Düzje Ýufka çörekli Konuralp Palowy

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2096850
Düzje Ýufka çörekli Konuralp Palowy

Türkiyäniň Gara deňiz lenaryndaky Düzje şäheri, dabaraly günleriň tagamy bolan palowyň görnüşleriniň birine ýer eýeçiligini edýär. Geçmişi Osmanly imperiýasyna çenli uzap gidýän Düzje Ýufka çörekli Konuralp Palowy Düzjäniň welaýat Oba hojalyk we tokaýçylyk müdürliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Esasan hem toý dabaralarynda we mukaddes gijeler ýaly ýörite günlerde myhmanlara hödür kerem edilýän “Düzje Ýufka çörekli Konuralp Palowyny” bişirmek ussatlyk talap edýär. Palowyň tagamyny berýän iň möhüm element süňk çorbasydyr. Palow taýarlanmadan 1 gün ozal göläniň süňkleri gowy ýuwulýar we sowuk suwa batyrylyp goýulýar. Soňra süňkler gazana goýulýar we içindäki ýülük çykýança çenli gaýnadylýar. Gaýnadyş işleri tamamlanandan soň, süzgüçiň üstüne arassa marly goýulýar we süňk çorbasy ähli galyndylardan arassalanýar. Şol aralykda, geografiki taýdan hasaba alnan Konuralp tüwüsi 1-2 nahar çemçesi salamura duzy goşulan ýyly suwda 1-2 sagat saklanýar. Sowuk suwda ýuwulan tüwi süňk çorbasyny we adaty suw goşup gaýnadylýar. Biraz wagt geçeninden soň, gazana öňünden gaýnadylan nohut, gaýnadylan we ownuk dogralan sygyr eti, duz we gara burç goşulýar we gaýnadyş işleri dowam etdirilýär. Suwuny siňdiren tüwi, içerden daşyna tarap agaç çemçe bilen gaty haýal görnüşde garylýar we demini almagy üçin saklanýar. Demini alyş tapgyrynda palowly gazanyň daşy mata bilen soralýar. Şol bir wagtyň özünde, öýde bişirilen ýufka ýa-da inçe lawaş çöregi ýyla suwa batyrylýar. 30 minut töweregi demini alan tüwi bir tarelka geçirilýär, ýufka çöregi onuň üstüne ýaýradylýar we gyzgyn görnüşde hödür kerem edilýär.


Etiketkalar: #Konuralp , #palow , #çörek , #ýufka , #Düzje

Degişli Habarlar