Daşary ýurt dilini öwrenýärin…

Çünki

2103635
Daşary ýurt dilini öwrenýärin…

Türk dilindäki ajaýyp atalar sözünden biri bolan “bir dil bir ynsan, iki dil iki ynsan”, aslyna garalanda ähli zady özünde jemleýär. 20-nji asyryň başlarynda Wirtgenştaýn “dilimiň çägi, dünýämiň çägidir” diýmek bilen, pikirlenmegiň çäklerini kesgitlemäge synanşypdyr. Bilşiňiz ýaly dile gelýän ähli zat pikiriň netijesi bolşy ýaly, pikir edileni düşündirip bilmek hem dil bilen baglydyr. Başdan geçirilenleriň tapawutly dillerde beýan edilip bilinmeginiň dünýäniň çäklerini nähili giňeldýändigi indi hemmelere mälim bolsa gerek.

Ene dili, adamyň öwrenmeýän, endik edýän zadydyr. Bäbekler dil öwrenmeýär, dil edinýärler. Ene dilimiz bilen dünýäni tanap, ýakyn töweregimiz bilen aragatnaşyk saklaýarys. Haýsydyr bir jandar ýaly ýaşamagymyzy üpjün edýan şol özbolyşlyk medeniýetiň ýeten sepgidinde käbir üýtgetmelere zerurlyk duýýar.

Döwrebap dünýä her pursatda her ýer bilen aragataşyk saklamaga şert döredýär. Her sekuntda milliardlarça kontent dünýäniň çar tarapyna ýetýär. 100 ýyl ozal ýörgünli dil fransuzça bolan bolsa, biziň döwrümizde iňlisçe rowaç boldy. İnternetiň saýasynda dünýäniň ähli künjegi elýeterli. Kiçilikden daşary ýurt dilini öwrenmäge balamagyň zehin taýdan peýdalaryndan daşgary, fiziologik peýdalary hem kesgitlendi.

Daşary ýurt dilini däl, dillerini öwrenýärin, çünki dünýäde bolup geçýänlerden şol bada habarly bolup bilýärin, diýmegiň mejburlyga öwrülen döwründen ýerlikli peýdalanmak arzuwy bilen….


Etiketkalar: #öwrenmek , #dil

Degişli Habarlar