Dilimden ýerlikli peýdalanýaryn…

Çünki

2122396
Dilimden ýerlikli peýdalanýaryn…

Gepleşigimiziň bu sanynda çylşyrymly meseleleri çözmekde we başgada ençeme zatda möhüm ähmiýetli mowzuk hakynda durup geçmek isleýäris. Dilden dogry we ýerlikli peýdalanmagyň netijeleri hakynda söhbetimize dilimden ýerlikli peýdalanýaryn, çünki, diýip söze başlaýarys…

Dil bilen pikiriň arasyndaky çylşyrymly arabaglanşyk medeni, aň-bilim we şahsy faktorlara görä ugrukýar. Diliň duýgyny we pikiri beýan etmekde diňe bir serişdedigini öňe sürýän garaýyşlar, ýerini günsaýyn diliň pikiri ugrukdyrýandygy hakyndaky tezise berýär. Bu çylşyrymly mowzuga girmezden öň diňe Ludwig Witgenşteýniň “Dilimiň çäkleri dünýämiň çäkleridir” sözüni ýatlatmagyň özem, diliň dünýädäki ähmiýetini beýan etmek üçin ýeterlik bolsa gerek.

Dilden ýerlikli peýdalanmak, netijeli aragatnaşyk açma ukybymyzy artdyrar. Işde, okuwda, hat-da maşgalada ýüze çykýan düşnüşmezlikler diliň ýerliksiz ulanylmagyndan gelip çykýar. Ol başarnyksyzlyk we lapykeçlik ýaly ruhyçökgünliklere sebäp bolýar. Ene dilimiziň inçe taraplary we söz baýlygy özümizi beýan etmek hem-de beýan edilenlere dogry düşünmek üçin iňňän möhümdir.

Ene dilimizi bilmek, öz medeniýetimize düşünme we beýan etme ukybymyzy güýçlendirýär. Ol, medeni taýdan baý ýaşamagymyza goşant goşar. Şeýle hem ene diliňi gowy bilmek, daşary ýurt dilini öwrenmegi ýeňilleşdirýär. Ýazuw düzgünlerine we söz düzümine düşünmek, täze dil öwrenmek üçin möhümdir. Şeýlelikde adamlar dünýäni dürli diller arkaly, ýagny has giň perspektiwadan tanamaga şert tapýar.

Ene dilini gowy bilmegiň pikirlenme we döredijilik ukyplaryna oňyn täsirinin bardygyny ýüze çykaran ençeme ylmy barlag bar. Ylmy barlaglaryň netijesi diliň çylşyrymly gurluşyny özleşdirip, dogry ulanýan adamlaryň gündelik durmuşda we iş durmuşynda has başarnyklydygyny görkezýär. Dil ukybynyň zehiniň sagdynlygyna hem oňyn täsiri bar.

Sözümiziň ahyrynda bu ukyba eýe bolmak üçin mekdepde alynan bilimiň ýany bilen kitap, gazet, žurnal okamak, teatra gitmek we sözlükden peýdalanmak iňňän peýdalydyr. Dilimden ýerlikli we dogry peýdalanýaryn, çünki dünýämiň serhetlerini giňeltmek isleýärin, diýip, siziň bilen hoşlaşýarys.


Etiketkalar: #ene dili , #dil öwrenmek

Degişli Habarlar