Çilim çekemok…

Çünki

2125620
Çilim çekemok…

Gepleşigimiziň bu sanynda  size döwrümiziň iň esasy meselelerinden biri hakda gürrüň bermek isleýäris. Rak keseliniň başda durmagynda ençeme hassalyga sebäp bolýan çilim çekme endigi hakynda… Çilim çekemok, çünki diýip söze başlaýarys.

19-njy asyryň ortalaryna çenli ortaça adam ömri has gysgady. Onuň esasy sebäbi bejergi usullarynyň heniz ösmänligidi. Mysal üçin dişi çüýrän adam, 20 ýaşlarynda-da iriňleme sebäpli ýogalyp bilýärdi. Sanjymlaryň, dermanlaryň, bejergi usullarynyň tapylmagy bilen durmuşyň hilini ýokarlandyran adam ogly, bir tarapdan hem öz eli bilen saglygyna howp salýan açyşlary etmekde çetde durmady. Onuň başynda bolsa çilim durýar.

1950-nji ýyllara çenli çilim çekmegiň zyýanlary hakynda köp durulmaýardy. Hat-da şol döwürde Amerikada çilim reklamalarynda lukmanlara orun berilip, çilimiň adamyň saglygyna zyýanly däldigi wagyz edilýärdi. Emma ösen lukmançylyk tehnologiýasynyň saýasynda çilimiň ölüm howply hassalyklara sebäp bolýandygy 50-nji ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap ýüze çykmaga başlady.

Lukmançylykda ýetilen sepgit çilimiň öýken ragynyň başda durmagynda rak keseliniň ençeme görnüşi bilen gönüden arabaglanşyklydygyny görkezýar. Çilim çekmegiň agyz, gyzylödek, aşgazan, pankreatit, böwrek, peşew halta we ýatgy ýaly organlarda hem rak howpuny artdyrýandygy bilinýär.

Çilim çekmek bedenimizdäki tas ähli ulgamlara ýaramaz täsir ýetirýär. Ganyň aýlanyşyny ýuwaşadyp, duýumsyzlykdan gangrena çenli agyr netijelere sebäp bolýan çilim, damar gatamasynyň hem esasy sebäpkärlerinden biri. Infarkt, ysmaz we ýürek keselleri hem çilim çekýänlerde has köp ýüze çykýar.

Çilim çekme endiginiň zyýan ýetirýan ulgamlarymyzdan biri hem köpelme ulgamymyz. Önelgesizlige çenli baryp ýetýän netijeleriň ýany bilen göwrelilik mahalynda çilim çekmek çaganyň düşmegine, wagtyndan ir ýa-da maýyp dogulma howplaryny artdyrýar. Çilim çekme bedeni ejizledip, hassalyklardan goranma güýjüni azaldýar.

Agzalan zyýanlar diňe bir çilim çekýänleri däl, çilim çekilýän ýerlerde tüssä sezewar bolan adamlara hem ýetýär. Çilimiň ýaýradýan we adamlaryň saçyndan egin-eşigine çenli siňýän erbet ys hem jemgyýetçilik durmuşda ýaramaz täsir döredýär. Çilim çekmekden çetde durmagyň ýa-da çekilýän bolsa taşlamagyň hassalyk howpuny azaltmak üçin möhüm başlangyçdygy nygtap, çilim çekemok, çünki özüme sarpa goýýaryn diýip, siziň bilen hoşlaşýarys.



Degişli Habarlar