Gidrawlik energiýa näme sebäpli möhüm?

Energetikanyň Gün Tertibi

2131137
Gidrawlik energiýa näme sebäpli möhüm?

Türkiye 2023-nji ýylda elektrik energiýasynyň 36,3 göterimini kömürden, 21,4 göterimini tebigy elektrik desgalaryň üsti bilen tebigy gazdan, 10,4 götermini ýelden, 5,7 göterimini gün energiýasyndan, 3,4 göterimini geotermiki energiýadan we 19,6 göterimini gidrawlik energiýanyň üsti bilen aldy.

Türkiýäniň umumy elektrik energiýasynyň üçden bir bölegini, ýagny 32 müň 400 megawatlyk elektrik togy gidroelektrik desgalary üpjün edýär.

Milli we arassa bir elektrik önümçiligi dolanşygy bolan gidroelektrik desgalar, energiýa önümçiliginde hiç hili zyňyndy maddalara ýa-da kömürturşy gaz zyňyndylaryna sebäp bolmaýar we ýurduň elektrik tok zerurlygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

2002-nji ýyldan bäri aralarynda Ýusufeli bendi we gidroelektrik desgasy, Ylysu bendi we gidroelektrik desgasy, Deriner bendi we gidroelektrik desgasy, Ermenek bendi we gidroelektrik desgasy we beýleki gidroelektrik desgalary ýaly dünýä derejesinde möhüm taslamalar bolan 650-ä golaý desgalar hyzmat bermäge başlady.

2000-nji ýyllaryň başynda 45 milliard kilowat sagat bolan ýyllyk gidroelektrik önümçilik kuwwaty takmynan 120 milliard kilowat sagada çenli ýokarlandy.

Şeýlelik bilen, Türkiyedäki her üç çyranyň biri gidroelektrik desgalarynda öndürilýän elektrik energiýasy bilen yşyklandyrylyp başlandy.

Gidroelektrik desgalarynyň ýaýbaňlanmagyndaky maksat, çeşmeleri iň netijeli ýagdaýda ulanylmagy we energiýada doly garaşsyz Türkiye hökmünde kesgitlendi.

Ýusufeli bendi we gidroelektrik desgasy 275 metrlik beýikligi bilen Türkiyäniň iň beýik, dünýäniň öz kategoriýasynda iň beýik 5-nji bendi adyna eýedir. Bu taslama ýyllyk ortaça 1,9 milliard kilowatt sagat elektrik tok önümçiligi göwrümi bilen Antalýa ululygyndaky bir şäheriň ilatyna gabat gelýän 2,5 million adamyň elektrik tok zerurlygyny üpjün edip bilýär.

Ylysu bendi we gidroelektrik desgasy gurnalan kuwwaty nukdaýnazaryndan Atatürk, Karakaýa we Keban bentlerinden soň Türkiyäniň iň uly 4-nji desgasydyr, doldurmak göwrümi nukdaýnazaryndan bolsa 2-nji iň uly suw bendi adyna eýedir.

Binýadyndan 135 metr beýiklige, 24 million kub metr doldurma göwrümine we 2 müň 327 metr uzynlygyna eýe bolan Ylysu bendi, "beton ýüzli gaýa doldurma bent" görnüşinde doldurmagyň göwrümi, taslamanyň uzynlygy we beton üst meýdany boýunça dünýäde birinji ýerde durýar.

 2020-nji ýylyň 19-njy maýynda ilkinji elektrik tok önümçiligini amala aşyran, 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda doly kuwwatlykly işlemäge başlan desga, şu günki güne çenli 8 milliard kilowatt sagat elektrik tok önümçiligi bilen ýurduň ykdysadyýetine takmynan 23 milliard lira goşant goşdy.

Deriner bendi we gidroelektrik desgasy bolsa 249 metr beýikligi bilen Ýusufeli taslamasyndan soň Türkiyäniň iň beýik 2-nji bendi bolmak bilen, 670 kilowatt sagat güýji bilen ýyllyk ortaça 2 milliard 118 million kilowatt sagat elektrik tok öndürip bilýär.

Gidroelektrik energiýasynda global gurnalan güýç reýtinginde Türkiye 32 gigawatt (GW) bilen dünýäde 9-njy we Ýewropada 2-nji orunda durýan bolsa, Hytaý 415 müň megawatt bilen 1-nji orunda, Braziliýa 110 müň megawatt bilen 2-nji orunda we ABŞ 102 müň megawatt bilen 3-nji orunda durýar. 

Türkiyäniň bent bilen bagly maýa goýumlary elektrik öndürmek meselesinde möhüm ähmiýete eýe, ýöne bu bent gurluşygynyň ähmiýetiniň ýeke-täk sebäbi däl.

Adam başyna düşýän suwuň mukdary göz öňünde tutulanda, Türkiye suw stresinden ejir çekýän ýurt kabul edilýär. Çaklamalara görä, häzirki wagtda Türkiyede adam başyna düşýän suwuň mukdary 1,519 m3 bolup, ilatyň 100 milliona ýetmegine garaşylýan 2030-njy ýylda 1100 m3-e çenli azalmagyna garaşylýar. Ol bolsa Türkiyäni suw taýdan garyp ýurtlaryň hataryna goşýar.

Şol sebäpli suwy tygşytly ulanmak üçin başgada ençeme möhüm taslamalary amala aşyrýar.

Mahmut Gürer. TRT Habar kanalynyň redaktory



Degişli Habarlar