Ortaklar Çöp çişlik

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

2122795
Ortaklar Çöp çişlik

Türkiyäniň Egeý sebitindäki Aýdyn welaýatynyň Germenjik etrabynyň Ortaklar etrapçasy öz adyny beren çöp çişlik kebaby bilen ýakyndan tanalýar. Ortaklar Çöp çişlik Germenjik etrabynyň häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2020-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Sebitiň möhüm demirýol we awtoulag ýollarynyň biri bolan Ortaklar etrapçasyndaky Çöp çişlik kebab önümçiligi ilki bilen etrapçanyň ortasyndan geçýän demirýoluň töwereginde amala aşyrylypdy, wagtyň geçmegi bilen bolsa awtoulag ýolunyň golaýyndaky restoranlaryň hem goşulmagy bilen birlikde ol ýerdäki ýeke-täk tagam boldy. Ortaklar Çöp çişlik takmynan 15 sm uzynlygynda we 0,5 sm inli, ujy ýiti bolmagy bilen pyçak bilen taraşlanyp, ýiti ýagdaýa getirilen  gamyşlara düzülen ýagsyz we syrsyz ownuk böleklere bölünen sygyr etiniň kömürde bişirilmegi bilen taýarlanýar. Dilimlenip, birnäçe gün saklanýan sygyr eti, ýerli ýaşaýjylaryň aýdyşy ýaly "bir serçäniň ýuwdup biljek ululykda" kesilmegi bilen meşhurdyr. Çöp çişlik mangala goýulmazdan ozal, gamyşyň ujuna goýun guýrugynyň ýagynyň bir bölegi goýulýar. Gamyşdan ýasalan şompul çöp çişligine et we guýruk ýagyndan daşary gök önümler goşulmaýar. Ortaklar Çöp çişlik ownuk et böleklerinden ybarat bolany üçin, ýokary otda gaty çalt bişirilip, myhmanlara hödür kerem edilip bilinýär. Köz odunda karamelizasiýa bolýança çenli bişirilýän sogan, sarymsak, pomidor we burç bilen hödür kerem edilýän çöp çişligiň ýany bilen şeýle hem duz, gyzyl burç, gara burç, kmin (kimýon) ýaly önümlerden ybarat hoş boý ysly otlar hem islege laýyklykda berilýär.


Etiketkalar: #Türkiye

Degişli Habarlar