Burdur Ibejik biz matasy

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2094013
Burdur Ibejik biz matasy

Türkiyäniň Ortaýer deňizi sebitinde ýerleşýän Burdur welaýatynyň Ibejik obasy, özboluşly önümçilik usulyna eýe bolan dokma önümleriň birine öz adyny berýär. Obanyň degişli bolan Gölhisar etrap häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2023-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Ibejik biz matasy esasan hem hoz agajyndan ýasalan dokma gurallarynda (stanok) düzümi100 göterim pagta bolan pagta ýüplügi bilen öndürilýär. Obada ýaşaýan zenanlar tarapyndan ýörite dokma usuly ulanylyp öndürilýän we örän inçe düzümi bilen ünsleri özüne çekýän Ibejik biz matasynyň çig maly pagta bolandygy üçin tebigy reňki sarymtyldyr. Dokamakda pagta ýüplük ulanylsa-da, wagtal-wagtal ýüň we ýüpek hem käbir önümlerde ulanylýar.Tapawutly usullary özünde jemleýän we esasan hem geometrik şekillerdäki köp sandaky motiwleriň ulanylýan Ibejik bizi fony ak ýa-da reňkli nagyşly matalara nagyşlama usuly bilen dokalýar. Motiwler üçin fonyna laýyklykda has inçe ýa-da reňkli ýüplükler ulanylýar we şol ýüplükler 12 gezek örtmek bilen galyňlaşdyrylýar. Obada ýaşaýan we tomus aýlary günüň aşagynda ekin meýdanlarynda işlemäge mejbur galan erkekleriň we zenanlaryň eýýäm ençeme ýyl bäri başatgyç hökmünde ulanan bu örän inçe dokma önümi, şol bir wagtda stol we kofe stol örtügi, saçak süpürgiji, “Peşkir” diýip atlandyrylmak bilen aşhanadaky el süpürilýän mata, zenanlar üçin şarf we öý dokma önümlerinde giňden ulanylýar.


Etiketkalar: #mata , #biz , #Ibejik , #Burdur

Degişli Habarlar