Güýmenjelerim bar..

Çünki

2093973
Güýmenjelerim bar..

Gepleşigimiziň bu sanynda size köp sanly adamyň durmuşynyň bir böleginde orun eýeleýän, az sanly adamyň kadaly dowam etdirýän adalgasy bolan güýmenjeler hakynda söhbet etmekçi. Güýmenjelerim bar, çünki, diýip söze başlaýaryn.

Wezipäniň we hünäriň daşynda höwes bilen edilýän, dynç beriji, wagtymyzy gowy geçirmek hökmünde kesgitlenýän güýmenje, adamyň boş wagtlaryny peýdaly geçirmek, stressden çetleşmek ýa-da öwrenmek maksady bilen islege bagly geçirýän çäresidir. Güýmenjeler ähli zatda öň maýa goýum serişdesidir. Şol serişdäniň saýasynda orta we uzak möhletde haýsydyr bir iş bilen yzgiderli meşgullanmak, iş, maşgala we jemgyýet durmuşynyň daşynda galan wagty gönükdirme ukybyna eýe bolýarys. Şol tejribe iş we maşgala durmuşymyza hem oňyn goşant goşýar.

Güýmenje, adamyň täze ukyplare eýe bolmagyna, ony kämilleşdirmegine we özüni beýan etmegine şert döredýär. Güýmenje, birmeňzeş endikleri bolan adamlardan ybarat toparlaryň arasynda bölüşilip, dowam edýär. Biziň zamanamyzda aragatnaşyk tehnologiýalaryna ýetilen sepgidiň saýasynda adamlar güýmenjeleri bilen bagly täzelikleri dünýäniň islendik ýerindäki adamlar bilen dowam etdirýär. Güýmenjeler bilen bagly sosial media kontentlerini taýýarlamak hem iňňän ýaýbaňlandy. Güýmenjeler şol jähtden aragatnaşygyň iň ýokary derejede dowam edýän çäreleridir.

Güýmenjeleriň esasy özbolyşlygy, boş geçirilen wagtyň ýerine, ondan netijeli peýdalanmakdyr. Teleýaýlyma ýa-da sport bäsleşiklerine toşama etmek şol sebäpden güýmenje toparyna goşulmaýar. Güýmenjede adamyň saz guralyny çalmagy, belli özbolyşlykdaky goşlary tertiplemek ýaly fiziki ýa-da teoriki çäre bolmaly.

Güýmenjeleriň beden we ruh sagdynlygyna oňyn täsiri uzak ýyllardan bäri ylmy barlaglara tema bolup gelýär. Esasanda ýetginjeňlik döwründe belli bir güýmenje bilen yzgiderli gyzyklananlaryň psihiki-sosial ösüşiniň güýmenjesiz bolanlardan has ýokarydygy anyklanandyr. Her gün azyndan bir sagat güýmenjesi bilen meşgullananlaryň demans hassalygyna uçrama howpunyň azalýandygy hem kesgitlenendir. Zamanamyzda ýeňil we orta derejeli depressiýanyň bejergisinde kliniki usullaryň ýany bilen hassalaryň güýmenje edinip, yzgiderli häsýetde şonuň bilen meşgullanmagy lukmanlar tarapyndan höweslendirilýär.


Etiketkalar: #gyzyklanmak , #güýmenje

Degişli Habarlar