Ýyldyzlar parlaýar…

Çünki

2096894
Ýyldyzlar parlaýar…

Gepleşigimiziň bu sanynda gündelik durmuşdan çetleşip, ylmy kesgitlemelerden birini seljermek isleýäris. Käbir maglumatlar mekdepde öwrenilýän hem bolsa, durmuşda peýdalanylmaýanlaryň wagtyň geçmegi bilen ýadymyzyň çuňluklarynda saklanyp galýandygyny pikir edip, “ýyldyzlar parlaýar, çünki” diýmek isleýäris…

Bilşiňiz ýaly dünýämiz ýedigen galaksisiniň merkezinde durýan güneş arkaly ýagtylýar. Planetamyz gijelerine bolsa güneşden alýan ýagtylygyny şöhlelendirýän aý tarapyndan ýagtyldylýar. Şäherdäki çyralaryň ýok döwründe ýa-da häzirki döwürde bu emeli ýagtyltmadan daşda bolan ýerlerde gijelerine asmanda parlaýan ýyldyzlary görýäris. Eýsem güneşiň we beýleki ýyldyzlaryň şeýle ýagtylyk bermegini üpjün edýän nämekä?

Ýyldyzlar parlar, çünki şol asman jisimleri üznüksiz energiýa öndürýär. Şol energiýa ýylylyk we ýagtylyk görnüşinde äleme ýaýraýar. Ýyldyzlaryň düzüminde esasanda atom böleginde ýokary ýylylyk we basyş astynda termoýader reaksiýalar emele gelýär. Şol reaksiýalarda ýeňil elemetler, agyr elementlere öwrülýär. Şeýlelikde reaksiýanyň netijesinde iňňän parlak ýagtylyk emele gelýär.

Beýleki ýyldyzlar ýeriň ýüzünden seredilende güneşiň ýagtylygy düşmeýän mahaly, ýagny gijelerine asmanda görünýärler. Onuň esasy sebäbi Eýnşteýn tarapyndan formulalaşdyrylan massa bilen energiýanyň arasyndaky deňagramlykdyr. Ýyldyzlaryň atomynda bolup geçýän, asman jisminiň deňagramly bolmagy üçin yzgiderli häsýetde energiýa öndürýän elementleriň arasyndaky gatnaşykdan ägirt uly ýylylyk we ýagtylyk energiýasy emele gelýär. Ýyldyzlardaky energiýa gatlaklara ýagtylyk görnüşinde ýaýraýar.

Ýyldyzlar, termoýader reaksiýalaryň yzgiderliligi saýasynda millionlarça ýyllaryň dowamynda energiýa öndürip biler. Biz, dünýäliler özümize iň ýakyn bolan ýyldyzlaryň güneşden çykýan ýagtylyk şöhlelelirini hem ortaça 8 minut soň görýäris. Gijelerine asmanda parlaýan has alysdaky ýyldyzlar bolsa sönüp bilýär. Biziň yşyk şöhleleri hökmünde görýänlerimiz, aslyna garalanda ýagtylygyň geçen trillionlarça kilometrlik ýoluň başlangyç nokadydyr. Sebäbi şöhle älemde sagatda bir milliard kilometre barabar ýol geçýär. Açyk gijede görünýän ýyldyzlar şöhlelerini million, hatda milliardlarça ýyl ozal öndürip, äleme ýaýratdylar.


Etiketkalar: #planeta , #parlamak , #ýyldyz

Degişli Habarlar