Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary

Saglygym baýlygym

2122464
Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Goňak; kelle derisiniň ýokarky gatlagyndaky öli öýjükleriň bölejikleriniň dökülmegi netijesinde emele gelýän näsaglykdyr. Goňak, hem zenanlaryň hem-de erkekleriň saçlarynda görülýän deri keselidir.

Goňagyň aýrylmagynda şu usullar peýdalydyr;

  • Saçy kadaly ýuwmak,
  • Saçy kadaly daramak,
  • Saça kadaly seretmek,
  • Uzyn saçly adamlar üçin saçy ýygy toplamazlyk,
  • Stressi azaltmak,
  • Aşa yssy suwda ýuwmazlyk,
  • Aşa sowuk suwda ýuwmazlyk,
  • Saçy köp boýatmazlyk,
  • Gel, saç spreýi, köpük ýaly saç üçin niýetlenen önümleriň ulanylyşyny azaltmak,
  • Günüň şöhlesinden goranmak,
  • Goşmaça B witamini içmek,
  • Goňakly saçlar üçin niýetlenen şampun ulanmak.

 

Tekliplerimiz bolsa şulardan ybarat:

Saç goňagyna garşy tebigy ýaglardan peýdalanmak maslahat berilýär. Çaý agajynyň ýagy, kokos we zeýtun ýagy.

Aloe wera:

Aloe wera gury saç derisini ýumşadyp, goňaklamany ortadan aýyrýar. Aloe werany duşdan öň saçyňyza massaž etmek arkaly çalyň. Masaždan soň 10 minut garaşyň we saçyňyzy durulaň.  Ony goňak doly aýrylýança gaýtalap bilersiňiz. Emma ýany bilen çyglandyryjy özboluşlykly şampun ulanmak maslahat berilýär.

 

Kokos ýagy

Kokos ýagy bakteriýalary ýok ediji we deriniň çyglylygyny artdyryp, goňak hem-de egzemanyň alamatlarynyň azalmagyny üpjün edýär.

 

Çaý agajynyň ýagy:

Çaý agajynyň ýagy goňagyň azalmagyny üpjün edýän bakteriýalary öldüriji we goňagy aýyryjy özboluşlyklara eýedir. Emma ynjyk derilerde zaýalanmalara sebäp bolup bilýär. Şol sebäpli kokos ýagy ýaly ýaglara goşup ulanmak maslahat berilýär.

 

Lawanta ýagy:

 

Lawanta ýagy saç derisiniň dykyzlanmagyny üpjün edip, deriniň ýylmanak we sagdyn bolmagyny ýola goýýar. Lawanta ýagy badam ýagy ýaly göteriji ýaglara goşulyp ulanylanda, goňagyň aýrylmagy üçin peýdalydyr.

 

Zeýtun ýagy:

Kelle derinize zeýtun ýagyny çalyň. Soň ýyly suwa batyrylyp, sykylan gyzgyn polotensany kelläňize dolaň. 40 minut garaşyp, durulaň. Bu bejergi usulyny bir hepde gaýtalaň.

 

Limon suwy:

Ýagly we goňakly saçlardan halas bolmak üçin limonyň suwy peýdalydyr. Şol em saçyň pH derejesini kadalaşdyrýan bolsa, şol bir wagtda-da saçyň derisine ornaşan kömelekleriň ulalmagynyň öňüni alýar. Duşdan ozal 20 minut saçyňyzy limon suwuna ezip, garaşdyrmak maslahat berilýär.

Probiotikleriň immunitet ulgamyny güýçlendirip, goňagyň ýüze çykmagynyň azalýandygy çaklanylýar. Şol sebäpli hem düzüminde probiotiki bolan iýmitleri sarp etmek maslahat berilýär.

 

Omega -3 ýagyny içmek:

Omega -3 ýag kislotalaryndaky ýetmezlik goňagyň emele gelmegine sebäp bolýar. Ýagly balyklar omega -3 ýag kilostasyna baýdyr. Keten tohumy, çia tohumy we hoz ýagly ýaly omega-3 taýdan baý bolan azyklary sarp etmek maslahat berilýär.

 

A witaminli azyklary sarp etmek:

Düzüminde A witamini bolan käşir, erik, bagyr, petruşka, kartoşka we ýygy-ýygydan balyk iýmeklik goňagyň öňüni alýar hem-de sagdyn iýmitlenmegiňizi üpjün eder.


Etiketkalar: #witamin , #saç , #goňak

Degişli Habarlar