäniň ösmegi adamyň edýän işini düýpleý özertme güýjüne eýedir.

Sungatdada çünkiniň bolmajakdygyny, sungadyň maksadynyň diňe özidigini beýan edýän alymlar bar hem bolsa, teatra gitmegiň peýdalaryna hiç kim garşy durmazmyka diýýäris. Sungat ussaatlarynyň eserlerini döredýärkä bähbit aramazlygy tomaşaçynyň ondan peýdalanmajakdygyny aňlatmaýar. Şol sebäpli bol teatrly günler arzuw edip, siziň bilen hoşlaşýarys.


Etiketkalar: #sahna , #teatr

Degişli Habarlar