Global Perspektiwa  14 Kürtler Yslamyň Nämesi Bolýar?

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

944849
Global Perspektiwa  14 Kürtler Yslamyň Nämesi Bolýar?

 

Kürtler Yslamyň Nämesi Bolýar?

Abraham Linkoln “Her bir adamy käte, käbirlerini elmydama, emma her bir adamy elmydama aldadyp bilmersiňiz” diýýär. Düşünjäni özgerdiş operasiýalary bilen belli bir ýere çenli barmak mümkin. Emma ýüze çykmak hakykatyň ykbalydyr.

Günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri terror guramasy PKK/PÝD-ni hamala diýersiňiz “azatlyk söweşijileri” hökmünde atlandyrýar. Olaryň pikiriçe şol gurama ähli kürtlere wekilçilik edýär. Şol gurama garşy göreşmek kürtlere garşy durmakmyş, goldaw bermek bolsa kürtleri goldamakmyş. Türkiýäniň Afrine guran operasiýasy hem kürtlere garşy edilen hereket ýaly görkezilýär. Käte “Al Jazira” ýaly teleýaýlymlar hemle şeýle çemeleşýär.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Kürtlere Etniki Saplaýyş Edýän Kürt Terror Guramalary

Eýsem PKK iň uly erbetligi kürtlere etdi we edýär. Türkiýäniň PKK terrory sebäpli ýitiren 40 müňden gowrak raýatynyň esasy bölegi kürtlerden emele gelýär. PKK Marksist/Leninist ideologiýany, terror usulyna kabul etmeýän kürtlere garşy etniki saplaýyşa girişdi. Şol sebäpli Türkiýäniň gündogaryndan we günorta-gündogaryndan millionlarça adam Türkiýäniň günbataryna, esasanda Stambula göçdi. Şol göçler bilen Stambul Türkiýede kürt ilatynyň iň köp ýaşaýan şäherine öwrüldi. PKK terroryndan gaçan adamlaryň Yrakdaky we Siriýadaky kürt etraplaryna däl-de türkleriň köplükde ýaşaýan şäherlerine göçmekleri diýseň manyly.

Şu günki günde şeýle saplaýyş işini PKK-nyň şahamçasy bolan PÝD Siriýada alyp barýar. ABŞ-nyň goldaw bermeginde Türkiýäniň serhedinde Ortaýer deňzine çenli terror koridoryny açmak isleýän PÝD geçmişde PKK-nyň edişi ýaly kürtleriň başda durmagynda özüni goldamaýan araplary, türkmenleri hem ýerlerinden kowýar. Şol sebäpli ýüzlerçe müň kürt Türkiýä geldi. DAİŞ-den gaçanlar bilen birlikde millionlarça siriýaly Türkiýede ýaşaýar.

Elberde kürtleriň arasynda şol terror guramasyny goldaýanlar hem ýok däl. emma şol goldawdan PKK-ny kürtleriň wekili hökmünde görmek Gitleri ähli nemesleriň, Mussolinini hem ähli italýanlaryň wekili hökmünde görmek ýalydyr.

“Näme Sebäpden Kürtleriň Milli Döwleti Bolmaly Däl?”

Günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzgiderli häsýetde soralýan bu sorag, kürt ýaşlarynda belli bir derejede reaksiýa döredýär. Emma bu soragy soranlar şu soraglary soramaýarlar: Näme üçin 50 ştatdan/döwletden emele gelýän Amerikadaky tapawutly milletleriň özbaşdak döwleti ýok? Ýakyn Gündogardaky ähli aýralykçy hereketleri goldaýan günbatar ýurtlary näme üçin Kataloniýanyň garaşsyzlyk hereketini goldamaýar? Tersine Germaniýa haýsydyr bir terror aksiýasyna goşulmandygyna garamazdan Katalan garaşsyzlyk hereketiniň lideri Jarles Pigdemonty tussag edýär?

Mesele bir halkyň döwlet gurmagy däl, böl-bölekle-dolandyr syýasaty. Edmund Burk Fransuz ynkylabyny tankyt edýärkä ýerlikli ýagdaýda ünsi çekişi ýaly owadan adalgalaryň nämä hyzmat edýändigi möhüm.

Mesele her bir halkyň, hat-da her bir hanlygyň/emirligiň/şäheriň bir döwlet bolmagy meselesi bolsa, ol sebitimizde artykmajy bilen synagdan geçdi. Haçparaz ýörişleriniň dowamynda Ýakyn Gündogarda köp sanly hanlyk, emirlik, şäher döwletleri bardy. Anadoly hem türk hanlyklarynyň arasynda bölüşilipdi. Türkler, kürtler, araplar öz içinde birnäçe bölege bölünipdi. Netijede näme boldy? Şol bölünşikde tas basylyp alynmadyk musulman ýurdy galmady. Näme sebäpden bolsa bolsun, bölünmek başlan halatynda onuň nirde durjagy bölýänleriň ygtyýaryna bagly. Ýüz ýyl ozal esasy bölegi goldamadyk hem bolsa günbataryň täsiri bilen araplaryň bir bölegi şeýle ýoly saýlap alypdy. Häzirki wagtda 23 sany arap döwleti bar. Yragyň, Siriýanyň we käbir aýlag monarhiýasynyň has kiçi böleklere bölünmegi baradaky meýilnamalar gün tertibinde. Şeýlelikde Ýakyn Gündogar halklary taryhynyň iň ejiz, iň gözgyny, iň bir täsir astynda galyjy döwürlerinden birini başdan geçirýär.

Başdan geçirilenler aç-açan ortadan duran hem bolsa, kürtler bilen birlikde Ýakyn Gündogaryň halklary bölünmegi däl, bitewileşmegi, birleşmegi, bölüşmegi ara alyp maslahatlaşmaly.

Dünýewi kürtler gowy kürtlermi?

Günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde terror guramasy PKK-nyň dünýewi terror guramasy bolmagy hususan gyzyklanma döredýär we goldaw tapýar. Yslam terror bilen baglanşdyrylýan bolsa, dünýewileşdirilen kürtler azatlyk hökmünde görülýär. Sekulýarlyk hamala diýersiňiz çäre hökmünde hödürlenýär. Ol hem ssenariden, düşünje özgerdiş operasiýasyndan başga zat däl. Çünki adamzadyň başdan geçiren, görilip eşidilmedik pajygalara, zulumlara sebäp bolan 1-nji we 2-nji Jahan uruşlaryň ikisi hem esasan dünýewi döwletleriň ýa-da dünýewi ideologiýalaryň arasynda bolan uruşdyr. Aslyna seredilende dünýewi ýa-da däl, imperializmiň ideologiýasy bolmaz. Ekspluatasiýa ekspluatasiýadyr. Şol sebäpli günbatar ýurtlarynyň PKK berýän goldawy, şol terror guramasy dünýewi bolandygy üçin däl, özleri üçin peýdalanmaga has amatlydygy üçindir. Şeýle-de jemgyýetçilik, medeni, dini gymmatlyklardan üzňeleşen, degişli bolan jemgyýetinden çetleşen dünýewi ýa-da däl ähli gurama ýa-da döwlet esasan imperialist döwletlere ýapja bolmaga mejburdyr.

Bu ýoýmalar näme üçin edilýär?

“Taryh netije çykarylman halatynda gaýtalaklykdyr” diýilýär. Şu gün ertiriň, düýn hem şu günüň aýnasydyr.

Taryha ser salanymyzda Ýakyn Gündogaryň üç sany esaslandyryjysy bolan kürtler, araplar we türkler näderejede birleşen bolsalar şol derejede-de güýçlenip, eşretli durmuşda ýaşapdyrlar. Näderejede bölünen bolsalar şonçada zulum, göz ýaşy, pajyga duçar bolupdyrlar. Global betpälleriň oýunjagyna öwrülipdirler. Arap, kürt we türk jebisligi taryhda sebitimize guralan haçparaz hüjümleriniň öňüni alyp bildi. Şol jebislik bilen Iýerusalim kürt serkerdesi Salahaddin Aýýubi tarapyndan halas edildi, sebitleýin durnuklylyk üpjün edildi. Häzirki wagtda günbatardaky käbir merkezler elmydala edenlerini ýene-de bir gezek synap görýärler. Asyrlaryň dowamynda bilelikde ýaşan we yslama öňbaşçylyk eden, Ýakyn Gündogaryň üç esaslandyryjysyndan birini öz tarapyna çekmäge synanşýar. Şol maksada laýyklykda kürtler imperialist hüjümleriň ýerli kontlygyna öwrülmäge çalşylýar. Haçparaz saparlarynyň dowamynda bolsa şol pozisiýany hristiýanlaryň we ermenileriň bir bölegi eýeläpdi. İndi bolsa Ysraýyl sebiti durnuksyzlaşdyrmak üçin şeýle pozisiýa eýeleýär. Emma ilkinji gezek musulman halklaryndan biri döwrebap imperialist hüjümleriň, käbir ýurtlardaky neo-haçparaz akymlaryň ýerli kärendeçisine öwrülmek islenilýär. Şol maksada laýyklykda kürtleriň Marksist/Leninist guramany goldamagy islenýär. Ine şonuň üçin hem DAIŞ-e garşy söweşendikleri buýsanç bilen yglan edilýär. Emma esasy maksat musulman mähellesinde balykgulak satjak gatlak döretmek.

Şunça ýalňyş maglumatlara, düşünje operasiýalaryna, ýoýmalara garamazdan kürtleriň esasy bölegi oýunyň parhyna bardy. Türk, kürt, arap halklarynyň müň ýyllyk gözýetimi ýene-de üstün çykar. Sebitimiziň ogullary imperialist, neo-haçparaz hüjümler üçin kärendeçi bolmaz.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar