Global Perspektiwa -29 18-nji Iýul: Ýer ýüzüni basyp alyjy hereket hökmünde FETÖ

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

1014973
Global Perspektiwa -29 18-nji Iýul: Ýer ýüzüni basyp alyjy hereket hökmünde FETÖ

Mundan ozalky makalamyzda 15-nji iýulda başdan geçirilen wakalaryň, FETÖ-niň nämedigine, guramanyň agzalarynyň maşgalalaryndan, jemgyýetden we umumy kabul edilen yslamy gymmatlyklardan daşlaşdyrylyp nähili ýetişdirilýändiginiň üstünde durup geçipdik. Kyn we uzak möhletli tälim etabyndan soň, guramanyň agzalarynyň maksadyna ýetmek üçin ähli zady edip biljek derejä ýetirilýändigini belläp geçipdik.

Indi bolsa Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň şu günki temamyz boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

FETÖ-niň guramaçylyk usuly.

Gizlin we mukaddes ynanç bilen ýaňadandan formatlananyndan soň, FETÖ öz agzalaryny guramanyň ol ýerlerde ýaýramagy üçin başga ýurtlara iberýär. Ol ýurtlardaky guramaçylyk, guramanyň Türkiýedäki ilkinji ýyllarynda ýerine ýetiren guramaçylygyna meňzeşdir. Ilki bilen mekdepler açyp, jemgyýetçilik guramalaryny guryp, jemgyýetçilik we meýletin guramalar ýaly görünip, guramaçylyklaryna başlaýarlar.  Bu etapda esasy iki zady maksat edinýärler. Iş alyp barýan ýurtlarynda özlerine täze agzalar tapmak, ýetişdiren adamlaryny ol ýurdyň iň strategik guramalaryna ýerleşdirmek. Şeýlelik bilen ol ýurtlaryň dolanşyklaryny gizlin bir ýagdaýda ele salmak. Biraz üns berilse FETÖ-niň mekdeplerinden uçurym bolanlaryň ähli ýurtlarda razwedka gulluklaryna, harby we Içeri işler edaralaryna, Premýer ministrlik, Prezident diwany, Merkezi banky ýaly strategik guramadyr-edaralara ýuwaş-ýuwaşdan ýerleşendiklerini görüp bolýar. FETÖ-niň guramaçylygyny bilmeýänler bolsa liberal, sosialist, hristiýan, dünýewi ýaly biri-birinden tapawutly usullar bilen ýerleşendiklerine göz ýetirip bilmeýärler. Aglaba gezek göz ýetiren mahallary bolsa örän giýç bolýar.

FETÖ diňe Türkiýe üçin howplumy?

Liderini älem jahanyň ymamy hökmünde häsýetlendirmekleri we dünýäniň ähli ýurtlaryna ýaýratmaga synanyşmaklary sebäpli FETÖ-niň diňe Türkiýäni nyşana alan bir gurama bolmandygy aýdyň bir zatdyr. Guramanyň dünýäniň 170-den gowrak ýurdynda iş alyp barandygy aýdylýar. Näçe ýurtda guramaçylykly bolandygyny  bolsa aýtmak mümkin däldir. Sebäbi öz atlary bilen dälde, tapawutly atlar bilen guramaçylyk edýändigi bilinýär. Bu ýurtlaryň aglabasy musulman ýurtlar däldir. Türkiýe bu guramanyň gizlin maksadyny bilýändigi we gerek bolan çäreler görendigi sebäpli gurama indi özüni hakyky ýüzüni bilmeýän ýurtlar üçin has uly bir howpdyr. Käbir ýurtlarda ýasama bir ýagdaýda gurama entegem jemgyýetçilik we meýletin guramalar ýaly köpelmäge, ýoýlan ynançlaryna täze agzalar edinmek üçin mekdepler açmaga dowam edýär. Örän gussaly, ganly we uly ýitgiler bilen özüne tejribe edinen Türkiýäniň başyndan geçirenleri has uly ýitgiler çekmezlikleri üçin almak isleýänlere aýdyň bir sapakdyr.

FETÖ howpy dowam edýärmi?

Birnäçe ýyl ozal şu günleri arzuw edip hem bolmazdy. FETÖ tarapyndan emele getirilen gorky imperatorlygy sebäpli adamlaryň başyndan geçirenlerini gürrüň bermekleri, FETÖ tarapyndan sezewar galynan dildüwüşikleri, aýan etmek mümkin däldi. Ilki bilen bu günlere şükür edilmelidir.

FETÖ iň uly güýjüni adamlaryň adam bolmagyndan gözbaş alýan gowy niýetlerden alýardy. Adamlar özlerine öwrülen ýüzlere seredip, gurama uly goldaw berýärdi. Indi guramanyň özüni gizlemegi, tapawutly görünmek taktikalary, hilegär meýilnamalary, ölümi, öldürmegi, her dürli düldüwüşigi kanuny hökmünde garaýan bozuk ynançlary hemmeler tarapyndan bilinýär. Türkiýe we dünýä üçin iň uly bähbit gurama bilen bagly, örän uly uly ýitgiler çekilip elde edilen sapakdyr.  

Türkiýäniň we türk halkynyň orta goýan ummansyz gaýrady we gurama bilen bagly akyl ýetirişi bilen dünýäniň ençeme ýurdunda guramanyň guramaçylyk strukturasy çökerdildi. Jemgyýetiň göz ýetirmegi we guramanyň agramly böleginiň çökerdilmegi sebäpli guramanyň agramly bölegi indi agdarlyşyk edip, bir ulgam gurup bilmek mümkinçiligine eýe däl. Şonuň bilen baglylykda ulgam döretmek mümkinçiligi bolmasada, guramanyň entegem ýumurmak, ýok etmek mümkinçiligi bar. Puldy Pensilwaniýadaky liderinde bolan ganhor robotlar, janly bomba hökmünde FETÖ-niň iş alyp barýan dünýäniň aglaba böleginde barlygyny dowam etdirýärler. Türkiýe bilen Russiýany biri-birine duşman etmek üçin bir FETÖ terrorçysynyň rus ilçi Karlowy öldürmegi ýaly, terrorçylykly aksiýalar edip bilmek mümkinçilikleri entegem bar. Bu howp diňe Türkiýä däl, eýsem iş alyp barýan ähli ýurtlar üçin abanmagyny dowam etdirýär. Ençeme ýurtda syýasy ulgamlaryň iň möhüm merkezlerinde ýatan we buýruga garaşýan öýjükler hökmünde barlyklaryny dowam etdirýärler.

Ýene-de bir bellemeli zat bolsa, hawa, adam sypatly, bäbek ýüzli ganhor robotlaryň programmasy we olary dolandyrýany anyklandy. Emma işlerini gizlin ýagdaýda alyp barýandyklary we şahsyýetlerini gizleýändikleri üçin kimlerden ybaratdygy anyklanmandygy sebäpli ganhor robotlar aramyzda barlygyny dowam etdirýärler. Mundan başgada bütin dünýäde bu zäherli programmanyň täsir ýetiren ýüz müňlerçe adam bar.

Ygtyýary, ulanyp bilmek wezipesi ABŞ-däki terrorçybaşa berilen bu adam sypatly robotlaryň, ýaňadandan azat, garaşsyz, öz başyna pikir edip bilýän adamlara öwrülmek üçin bütin dünýäden psihologlaryň, sosiologlaryň, lukmanlaryň, din adamlaryň täze we döwrebap pikirlerine we işlerine mätäçlik bar. Ganhor robotlary ýaňadandan adamlara öwürip boljak bir çözgüt tapylmadygy saýyn hiç bir adamyň, ýurdyň, jemgyýetiň gelejegi howpsyzlyk astynda däldir. Beýleki tarapdan ganhor robotlar, statiki bolman, özlerini täzeläp bilmek mümkinçiligine eýe. Ýerli, milli, global ençeme aktor bilen sazlaşyk içinde işläp bilmek ukyba eýe. Şu günki gün käbir global aktýorlar bilen, razwedka edaralary bilen örän sazlaşyk içinde işläp bilýärler. Şol sebäpli bu aktýorlar ganhor robotlaryň elmydama özlerine boýun egjekdigini pikir edýärler. Bu guramanyň taryhyna ser salynanda hiç bir ýurt bilen hiç wagt dowamly gatnaşyk ýola goýmandygy, olar üçin esasy zadyň özleriniň programmalarydygy aýdyňdyr. Şol sebäpli şu günki gün diňe ulanmak gatnaşygynda bolsalar hem, uzak möhletde FETÖ özlerini ulanandygyny pikir eden global aktýorlar we razwedka gulluklary üçin hem howpdyr. Içinden çykan maşgalalaryna, jemgyýete, ýurtlaryna wepaly bolmaýan robotlaryň global razwedka gulluklaryna ýa-da şu wagt ýaşaýan ýurtlaryna wepaly boljakdyklaryny pikir etmek diňe körlükdir. Türkiýäni we dünýäni garaşýan bular ýaly bir basyp alyjylygyň gahrymanlarça öňünde duran, özüniň we maşgalasynyň janyny howp astyna alyp, muny dünýä tanadandygy we hakyky ýüzüni görkezendigi üçin Türkiýe we dünýä Prezident Rejep Taýýip Erogana örän köp zat borçly.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar