Hroniki Prostatit

Saglygym baýlygym

2100498
Hroniki Prostatit

Gepleşigimiziň bu sanynyň mowzugy: Hroniki Prostatit (Hroniki prostata iriňi).

Prostata mäzinde emele gelen infeksiýa ýa-da zyýan ýetiriji faktorlar sebäpli ýüze çykan hassalyk bolan hroniki prostata; ýygy-ýygydan peşewe giýmek, kynçylykly we ganly peşew, agyry we ýanma ýaly komplikasiýalaryň emele gelmegine sebäp bolýar.

Her 10 erkekden dördünde bolan bu kesel, erkekleriň durmuş komfortuny diýseň peseldýär. Jynsy gatnaşyga we psihika iňňän ýaramaz täsir ýetirýän hem-de gaýtalanýan kesellerden biridir.

Hroniki prostatit üçin tebigy bejergi usullary we maslahatlarymyz şulardan ybarat:

Bu hassalygyňyz 1-2 ýyldan bäri dowam edýän bolsa öýde peýdalanyp bilinjek käbir emler agyryňyzy azaldyp biler. Mysal üçin:

1 litr suwy gaýnadyp, içine 250 gram brokoli goşmaly. Ojagyň aşagyny peseldip, brokolini 5 minut gaýnadandan soň suwy sowatmaly. Suw sowandan soň süzülip, alynan suw üçe bölünip irden, günorta we agşam aç garna içilmeli. Brokolinin suwuny içenden soň, 20 minudyň dowamynda hiç zat iýmeli däl. Suwda gaýnadylan brokoli bolsa naharda ýa-da saladlarda peýdalanylar.

Şu bejergi usuly bir hepde üznüksiz dowam etmeli. Üç gün arakesme berilenden soň ýaňadandan başlanmaly. Jemi 21 günüň dowamynda 7 gün üznüksiz içip, üç gün arakesmesiz bejergi dowam etdirilmeli. İne şondan soň ýarawsyzlygyňyza azalar.

Hroniki prostata keseliniň ösümlikler bilen bejergisinde 1 sany orta ululykdaky goňur reňkli soganyň gabygyny artyp, dograndan soň, bir bölek çörek bilen iýmeli. Ol, hassalyk sebäpli emele gelen iriňlenmäni azaldar we agyrylary rahatlandyrar.

Agşam ýatmazdan ozal bir litr suwa iki sogany artyp salyň, ir säher bir käse aç garna için.

Günde bir gysym çig kädi çigidini iýmek maslahat berilýär. Ýa-da 500 gram çig kädi çigidini robotda üwäp, bala goşmaly. Ertirlerine bir datly çemçesi iýmek maslahat berilýär.

Günde 8-10 sap kiçi ýaprakly petruşka gaýnadyp içmek prostata üçin peýdaly.

Üwelen zerdeçalyň yzgiderli sarp edilmegi iňňän peýdaly. Salatda, çorba, gatyga bir datly çemçesini goşup, iýmek maslahat berilýär.

Käşiriň suwy we ysmanagyň suwy prostata üçin iňňän peýdalydyr.

Ehinaseýa bedeniň infeksiýa garşy göreşmegine golda berýän ajaýyp immunitet güýçlendiri elementlere baý.

J witamini antioksident witaminlerden biridir. Antienflamatuar we immuniteti güýçlendiriji özboluşlyklary bar. Aýratynam peşewi has aşgarlaşdyrýar, şeýlelikde bakteriýalaryň ulalmagynyň öňüni alýar. Günde iki gezek 500 milli gram sarp edilmeli.

Antienflamatuar özboluşlyklary bolan keten tohumyny gatyga goşup iýmek maslahat berilýär.

 

  • Aýratynam köp mukdarda suw içmeli. Günde azyndan 6-8 stakan suw içmek maslahat berilýär.
  • Siýdik haltasyna zyýan ýetirme ähtimallygy sebäpli düzüminde kafein (çaý, kofe we kola) bolan gazly içgiler, emeli tagamlandyryjylar sarp edilmeli däl.
  • Hoşboý ysly iýmitler prostatanyň hasam agyrlaşmagyna sebäp bolup biler.
  • Tigir sürmek ýaly basynç emele getiriji çarelerden çetde durulmaly. Simptomlary hasam agyrlaşdyryp biler.
  • Gubuzlyk iriňli prostata mäzine zyýan ýetirýär we kesellide agyrynyň artmagyna sebäp bolýar. Süýmli azyklary sarp etmek maslahat berilýär.
  • Yzgiderli maşk etmek we kadaly uklamak maslahat berilýär.

Etiketkalar: #hroniki , #iriň , #prostata

Degişli Habarlar